TÜRKMEN ÖÝÜNIŇ SÖÝEGI SIZ ZENANLAR!

Dost-Doganlygyň Taryhy 14

1182709
TÜRKMEN ÖÝÜNIŇ SÖÝEGI SIZ ZENANLAR!

TÜRKMEN ÖÝÜNIŇ SÖÝEGI SIZ ZENANLAR!

 

Meniň olgum goç ýigit,

Eker bagynda çigit.

Atlanyp awa gitse,

Yzynda segsen ýigit.

  Iň beýik zat enelere, türkmen zenanyna sarpadyr! Türkmen öýüniň söýegi, şol öýleriň diregini ýetiştiren zenanlar, öýüň diregi saýylýan ogullaryny, gelejekdäki öýüň söýegi saýylýan gyzlaryny hüwdiläp, zenan kalbynda dolup-daşyp duran söýgüsini, söýgüsine wepalylygy, mertligi, datly dilliligi, çeper eli bilen, güler ýüzi bilen, paýhasly pikirleri bilen balalarynyň kalbyna dolýar.

Ýokardaky hüwdide, türkmen zenanlary öýüň diregi saýylan ogullaryny taryp edip, sadadan göwnaçyk ýigitler bolmagyny islän bolsalar, aşakdaky hüwdide öýüň söýegi, türkmeniň tüýs „başy huşlu, eli işli“ diýýän zenanlary bolup ýetişmeklerini arzuwlap, gyzlarynyň gursagyna şol arzuwlaryny guýmak, perzentlerinde arzuwlan zatlarynyň peder pendi ýaly ýüreklerinde daşa oýulyp ýazylmagyny isläp, şeýle diýýärler:  

 

Aýlar gyzym almaly,

Aýda dokar bir haly,

Halysynyň kenary –

On barmagnyň hünäri.

 

    – diýmek bilen türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, milli ýörelgelerini, asylly häsiýetlerini, el hünärlerini ilki bilen balalaryna ýatladýan, gursaklaryna guýýan elbetde zenanlardyr.

 

         Meniň balam ýaşynda,

         Nepis tahýa başynda.

         Ýaşyl kürteli gelin,

         Köp aýlansyn daşynda.

         Atasy öýnüň duşunda,

         Ak öý tutar balama.

         Gabsasy galaýydan,

         Serpigi daraýydan,

         At torbasy erbapdan,

         Köýnekçesi zerbapdan.

 

         – diýen setirlerde türkmen zenanlary öz söýgüleri bilen bir hatarda ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, gün-güzerany, däp-dessuru hakynda hem ilkinji maglumatlary çagalaryň gulaklaryna guýýarlar.

  Taryha ser salanymyzda ady dünýä dolan, il-ýurt üçin köp işler eden türkmen zenanlary bolupdyr. Olary diňe bir ýakynlary däl, eýsem bütin halk sylapdyr. Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar. Halkymyzyň buýsançly hem-de şan-şöhrata beslenen, dünýä ýaň salan beýik geçmişinde taryhda ady dünýä dolan, il-ýurt üçin köp işler eden türkmen zenanlary bolupdyr. Halkymyzyň buýsançly hem-de şah-şöhrata beslenen, dünýä ýaň salan beýik geçmişinde adamzadyň iň ajaýyp gylyk-häsiýetlerini özünde jemlän Tumar şa, Banu Çiçek, Türkan hatyn, Mähri hatyn, Gülbeden begim, Jahan hatyn ýaly türkmen gelin-gyzlary watany, ar-namysy goramakda, türkmen medeniýetiniň baýlaşmagynda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Ol zenanlar hakyndaky rowaýatlar, tymsallar dilden-dile geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Öçmejek yz galdyran şol zenanlaryň watansöýüjilik häsiýetleri her bir türkmen zenanyna mahsus häsiýetlerdir.

 

         Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleinde gap-gaçlara çekilen zenan şekilleriniň bolmagy, heýkeljikleriň aglabasynyň zenan şeklinde bolmagy diňe bir şol döwrüň ynançlaryna bagly bolman, eýsem, zenan maşgala goýulýan hormatyndan hem gelip çykýar.

 

         Taryhy şahsyýetlere ser salanymyzda, olaryň ruhubelentligi, mertebeliligi, gözel ahlak sypatlary döwürdeş gelin-gyzlara arkama-arka aýlanyp geçen ýaly. Häzirki döwürde hem zähmet çekýän, okaýan gelin-gyzlaryň ýüzünde, ýüreginde, görk-görmeginde biziň enelerimizdir mamalarymyzyň ruhyny görmek bolýar. Häzirki döwürde hem türkmen gelin-gyzlaryna dünýäde mertebesini ýokary derejelere göterýän iň ajaýyp, iň gözel, iň näzik ahlak sypatlary mahsusdyr. Halkymyzyň milli häsiýetlerini, watansöýüjüliginiň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, ýürek arzuwyndan, on barmagyň gudratyndan dörän sungatymyzy dünýä ýaýan gelin-gyzlarymyzyň mertebesi, sylag-hormaty hemme wagt ýokary bolup galýar. Döwrümiziň zenanlarynda, göýä, enelerimizdir mamalarymyzyň asylly sypatlaryny, gylyk-häsiýetlerini özünde jemländiklerini görmek bolýar. Şonuň üçin hem türkmen zenanlary hakynda, şahyrlarymyzyň döreden dürdäne setirlerinden:

 

         Men türkmen zenany – dowama dowam,

         Asmanda Aý boldym, Zeminde läle.

         Säherler hüwdiden tapyp yşk, owaz,

         Zürýatlaryň kalbymda dönüp bir Käbä,

         Eneden gaýdan ýol – ýurt ýurda barýar,

Namys-ardan göteripler baýdagyn.

 

         Men seždesi, serişdesi düýnümiň,

         Balam, nirde gezseň, bolsam uzakda.

         Ot tüssesi dogry çykan tüýnügiň,

         Ojagymy saklap ýörmek güzap däl.

         Ýol geçdim müň ýyllyk, belki-de artyk.

         Namysym, messebim bolupdyr gala:m.

        

Sen nirde bolsaň nesibe tartyp,

         Saçagym, tamdyrym goraldy halal.

         Bir gün ata çyksam gerçekler kimin.

         Ertesi dokadym ajaýyp haly.

         Sen näme dileseň eneňden dile.

         Enäniň bar sözi dünýäniň maly.

 

 

         Bir iliň kökü men – ýaýradýan şaha.

         “Eneli öý – bir toý” diýen pent bilen,

         Ene yhlasyma kesmedim baha.

         Şeýdipler zamandan aşyp zmana

         Törüňden ornuny tapdym halkymyň.

         Söýgi bar, hormat bar türkmen zenana.

 

         Türkmeniň zenany hakynda kän-kän söhbet etmek boljak. Olaryň hersi bir özboluşly dünýä, hersi bir mähriban ene. Olaryň terbiýeläp ýetişdiren perzentleri bu gün ýurdumyzyň kuwwatly bolmagy, halkymyzyň bagtly bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy üçin zehini, paýhasy bilen zähmet çekip, öýleriniň söýegi, öýleriniň bezegi zenanlaryň entek sallançakda wagtlary gulaklaryna guýanlaryny berjaý etmek üçin zähmet çekýärler. Çünki:

 

         Eneler beýik binagär,

         Olar ykbal gurýarlar.

         Olaň guran binalary,

         Ömür baky durýarlar

 

         Türkmeni türkmen edip, mertebesini belende göterýän, ynsan ykbalynyň beýik binagärleri zenanlarymyza guwanýarys. Durmuşy, dünýäni gurýan zenanlarymyza buýsanmak bilen her bir türkmeniň çagalygyndan gulagyna guýlan, ýadynda galan, Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Ene” atly goşgusyndan, ene hakyndaky bir bent bilen gepleşigimiz tamamlamak isleýäris.

 

         Soranmyş bir wagt aý güne bakyp,

         Dünýäniň görki ne aýdyp bersene?!

         Gün hem diýenmiş nuryny dökip:

         “Dünýäniň bar görki, enedir ene”

        

 

        

 


Etiketkalar: #zenan , #goşgy , #ykbal , #buýsanç

Degişli Habarlar