AHMET ÝASAWY WE ONUŇ ESERLERI HAKYNDA GYSGAJYK KYSSALAR
Dost-Doganlygyň Taryhy 16
AHMET ÝASAWY WE ONUŇ ESERLERI HAKYNDA GYSGAJYK KYSSALAR
Nirede görseň göwni galany, mehlem bol,
Şonuň ýaly gaýgyly ýolda galsa, ýoldaş bol.
Sansyz-sajaksyz şygyrlary bolan we sopyçylykda türki dillerinde gepleýänleriň düşünip biljek dilinde şygyrlar ýazmaklygyň kerwenbaşysy hasaplanýan Ahmet Ýesewi, häzirki güne çenli gelip ýeten maglumatlara görä, 1093-nji ýylda, häzirki Gazagystanyň çäklerinde ýerleşen Saýram şäherçesinde eneden dogulýar.
Altmyş üç ýaşa ýetmişem, galmyşam gapyl,
Hakyň emrin kylmagaý berjaý, bolmuşam nadyl.
ýa-da
Gul Hoja Ahmet, gaflat içre ömriň geçdi,
Wah, bu ne hasrat, gözden, dyzdan kuwwat gaçdy.
Wah, bu ne ýazyk, puşmanlygyň wagty ýetdi,
Amal kylmaý, kerwen bolup, göçdüm gitdim.
– diýen şahyrana setirler bilen ömrüniň paýawlap, dünýäden göçmeli wagtynyň golaýlap gelenýändigini setirlerene sygdyran, Hoja Ahmet Ýesewi, 1166-njy ýylda, ýened-de, Gazagystanyň, Türkistan şäherinde dünýäden ötýär.
Ahmet Ýesewi, nesihatlaryny “Dört gapy” hökmünde bilinýän: “şerigat”, “tarykat”, “ussatlyk” we “hakykat” ady berilen ýörelgä esaslanyp ýazypdyr. Şolara esaslanyp ýazylan we biziň günümize gelip ýeten Ahmet Ýasawynyň meşhur hikmetlerinden başga-da „Kyssaýy-Kaýsar“ we „Pakyrnama“ eserini ýazandygy barada maglumatlara duşmak bolýar. Başga ylmy çeşmelerde Hoja Ahmet Ýasawynyň başga eserleri hakynda kelam agyz söz ýok. Ýöne Sopy Allaýar özüniň „Sebatul-ajyzyn“ atly eserinde Ahmet Ýasawa degişli iki sany eseriň adyny agzap geçýr:
„Ynansyn“ diýip ýene birniçe biakl,
Kylarlar muny Hoja Ahmetden nakl.
Hudanyň dosty bolsa Hoja Ahmet,
Kylarmy hi munuň dek bedgatu-bet.
Şerigatda aýtdy: ol apy-taby,
Düşündir bize ol ärdek kitaby.
Oşol soltan bitipdir, belki, onda,
Kitaby „Tenbihu-z-zallyt“ içinde.
Kitaby düzijileri alan mysalymyzyň üçünji bendindäki „kitap“ diýen sözi-de Hoja Ahmet Ýasawynyň „Nejata-z-zakirin“ ererini göz öňünde tutandygyny aýdýarlar. „Tenbihu-z-zallyt“ kitaby-da onuň başga bir kitaby bolmaly. Ahmet Ýasawynyň „Pakyrnama“ we „Kyssaýy-Kaýsar“ eserlerinden başga-da „Nejata-z-zakirin“ we „Tenbihu-z-zallyt“ atly eserleri bolupdyr. Ýöne bizde bu eserleriň golýazmasy, olaryň many-mazmuny we döredilişi hakynda hiç hili maglumat ýok.
Hoja Ahmet Ýasawy hikmet parzynyň, ýagny hikmet aýtmak ýolunyň gurujy, esaslandyryjysy hökmünde ykrar edilýär. Ýöne „Hoja Ahmet hikmetlerini öz eli bilen ýazmandyr, pir aýatda dirikä diňe dilden aýdypdyr we adamlaryň aňynda hem-de dilinde galypdyr, soňra ýyllaryň geçmegi bilen olar Hoja Ahmediň şägirtleri tarapyndan, onuň ýoluny dowam etdirijiler tarapyndan kagyz ýüzüne geçirilipdir“ diýen ündemeler bar. Ýöne „Hoja Ahmediň eserlerine hikmet ýa-da Diwany hikmet soňky döwürlerde diýlipdir“ diýen tassyklamalar hakykata dogry gelmeýär. Hoja Ahmediň ýaşan döwri hem „hikmet“ sözi bar eken. Sebäbi ol öz eserlerinde bu barada aýdyp geçýär:
Sekizimde sekiz ýandan ýol açyldy,
„Hikmet aýt!“ diýp, başlaryma nur saçyldy,
Bihamdulla, piri-mugan meý içirdi,
Ol sebäpden altmyş üçde ýere girdim.
Alymlaryň belleýişi ýaly, Hoja Ahmet hikmet ýazypdyr. Ýöne ylym dünýäsinde Hoja Ahmediň häçe sany hikmet ýazandygy, onuň näçe sany hikmetler depderiniň bolandygy, olaryň nämeleri aňladandygy barada çekişmeler dowam edip gelýär. „Halk rowaýatlarynda Hoja Ahmet Ýasawynyň 4400, 9900 sany hikmeti, kä halatda bolsa her biri 1000 hikmetden ybarat dört sany depderi bolupdyr“ diýen maglumat bar. Iň köp hikmet Kazan basmasynda çap edilen neşirinde bardyr. Ondaky hikmetleriň sanynyň 250-den geçýändigini görmek bolýar. Hoja Ahmet Ýasawynyň 4400 sany hikmetiniň bolandygy rowaýatlar görnüşinde bellenilip geçilýär. Ýöne, beýik piriň näçe hikmet ýazandygyny kesgitlemek mümkin däldir. Munuň özüne ýetesi birnäçe sebäbi bardyr. Birinjiden, Hoja Ahmediň hikmetleriniň içinde olaryň sany barada aýdylyp geçilýändigine garamazdan, olaryň sany dürli-dürlüdir. Biz olaryň birini inkär edip, beýlekisini tassyklap bilmeris. Olaryň ählisiniň hem dogry bolmagy mümkin. Sebäbi biziň elimizde Hoja Ahmediň öz goly bilen ýazan golýazmasy ýokdur. Şahyra degişli edilýän hikmetleriň birinde:
„Gul Hoja Amet, her bir sözüň derde derman,
Talyplara aýan kylsam, galmaz arman,
Dört müň dört ýüz hikmet boldy hakdan perman,
Perman bolsa, tä ölinçäm sözlesem men“.
beýlekisinde:
„Gul Hoja Ahmet göwher ýanlyg hikmet aýdy,
Erenlere hyzmat kylyp, nazar tapdy,
Togsan dokuz müň hikmet aýdyp, dessan etdi,
Dessan kylyp, bossan içre ýörmek üçin“
– diýýär. Görşümiz ýaly birinji bentde 4400 sany hikmet barada söz açylýar. Ikinjisinde bolsa, 9900 sany hikmet barada gürrüň edilmän, giden 99 müň hikmetiň ady tutulýar.
Eger Hoja Ahmediň iň gadymy göçürilen golyazmasy XVII asyra degişli bolsa, onda onuň yaşan döwri bilen bu aralykda bäş asyrlyk tutuş giden döwür ýatyr. Şol döwürdäki hikmetleriň nähili ýagdaýy başdan geçirendiklerini kesgitlemek aňsat hem däl. Eger biz Hoja Ahmediň “Mynajat” goşgusyny hikmetlere jemleyji sözsoňy hökmünde ýazylan goşgy hasaplaýan bolsak, onda bu goşgy bize şeýle bir pikiri berýär:
Meniň hikmetlerim älemge dolgan,
Eşitmeý her kim ölse, kylgaý arman,
Meniň hikmetlerimniň sany ýokdur,
Hemme talyp okar, imkany ýokdur,
Meniň hikmetlerim derýaýy umman,
Ki katra damsa ol, eýlegeý haýran.
Diýmek Hoja Ahmediň özi-de aýdan hikmetleriniň hakyky sanyny kesgitlemekden daşda. Onun: “Menin hikmetlerim derýaýy umman” diymegi-de, megerem şonuň üçindir.