OSMANLY IMPERIÝASYNYŇ DIWAN EDEBIÝATYNYŇ MEŞHUR ŞAHYRY – NEDIM
Dost-Doganlygyň Taryhy 19
Dost-Doganlygyň Taryhy 09.05.2019
OSMANLY IMPERIÝASYNYŇ DIWAN EDEBIÝATYNYŇ MEŞHUR ŞAHYRY – NEDIM
Sabrymyň mülkini yykdyň, Hulagu hanmy sen kapyr,
Aman dünýäni ýakdyň, çawlaýan ataşmy sen kapyr.
Gözel gyzyň näzimi sen, owazly sesiň owazymy sen,
Apatmy sen, men bilmen, gyzmy, oglanmy sen kapyr.
– diýen setirler bilen başlaýan we Nedimiň diwanyna girizilen „Sabrymyň mülkini ýykdyň“ atly goşgusyndan alan bir bendimiz bilen başlaýan gepleşigimizde, Osmanly imperiýasynyň höküm süren döwründe, diwan edebiýatynda meşhurlyk gazanan şahyr hakynda kelam agyz söz sözlemegi makul bildik.
1681-nji ýylda Yssambylda dogulyp, 1730-njy ýylda hem Yssambylda aradan çykýar. Nedim, Osmanly imperiýasynda, diwan edebiýatyna degişli şygyrlary ýazan iň meşhur şahyryň tahallusydyr. Ol özüniň şohratyny, Osmanly döwletiniň 1718-1730-njy ýyllaryň arasynda dowam eden, Läle döwründe gazanýar. Şonuň üçin hem onuň ömri we döredijiligi şol döwriň ruhy ahwalatyny açyp görkezýär.
Nedimiň hakyky ady Ahmetdir. Yssambyllydyr. Öýleriniň Beşikdaşdadygy hakynda öz şygyrlarynda hem agzap geçýär. Onuň, öýleri hakynda şygyrlarynda beren maglumatlaryny resminamalar hem tassyklaýar. Ejesi, Yssambyl basylyp alynandan soň döwletiň hyzmatynda duran Karaçelebizadeleriň tiresinden, Saliha hatun bolan bolsa, kakasy Kady Mehmet tagsyr, soltan Ibrahim döwründe, harby kazy bolup işlän, Merzifonly Mustafa Muslihittin tagsyryň oglydyr.
Ahmet Nedim öz ýaşan döwri üçin oňat bilim alypdyr. Zamanasynyň nusgowy ylymlaryny öwrenipdir. Arap we pars dillerini goşgy ýazyp biljek derejede bilipdir. Okuwyny gutarandan soňra bolsa Şeýhülislam Ebezade Abdullah tagsyryň hem agzalyk eden topary tarapyndan geçirilen synagdan üstünlikli geçip, metjit-medreselerde sapak bermek üçin müderris, häzirki zamanyň ülňilerine görä professorlyk derejesini alypdyr.
Ali ýanaral Waradinde şehit bolandan soňra ýerine Halil ýanaral geçýär. Şol döwürde hem Ibrahim ýanaralyň işi rowaç alýar. Ibrahim ýanaral, 1716 ýylda ahyr dolandyryjysy, yz ýanyndan hem Baş ministr başga ýerlere giden wagty, Baş ministriň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji hökmünde bellenýär. Ibrahim ýanaralyň ikinji gezek wezipä bellenmeginiň şanyna, Nedim, taryhy häsiýetli maglumatlardan ybarat şahyrana eser ýazýar. Ibrahim ýanaral, Ali ýanaral şehit bolandan soň, onuň nikaly aýaly, Fatma Sultan bilen durmuş gurýar we patyşanyň körekeni bolýar. 1781-nji ýylda hem Baş ministr wezipesine bellenýär. Şol sene hem 1718-nji ýyldan 1730-njy ýyla çenli dowam etjek Läle döwri diýlip atlandyrylan döwriň başlan wagtydyr. Şondan bu ýana, köreken Ibrahim ýanaral tarapyndan amala aşyrylan ähli işler Nedimiň üns merkezinde bolýar. Şol wagtdan başlap, şahyr, dörtleme we kasydalary ýazmak bilen ilkinji mümkinçilik bolan halatynda özüniň hemaýatkärini wasp etmek bilen oňa bolan wepadarlygyny görkezmäge çalşypdyr. Ibrahim ýanaraly makullaýan, öwen ýeke-täk şahyr Nedim bolmandyr. Emma Nedim, şol şahyrlaryň arasynda iň başarnyklysy hökmünde öňe saýlanypdyr. Bir tarapdan Ibrahim ýanaralyň eden işlerini şygyrlarynda öwen bolsa, beýleki tarapdan-da Läle döwrüniň gülläp ösmegi üçin amala aşyrylan terjimeçiler toparynda ýer almak bilen hemaýatkäriniň her işinde goldaw berýär. Şol hem Nedimiň ösmeginde uly rol oýnaýar.
Nedimiň döredijilik ýoluna ser salan halatymyzda, XVIII asyryň başlarynda gazal ýazmakda hikemi utgasyny ulanyp şygyr ýazan beýik ussat Nabiniň, kasydada Nefiniň täsiri astynda galyp, şol döwürlerde rowaç alan şygyrlar bilen tanyşyp, şygyrýet älemine ilkinji ädimini atan Nedim, köp wagt geçmänkä “Nedimnama” diýilýän täze utga döredýär. Şeýle bolmagyna garamazdan, Nedim şahyrana söz baýlygy gatybir baý bolan şahyrlardan däldir. Tapan sypatyny ýa-da meňzetmesini gaýtalap-gaýtalap ulanypdyr. Onuň asyl gudratly tarapy dili ussatlyk bilen ulanyp bilmegidir.
Söýgülim jemalyňy görmez men,
Çykmasyn hyýalyňdan, diliň şeýdadan.
Haky paýa kylyp, ýüzüň görmez men,
Alaýyn habaryňy, bady sabadan.
ýa-da
Tutsaň jahany, Isgender kimin,
Şanyň bilen dünýä, dolsaň hüňkärym.
Gapyňda Peridon, gul kimin dursa,
Her emriň ýerine, gelse hüňkarym.
– diýen setirleri hem muňa şaýatlyk etmek bilen, onuň gepleşik dilinde ulanylýan sözleri ussatlyk bilen ulanmakdaky ägirtligini we sözleriň sazlaşykly äheňini gurup bilýändigini görkezmek bilen, onyň öz döwürdeşlerinden aýratyn saýlanmagyna alyp barýar. Kapyýa salmany we sazlaşykly ulanmagy başarýandygy, şygyrlaryndaky ritmiki akyşyň ýerinde ulanylmagy, onuň başgalaryndan saýlanmagyna sebäp bolupdyr. Redif we kapyýa ulanmak ýörelgesine eýerýän şahyr aram-aram türk dilindäki sözleri we goşulmalary ulanyp döreden kapyýalaryndaky tebigylyk, özünden öňki şahyrlarda az gabat gelýän aýratynlykdyr. Nedim aruz sazynyň äheňini aňsatlyk bilen tapyp bilen we şygyrlarynda galapyn sazlaşygyň aýratyn bir bölegi hökmünde ulanyp bilen diwan edebiýatynyň şahyrydyr.
Ýakdy ýandyrdy bizi, kümüş kimin eretdi,
Ýüzi aýa meňzär, göwsi goşa narly jenan.
– ýaly setirleri ýazan şahyr, Ibrahim ýanaral zamanynda gurluşyk işleri, halkyň dynç alyş ýerleriniň gurulmagy bilen baglanşykly çäreleriň waspyny ýetiren şygyrlar hem ýazypdyr. Zamanasynyň beýleki şahyrlary bilen birlikde, Nedim hem, Ibrahim ýanaralyň Yssambylda we Newşehirde gurduran suw içilýän gyrantlarynyň we suw paýlaýjy desgalarynyň, söwda merkezleriniň we kerwensarasaraýlarynyň, hammamlarynyň, köşkleriniň taryplaryny ýetirýän şygyrlar hem ýazypdyr.
Nedim, Osmanly imperiýasynyň şahyrlarynyň arasynda ýaşap geçen döwri bilen ýatlanýan şahyrdyr. Läle döwründe onuň bilen deň derejede döreden şahyrlar başga-da köpdir. Emma Nedim ýaly döwrüniň ruhyny eserlerinde beýan edip bileni ýokdyr.