Çatalhöýük adamzadyň medeni öwrülşigi barada möhüm galyndylary özünde jemleýär

Türkiýä gezelenç 15

Çatalhöýük adamzadyň medeni öwrülşigi  barada möhüm galyndylary özünde jemleýär

 

 

Türkiýede adamzadyň ilkidurmuş obşina döwürlerine degişli köp sanly ýaşaýyş zolaklary ýerleşýär…

Çatalhöýük neolitik zolagy hem şolardan biri.

Çatalhöýük b.e.ozalky 9500 ýyl ozalky taryha uzap gidýän döwürde adamzadyň hem jemgyýetçilik hem-de medeni öwrülşigi bilen bagly möhüm galyndylary özünde jemleýär. Şol zolak ekerançylyk tohumlaryna we oturumly ýaşaýyşa geçilmegine şaýatlyk eden deňsiz arheologik giňişlik.

Merkezi Anadolyda Konýa welaýatynyň Çumra etrabyndan 11 kilometr alysda ýerleşýän Çatalhöýük adamzadyň ilkinji ýaşaýyş ýerlerinden biri hökmünde kabul edilýär we arheologik tapyndylara görä, 8 müňe golaý adamyň ýaşandygy çaklanylýar. Gowy goralan neolitik ýaşaýyş zolagynyň saýlama mysaly bolan gadymy şäheriň ady gündogar we günbatar taraplarynda ýerleşýän iki hoýýukdan gelip çykýar. Şu özboluşlyklary sebäpli bolsa 2012-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Miras sanawynda…

Hoýýuklar, ýagny gorganlar, ýer titremeleri we uruşlar netijesinde ýumrulmalaryň üst-üste birikmegi arkaly emele gelýär. Şol sebäpli tapawutly döwürlere degişli köp döwürli arheologik galyndy giňişligini emele getirýärler.

Çatalhöýükdaky gündogar we günbatar hoýýuklary dürli belentliklerde iki depe görnüşinde…

Gündogar hoýýugyndaky gazuw-agtaryşlar netijesinde 18 sany netolitik ýaşaýyş gatlagy ýüze çykarylýar. B.e.ozaly 7000-nji ýyllara degişlidigi çaklanylýan gatlaklarda oturumly ýaşaýyşa geçilendigi görkezýän köp sanly galyndy we maglumat tapylyp, binagärlik we sungat eserlerini öz içine alýan möhüm arhiw döredilipdir.

Günbatar hoýýugyň b.e.ozalky 6000-nji ýyllara degişlidigi çaklanylýar we Kalkolitik döwre degişli özboluşlyga eýedigi beýan edilýär. Hoýýuk gündogar hoýýugyň ilkinji döwürlerinde görülen medeni gurluşyň dowam edýändigini ýüze çykarýar…

14 gekdara golaý meýdanda ýerleşýän hoýýuklar 2000 ýyldan gowrak wagt ýaşaýyş merkezi hökmünde peýdalanylypdyr.

Çatalhöýükdäki öýleriň göwrümleri we ýerleşiş ulgamy jemgyýetçilik we deňlikçi ideallara esaslanýan irki şähergurluşyk nusgalaryny özünde jemleýär. Öýleriň esasy özboluşlary: şol bir göwrüme eýe bolmagy we içine üçegindäki deşikden merduwan bilen girilýändigi. Öýler dege-dege gurlupdyr. Onuň çaklanylýan sebäbi; maşgala gatnaşyklaryny güýçli bolmagy we adamlaryň kollektiw ýaşaýyşy saýlap almagy. Diwarlarda geometrik şekiller, ýyldyzlar, gül bezegleri, aw, tans, öküz, keýik we koç teswirleri bar.

Neolitik Çatalhöýük şäherinde öýleriň yzly-yzyna düzülmegi sebäpli köçe ýok. Üçekler köçe funksiýasyny ýerine ýetirýär, şeýlelikde gatnaw üçekleriň üstünde edilipdir.

Gazuw-agtaryşlaryň netijesinde Çatalhöýüge ilkinji ýerleşenleriň awçy-ýygnaýy halkdan ybarat bolandygy, soňlar ekerançylyk bilen meşgullanmaga başlandyklary anyklanýar. Bugdaý, arpa we garoh ekerançylykda ekilen ösümlikler bolupdyr. Maldarçylyk bilen hem meşgullanyp, sygyr we goýun eldekileşdirilipdir.

Gündogar hoýýugynda geçirilen gazuw-agtaryşlarda köp sanly Ene taňryça heýkeljigi tapylypdyr. Bişen toýundan, mermerden ýa-da hek daşyndan ýasalan heýkelleriň boýy 5-15 santimetr aralygynda.

Çatalhöýükde gazuw agtaryş işleri häzirki wagtda-da dowam edýär.

 

Müňlerçe ýyl ýaşap geçen adamlaryň öýlerini, şäherini görmek üçin Konýa gelmek isleýän gezendelere maslahatymyz; Anadolynyň baý taryhy geçmişine eýe bolan şäherdäki muzeýleri, metjitleri, kerwensaraýlary, esasanda Möwlananyň muzeýini görmegiňizi, meşhur el dokumalaryndan almagyňyzy, Knýanyň meşhur tagamlaryndan dadyp görmegiňizi isleýäris.

 



Degişli Habarlar