ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1205498
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk

 

 

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk

Beýik yslam pikirzadasy Ibni Haldun, döwletleri ynsanlara meňzedýär. Olar hem ynsanlar ýaly dogulýar, kemala gelýär we ölýär. Osmanly pikirzadasy Katip Çelebi hem şuňa meňzeş garaýşy goldaýar.

Hakykatdan hem geçmişdäki birnäçe uly medeniýetleriň, döwletleriň wagtyň geçmegi bilen taryh  sahnasyndan çekilendiklerini görýäris. Ýygy ýygy-dan beýan edilşi ýaly durmuşda üýtgemeýän ýeke-täk zat bar ol hem durmuşyň özüdir.

 

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Bizin günlerimizde hem şuňa meňzeş etaplary başdan geçirýäris. ABŞ-nyň ykdysady, tehnalogiýa, syýasy, adalat we adam hukuklary taýdan halkara bäsleşikde esasy rol onap biljek güýji galmadyk ýaly görünýär. ABŞ-nyň ýokarda ady agzalýan ugurlarda ýaňadandan halkara bäsleşikde esasy rol oýnamagyna hem garaşylmaýar. Şol sebäpli hem halkara derejesinde liderligini dowam etdirmek üçin ykdysady we harby taýdan basyş syýasatyny artdyrmak bilen dowam etdirýär. Emma şuňa meňzeş syýasatlaryň agyr netijeleriniň bolandygyny taryhda görmek bolýar

ABŞ-nyň dartgynlyga meçew beriji, ykdysady ýada harby taýdan basyş ediji syýasatlaryny Hytaý, Günbatarly ýurtlary, Latyn Amerika ýurtlary we Türkiýe ýaly Eýrana garşy soňky günlerde artdyrmak bilen dowam etdirýändigini görýäris. ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan bir taraply ýagdaýda çekilmegi, Eýrana goýlan sanksiýalar, Ormuz bogazynyň ýaňadandan gün tertinibde esasy orun eýelemegi, iki taraply ýagdaýda berilýän beýanatlar möwjän dartgynlygyň anyk görkezijileridir.

ABŞ Eýrana ýadro ýaragyny öndürmezligi üçin yzygiderli ýagdaýda duýduryş berýär we hemle atýar.

Hawa ulanylan halatynda diňe adamzadyň däl, ABŞ-nyň Ýaponiýada edişi ýaly ähli janly jandarlar üçin howply bolan ýaraglara eýe bolunmagy elbetde dogry däl. Munyň bilen birlikde Ysraýyl, Hindistan, ABŞ ýaly beýleki ýurtlaryň ýadro ýaragyna eýe bolmagy nähili biynjalyk edýän bolsa, Eýranyň hem eýe bolmagy şonuň ýaly biynjalyk edýär. Sebitde esasan Ysraýylyň ýadro ýaragyna eýe bolandygyny we ulanýan himiki ýaraglaryny görmän diňe Eýrana basyş etmek elbetde dogry däl.

Eýran imperalizmi

ABŞ-nyň hemlelerine garşy Eýranyň sebitde ýalňyz galandygyny görýäris. Munyň esasy sebäpli Eýranyň messebe esaslanýan imperialist syýasat alyp barmagydyr. Yrak, Ýemen, Siriýa we Liwan  ýaly 4 ýurt biziň gözegçilimizde diýýärkä, Eýran ýalňyz galdy.

Eýran we imperýalist ýurtlar şuňa meňzeş ulgam bilen hereket edýärler. Özlerine ýakyn töwereklere meçew berip degişli ýurtlaryň syýasatlaryna goşulyşýarlar.

Eýranyň messepçi tutumy we alyp barýan imperialist syýasatlary, sebitde Ysraýyldan has köp biynjalyklyk döredýär. Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň Ysraýyla gönükmeginiň esasy sebäpi Eýranyň alyp barýan imperialist syýasatyna esaslanýar. Eýran sebitde Ysraýyla nä derejede zeper ýetirýär?, Zeper ýetirýärmi? Elbetde bu mesele jedelleşilip bilner. Emma Eýranyň alyp barýan şol syýasatlary musulman ýurtlaryndaky durnuksyzlygyň esasy sebäplerinden biridir.

ABŞ-nyň tutumy

Eýran birnäçe tarapdan tankyt edilip bilner. Emma Eýran hakyndaky tankydy bellikler ABŞ-nyň Eýrana garşy alyp barýan syýasatynda we guralmagy ähtimial operasiýada ony mamla görkezip bilmez. Sebäbi ABŞ mesela adalatly çemeleşmeýär. ABŞ-nyň Eýran syýasaty öz bähbitlerine esaslanýar.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň we Günbatarly ýurtlar tarapyndan basylyp alynan ýurtlaryň hiç birinde durnuklylyk üpjün edilip bilinmedi. Sebitdäki şol basyp alyşlyklar sebäpli millionlarça adam ýogaldy, ýerini ýurduny terk edip başga ýerlere göçmeli boldy, şol agyr şertler  terror guramalarynyň has arkaýyn hereket etmekleri üçin amatly şert döretdi.

Guralmagy ähtimal harby operasiýanyň netijeleri

ABŞ dartgynlygy möwjetmek bilen elini güýçlendirmek, Eýrana şertlerini kabul etdirmek isleýän bolup biler. Ozal birnäçe gezek bolşy ýaly çaknyşyga hem öwrülip biler. Biz bu dartgynlygyň asla çaknyşygyna öwrülmegini islemeýäris. Emma saýlawda ýeňilmegiň söweşde ýeňilmekden has agyr görülýän dünýämizde, çaknyşyk ähtimallygy barada pikirlenmelidiris

Beýleki ýurtlardan soň Eýranyň hem durnuksyzlaşdyrylmagy, Siriýa öwrülmegi Ýakyn  Gündogary has-da çykgynsyzlaşdyrar.  Ýakyn Gündogarda galan soňky durnuklylyk dolulygyna ortadan aýrylar.

Ýakyn Gündogar 1-nji jahan urşundan soň bolşy ýaly imperiaist ýurtlaryň isleýşi ýaly hereket edýän sebiti ýagdaýyna geldi. Bu ýagdaý Türkiýä ýaramaz täsirini ýetirer. ABŞ-nyň Eýrana harby operasiýa guramagynyň, Siriýa meselesinde bolşy ýaly Ýakyn Gündogarda ýeke-täk gazanany bolar: ABŞ-nyň özü däl, Ysraýyl.  Eýran howpuna garşy ABŞ bilen birlikde hereket edýän hatda ABŞ-ny öjükdirýän aýlag ýurtlary, Eýran howpy ortadan aýrylandan soň özbaşlaryna erkin ýagdaýda galyp bilermi eýsem?. Eger entägäm ýurt hökmünde galan bolsalar onda Ysraýylyň we ABŞ-nyň täsiri astynda bolarlar

Türkiýe näme etmeli?.

Türkiýe sebitara meseleleriň global aktýorlaryň operasiýa karary bilen çözülip bilinmejekdigini, şuňa meňzeş harby operasiýalaryň sebiti dartgynlaşdyrjakdygyna, ýigrenji we gahar gazaby artdyrjakdygyna, sebiti terroryň merkezine öwürjekdigine  göz ýetirýär. Şol sebäpli hem Türkiýe meseläniň adalatly ýagdaýda çözülmegi üçin tutanýerli tutum alyp barýar. Siriýa, Müsür, Yrak we Eýran ýaly ýurtlar meselesindäki syýasaty şol adalatly tutumyny açyk aýdyň görkezýär.

Türkiýe Ýakyn Gündogar täze çaknyşygyň öňüni almak üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla edip biler. ÝB-ne agza ýurtlar, Hytaý, Russiýa we Pars aýlag ýurtlary hatda ABŞ we Eýran bilen gepleşikler geçirip meseläniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine goşant goşup biler.

Türkiýe ozal Braziliýa bilen birlikde Eýran bilen gazanylan ylalaşyk üçin amatly şert döretdi. Russiýa bilen geçiren gepleşiklerinde millionlarça siriýalynyň migrant ýagdaýyna gelmeginiň öňüni aldy. Türkiýe Aşakky Hindi materiginden Balkanlara, Afrikadan Owganystana çenli dünýäniň çar tarapynda halkara parahatçylyga uly goldaw berýär. Global meselelerde tutanýerli tutum alyp barýan şol bir wagtda hem Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde Türkiýe, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň söweşe öwrülmezligi üçin uly tagalla etmeli.

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Prof. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýärdik.



Degişli Habarlar