Ruanda Genosidi

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1181241
Ruanda Genosidi

 

Ruanda Genosidi

 

BMG-niň 1948-nji ýylda kabul eden Genosid jenaýatynyň öňüniň alynmagy we onuň jezalandyrylmagy baradaky şertnamasyna görä milli, etniki ýa-da dini toparlardan birini bölekleýin ýa-da dolulygyna ýok etmek maksady bilen edilen etmişlerden biri genosid jenaýatydyr. Şol etmişler şulardan ybarat: Topara degişli bolanlaryň öldürilmegi; Toparyň agzalaryna fiziki ýa-da ruhy taýdan zyýan ýetirilmegi; Toparyň dolulygyna ýa-da bölekleýin fiziki barlygynyň ortadan aýryljakdygy göz öňünde tutulyp, ýaşaýyş şertleriniň bilkastlaýyn üýtgedilmegi; Toparyň köpelmeginiň öňüni almak üçin çäreleriň görülmegi; Topara degişli çagalaryň basyp alynmagy bilen başga topara geçirilmegi.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Aslyna seredilende 1944-nji ýylda polşaly ýehudilerden Rafael Lemkin Gitlerçi Germaniýanyň ýehudileri durnukly ýok etme meýilnamasyny kesgitlemäge synanşýança edebiýatda genosid adalgasy ýokdy. Lemkin kowum manysynda grekçe “geno” sözüni, öldürmek manysyndaky latynça “sid” sözi bilen birleşdirip genosid adalgasyny ilkinji gezek ulanýar. Adalga aslyna seredilende käbir günbatar ýurtlarynyň edýän käbir rehimsiz çemeleşmeleri üçin tapylan hem bolsa, şol döwletler tarapyndan esasan günbatarly bolmadyk döwletler üçin ulanylýar.

Gepleşigimiziň bu sanynda sözi Fransiýada bir topar döredilme başlangyjyndan ugur alyp, Ruanda genosidine getirmekçi bolýaryn. Ruanda genosidi Bosniýadan ozal belkem adamzat taryhynyň başdan geçiren iň soňky genosidi bolsa gerek.

Taryhy geçmiş: Belgiýadan hem şol bir klassika: Böl, Bölekle, Dolandyr

Ruandanyň taryhy koloniýalaşdyrylan beýleki köp sanly döwletiň taryhyndan tapawutly däl. Ilki Germaniýa tarapyndan koloniýalaşdyrylýar. Nemesleriň 1-nji Jahan urşundan ýeňilmeginden soň Ruandany Belgiýa basyp alýar.

Ruandanyň koloniýalaşdyrlyş usuly hem beýlekilerden tapawutly däl. Belgiýa Ruandada Britaniýanyň “böl, bölekle, dolandyr” syýasatynyň başga görnüşi amala aşyrýar. Belgiýa hem beýleki imperialist döwletler ýaly imperialist ulgamlary üçin azlyklary goldaw syýasatyny alyp barýar. Şol maksat bilen Germaniýanyň başladan köplige eýe bolan hutulara garşy tutsileri goldama strategiýasyni we tutsileriň kelleçanagyna görä has üstün bolandygy tezisini dowam etdirýär. Şeýlelikde ozal aslyrlaryň dowamynda parahatçylykly, agzybir ýaşan tutsi we hutu taýpalarynyň arasynda agzalylyk döredilýär.

Belgiýaynň şol “böl, bölekle, dolandyr” syýasatynyň netijesinde ýurt garaşsyzlygyny alýança azlykdaky tutsiler tarapyndan basyş bilen dolandyrylýar. Ruanda 1961-nji ýylda garaşsyzlygyny alan bolsa dolanşyk hutularyň gözegçiligine geçýär. 1950-nji ýyllardan soň Belgiýa hutular goldamaga başlaýar. Şondan soň bolsa uzak ýyllaryň basyşyna gazaplanan hutular özlerine edilenleri tutsilere etmäge başlaýar.

1994: 1 million gyrgynçylyk…

Azlykdaky tutsiler bilen köpligi eýeleýän hutularyň arasyndaky dargynlykdyr çaknyşyklar 1994-nji ýyla çenli dowam edýär. 1994-nji ýylda hutu taýpasyndan bolan Prezident Habýarimana tutsiler bilen ýaraşyk stolunyň başyna oturýar. Ylalaşyk gazanylýar. Ylalaşyga görä tutsiler hem ýurduň dolanşygyna goşulýar we ygtyýar alýar. Emma Habýarimanyň uçary urlup düşürilýär.

Prezidentiň öldürilmeginden tutsileri günärkär saýan hutular elhenç gyrgynçyglyga girişýär. Ýüz günde 1 milliona golaý tutsi we parasatly hutular gyrylýar. Ol, günde ortaça 10 müň adamyň gyrylmagy diýmegi aňladýar. Döwlet gullukçylary we ýaýlymlar tarapyndan goldanan gyrgynçylykda gyzgyn ýaraglar bolmandygy üçin radikal hutular paltalar bilen ýüzlerçe müň adamy gyrgýar, ýakýar, zenanlary zorlaýar. Belgiýanyň bölmek üçin beren tutsi we hutu görnüşinde beren pasportlary tutsileriň şahsyýetiniň ýeňillik bilen anyklanmagyna sebäp bolýar. Genosid ýüz gün soň, tutsilerden emele gelýän Ruanda ýurtsöýerler frontunyň paýtagta gelmegi bilen gutarýar.

BMG Musulmanlary goramagyň ýerine esgerlerini yza çekýär

Geneosid başlan mahaly ýurtda BMG-niň 2500 sany esgerden ybarat harby güýji bardy. Tutsileriň genositden gaçyp gidere BMG-den başga ýeri ýokdy. Emma BMG-niň Parahatçylyk güýjüniň reaksiýasy 1995-nji ýyldaky Bosniýa urşundakydan, Srebrenisadakydan tapawutly bolmaýar. BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň kabul eden karary bilen 2500 bolan esger sany 250 esgere çenli azaldylýar. Srebrenisada şäheri goramakdan jogapkär bolan gollandiýaly BMG-niň Parahatçylyk güýjüniň serkerdesi Tom Karremans hem özüne sygynan 25 müň adamy we şäheri serplere tapşyryşypdy.

Fransiýanyň täsiri…

Ruandanyň Prezidenti Kagame Fransiýany we Belgiýany genosidiň gönüden syýasy taýarlaýjylar hökmünde günäkärleýär. Genosidde ejir çekenler Fransiýada we Belgiýada jenaýat işleriniň gozgalmagy üçin ýüz tutdular.

Ruandadaky katolik buthanasy, buthananyň genoside goşulyşmagy sebäpli rundalylardan ötünç sorady.

Ruandanyň gyrgynçylyga garşy milli göreş topary 2016-njy ýylda “genosid jenaýatyny işländikleri we ýaranlyk edendikleri” sebäpli Baş ştabyň başlygy Jak Lanaks bilen bilelikde ýokary çinli 22 sany fransuz ofiseriniň adyny beýan etdiler. Fransuz harbylary genosid edenlere tälim bermekde, olary ýarag bilen üpjün etmekde günäkärlenýärler.

Fransiýa 1994-nji ýylyň 23-nji iýunynda ýurduň günorta günbatarynda bosgunlar üçin howpsyz zolak döretmek üçin operasiýa başladýar. Emma Fransiýa genosidiň öňüni almagyň ýerine jeneýatçylara ýarag we ok-däri goldawyny berip, Ruandanyň ýurtsöýerler frontuna ýaranlyk etdiler. Fransuz žurnalisti Saint-eksuperi hutulary ýaraglandyrmak baradaky görkezmäniň şol wagtky prezident Fransua Mitterandyň iş dolandyryjysy Hubert Wedriniň ýazmaça buýrugy bilen berilendigini öňe sürýär.

Fransiýanyň ozalky Prezidenti Fransua Mitterand “Le Figaro” gazetine 1998-nji ýylda beren interwýusy iňňän elhenç: “Şol  ýurtlarda genosidiň bolmagy beýle möhüm zat däl.”

Halkara derejesindäki reaksiýalaryň ýaýbaňlanmagy we adam hukuklary aktiwistleriniň basyşlary sebäpli 25 ýyl soň Makron 2019-njy ýylyň aprelinde genosid boýunça bir topar döretmek barada karar kabul edýär. Topara tarapsyz hünärmenleriň, bilermenleriň däl, eýsem “makullanan” adamlaryň kabul edilendigi aýdylýar.

Belgiýanyň we Fransiýanyň tankyt edilýän Ruanda genosidinden bäri 25 ýyl geçdi. Brenton Tarrantyň Juma namazynda 50 musulmany gyrmagyndan bäri bolsa bir aýam geçmedi. Köplenç imperializmiň taryhda galandygyny, Tarrantizm atlandyran akýagyz rasizminiň, nasizmiň bir görnüşiniň indi ýok bolandygny pikir edýäris. Elbet bir adam hökmünde şeýle pikir etmek dogry. Emma biz näçe ýatdan çykarsagam imperialist niýetler, wagşy ideologiýalaryň maksatlary täp-täze. Her şertde bize ony ýatladýarlar. Şu günki günde düýden has köp gan dökmek üçin ähli şertleri bar. Biz, adamzat maşgalasy bolup, wagşylyk günbatarda bolanda garşylygymyz ejizleýär, pozisiýamyz gowşaýar.  

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň “Ruanda gyrgynçylygy” atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar