Dost-Doganlygyň Taryhy 20

Dost-Doganlygyň Taryhy 20

1207685
Dost-Doganlygyň Taryhy 20

Dost-Doganlygyň Taryhy 16.05.2019

 

19-njy maý

Türkiň binýat daşydyr

Onyň yzyndan gelen

Azatlyk urşydyr.

         1919-njy ýylyň 19-njy maýy, Türkiýe Respublikasynyň taryhynda öwrülişikleriň amala aşyrylan günleriniň biridir. Şol gün Atatürküň aýagyny Sasmuna atan güni bolan 19-njy maý bolup, edil şol bir wagtyň özünde hem bu sene „Atatürki ýatlama, ýaşlyk we sport baýramçylygy“ hökmünde gutlanmaga başlanan we häzirki günde hem gutlanmakda bolan gündir. Atatürk „Milli göreş“ dowam edýän wagtynda türk halkyny gelejege sary alyp gitjekleriň we köne pikirlere garşy çykyp, täze pikirleri öňe sürjek kişileriň ýaşlar we olaryň pikirleridigini öňünden görüpdir. Şonuň üçin hem „ýaşlar“ pikiri Atatürk üçin aýratyn wajyp meseleriň biri bolupdyr. Atatürk ýygy-ýygydan ýaşlar hakynda gürrüň etmek bilen, ýaşlaryň pikirlerini, ýagny täze pikirler, täzelige giden ýollar diýip belläp geçipdir. Onuň aşakdaky sözleri gaty jaýdar aýdylan sözlerdir: „Ýaşlaryň pikirleri diýmek, dogryny görmegi başarýan we oňa düşünýän hakyky pikir diýmekdir.“

Ynha türk ýaşlaryna,

Ygtybarly binýatdyr.

Türkiň şöhratly güni,

Sowgat edildi halka. 

 

         Atatürkiň ýaşlara sowgat eden we „Atatürki ýatlama, ýaşlyk we sport baýramçylygy“ hökmünde gutlanýan 19-njy maýyň taryhy nukdaýnazardan näderejede wajypdygyny has gowy düşünmegimiz üçin Atatürkiň 1919-njy ýylyň 16-19-njy maýynda amala aşyran Yssambyl-Samsun ýörişini ýene-de bir gezek ýatlap geçmegimiz gerek.

 

         Oýanyň Samsunlylar,

         Uklamak ölüm diýmek.

         Direlsin ruhlaryňyz,

         Gözýetimde gämi bar.

 

         Türkiýe Respublikasynyň taryhynda wajyp orny eýeleýän wakalaryň biri hem Atatürkiň Samsuna ädimini ätmegidir. Türk halky Birinji jahan urşundan soň erbetleşen ýagdaýa garamazdan azat bolmak üçin çäre gözlän wagty uly baştutan Mustafa Kemal Atatürk orta çykýar we Samsuna ädimini ätmek bilen „Azat edişiň“ ýoluny arçaýar.

        

Men „Bandyrma gämisi“

         Ösme şemal, ösme halym harap.

         Ýagma ýayş, ösme şemal

Ýoluma bakýar ähli Anadoly.

 

Ýoluna bakylyp garaşylan ýörişiň netijesinde Ataürk 1919-njy ýylyň 16-19-njy maýynda Yssambylda başlan ýöriýşi azat ediş hereketine öwürýär. Şeýlelikde şol ýöriş azat edişiň başlangyjy, nyşany hökmünde kabul edilýär. Samsuna aýagyny basmagynyň ähmiýeti Atatürkiň Beýik nutugyny 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda sözlemegini, şol çykyşynda aýtmak islän zatlaryny gysga görnüşden düşündirmäge çalyşalyň.

 

         Watanmy gurşap alanda duşman,

         Gözden akan ýaş, boldy ganly ýaş.

        

Samsun topragynda uly bir lider,

Täzeden jan berdi dargan goşuna.

 

Uly umytlar bilen, ähli türk milleti,

Eýerdi yzyna, Mustafa Kemalyň.

 

         Samsun basybalyjylaryň goşunlary üçin wajyp ýerleriň biridi. Strategiki taýdan uly ähmiýete eýedi we Garadeňizden Merkezi Anadola açylan iň amatly we ygtybarly gapydy. Iňlisler, 1919-njy ýylyň 9-njy martynda Samsuna öz goşunlaryny getirýär. Bu ýagdaýa garşy çykan pulemýotçylar toparyndan Hamdi adyndaky leýtenant esgerlerini alyp daga çekilýär we olaryň ünsüni öz  üstlerine gökükdirýär we iňlis ýokary komadowaniýesi hem türk halkynyň ýaraglanandygy hakyndaky arza-şikaýatlara esaslanmak bilen bu ýere ynamdar serkerdelerden bu işi amala aşyrmak üçin adatdan daşary ygtyýarly serkerdäniň iberilmegi hakynda buýruk berýär. Bu serkerde Mustafa Kemal Atatürkdi we Atatürk köp wagtdan bäri döwletiň içindäki ýagdaýdan biynjalykdy we bir zatlar edip bilmek üçin Anadola gitmek isleýärdi. Bu ýagdaý onuň üçin gaýdyp tapyp bilmejek pursatydy. Yssambyl-Samsun ýörişinden öň Atatürk bilen patyşa Wahdettiniň arasynda bolup geçen gürrüňi şeýle ýatlaýar:

 

         Mustafa Kemal bu güne çenli döwlete kän hyzmat etdiň! Bu eden hyzmatlaryň hemmesi şu günden şeýläk taryhyň kitabyna girdi! Buny ýadyňdan çykarma – diýdi, asyl mundan beýläk bitirjek hyzmatlaryň has wajypdyr. Döwleti azat edip bilersiň!...

 

         Atatürk şol gürrüňdeşlikden soň, meýillerini biriniň öwrenen bolmagynyň mümkindigini çak etse hem pikirnden dänmedi. Sebäbi, oňa garaşýan we oňa bil baglaýan türk milleti bardy.   

 

         Atatürk bilen bilelikde, anna güni, 1919-njy öylyň 16-njy maýynda ýola çykjak gäminiň kapitanyndan başga hem 18 adam bardy. Atatürk ýanyndaky adamlar bilen bilelikde anna güni, 1919-njy ýylyň 16-njy maýynda, öýländen soň „Bandyrma“ atly köne gämi bilen Galata gämi duralgasyndan ýola çykýar. Şenbe güni, 1919-njy ýylyň 17-nji maýynda Bandyrma gämisi, sagat 21.40 töwereklerinde Inebola barýar. Duşenbe güni, 1919-njy ýylyň 18-nji maýynda köp garaşylan syýahatlarynyň soňky duralgasyna gelýärler.

 

         Atatürk, Samsuna gelen wagty gören zatlary göwün göteriji däldi. Şäherde iňlis goşunlary bardy. Halk bolsa öz-özüni gorap biljek ýagdaýda däldi. Emma olar gijelerini ukusyz geçirip bu çykgynsyz ýagdaýda çykalga tapdylar we olara hiç zat päsgelçilik edip biljek däldi.

 

         Samsunyň gözýetiminde,

         Taze bir gün dogýar.

         Garaňkylyga gömülen,

         Watanmyza nur saçýar.

 

         Gysgajyk hem bolsa dykgatyňyza ýetirmek islän ýolagçylygymyz türk milleti üçin täze bir öwürlişik döwri boldy we azat edişe barýan ýolyň başlaýan ýerine öwrüldi. Atatürk, „Milli göreşi“ başlatmak üçin Samsundan Anadolynyň topraklaryna ädimini äden güni bolan 1919-njy ýylyň 19-njy maýynyň ähmiýeti mynasybetli, 19-njy maýy türk ýaşlary üçin sowgat etdi. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, Atatürkiň pikirine görä, ýaşlar diýen düşünje täze pikirleri, onyň geljek hakyndaky pikirlerini amala aşyrjak ýaşlary, Atatürkiň türk ýaşlaryna bolan egsilmez ynamyny aňladýar.  

 



Degişli Habarlar