SUNGAT ÄLEMINDE ÖÇMEJEK ÝYLDYZ – GURT ÝAKUP

Dost-Doganlygyň Taryhy 13

SUNGAT ÄLEMINDE ÖÇMEJEK ÝYLDYZ – GURT ÝAKUP

 

 

 

SUNGAT ÄLEMINDE ÖÇMEJEK ÝYLDYZ – GURT ÝAKUP

 

            Meşhur dessançy bagşy, sungat äleminiň öçmejek ýyldyzy Gurt Ýakup, hassa halyna çäre bolar umydy bilen hassahanada ýatan ýerinde, şepagat uýasynyň sanjymyndan soňra janyna aram inen wagty, köne dünýäniň oňa bagş eden ykbalyny ýat edip, ýaşlyk ýylaryny ýatlanda, daşarda baharyň ilkinji günleri höküm sürýärdi. Keseliň basmarlamagyndan ýaňa meňzi saralan bagşy daş-töweregindäki hadysalara perwaýsyzlyk bilen bakyp, başyny äpişgä tarap öwürdi.

 

         Şol wagt gözüniň öňüne Murgap derýasyny ýakalap oturan, uly bolmadyk obalary, hatara düzülen tamkepbeler geldi. Urşuň yz ýanydygana, aladanyň ýetikdigine garamazdan, şol hatar gurup oturan tamkepbelerde oturýan adamlar, agşamlaryna goňşyňka üýşüp gürüň etmäge, aýdym-saz diňlemäge wagt tapýardylar. Obanyň çeträgindäki syrgynyň adamlary köplenç Ýakup aganyňka gelerdiler. Ondan-mundan gürüň edilenden soň, Ýakup agadan, saz çalyp bermegini towakga ederdiler. Ýakup aga gargy tüýdügi teletin gabynda çykaryp çalyp başlardy. Kakalary gargy tüýdük çalýan hem bolsa ýaşajyk Gurt hem agalary ýaly dutara göwün beripdi. Sähel boş wagt tapsa dutara ýapyşýardy. Bagşyçylyk ýolundaky ilkinji berekellasyny hem kakasyndan aldy. Bir gün Gurt ýeke özi tamkepbede aýdym aýdyp otyrka, tamkepbäniň daşyndan kakasy onyň aýdýan aýdymyny diňleýär. Tamkepbäniň daşyndan hem onuň aýdýan aýdymy arkaýyň eşidilýärdi. Ýakup aga oglunyň aýdym aýdyşyna daş işikde durşup diň salşyna guwanjyny daşyna çykardy. Gurtjan, sen hakyky bagşy bolarsyň. Ýöne kämilleşmek üçin il bagşysy diýdirmek üçin irginsiz zähmet çekmek gerek.

  Peder pendi onuň ýüreginde daşa oýulyp ýazylan dek ýer tutdy. Şondan soň, ýaşajyk Gurdyň aýdym-saza bolan höwesi artyp, arzuwlar bilen doly oglanlyk dünýsi köp sazlary öwrenmegiň arzuwlary bilen dolup-daşdy.

  Şol arzuwlar bilen doly dünýäsinde ýaşan günleriniň birinde, gelejekde ürç edip öwrenjek, arzuwlar bilen doly dünýäsini dolduryp, hakykatda ony ile tanatjak dessanlar bilen tanyşmagy üçin bir pursat döreýär.

 

            Şeýle günleriň birinde Ýakup aga ogluna ýüzlenýär:

 

            – Gurt, bar oglum, şu gyrkylygy ussa Taýyra eltip ber, çarha tutsun.

           Ynha şol ýüzlenmedäki, şol ýumuşy ýerine ýetirmek üçin arzuw atly atyna atlanan oglan, at salyp, agajet ussanyň tamynyň ýanyna ýakynlaşanda, Gurt arzuw atynyň badyny, özüniň ädimlerini haýalladanyny bilmän galdy. Gapysy açyk ussahanadan Taýyr ussa ýogynrak, emma ýakymly sesi bilen haýsydyr bir dessanyň aýdymlaryny sazsyz aýdyp oturdy. Bütin durky bilen ussanyň dessan heňinde ýerine ýetirýän aýdymlaryna berlip, demini çykarman diňläp duran Gurt, şol ýagdaýda häçe wagt duranyny, ussanyň ýanyna näme iş bilen gelenini hem unutýar. Ussanyň aýdyp oturan aýdymlary, onuň entek eşiden dessany däldi. Gurt aýdymy gutaran ussanyň ýanyna nädip ýetenini hem bilmän galdy.

– Hä, Gurt, bu senmi? Näme hyzmat?

– Taýyr aga, ýaňky aýdan dessanyňyzy maňa-da görkezseňiz-le!

Gurduň aýdym-saza ymykly imreneninden habarly ussa ony içerik saldy. Arap, latyn elipbiýinde neşir edilen bäş-alty kitaby onuň öňüne süýşürdi. Gurt, Taýyr ussadan alan kitaplaryny we ona golaý golýazmaly deprderindäkileri ürç edip okamaga, öwrenmäge başlaýar. Ol teşnelik bilen goşgulary öwrenip, olary aýdym edip, öz ýoldaşlaryna irginsizlik bilen aýdyp bermäge başlaýar.

Urşuň gazaply ýyllarynyň geçendigine garamazdan, oba adamlary niçeme ýyldyr toý garasyny görmändi, toý sözüni duýmandy. Näçe ýylyň içidir toý garasyny görmedik, eşitmedik adamlaryň obanyň ýaşulularynyň biriniň toý edýändigini eşidip, begençleriniň çägi bolmady. Toýa meşhr Ýazguly bagşy geljekmiş  diýen habar ähli adamlary ruhlandyrdy. Toý ýeriniň mähellesi uly jaýyň içine ýerleşmedi. Gurt, bagşa näçe ýakyn oturjak bolsa-da bolmady. Oňa zordan gapynyň agzyndan ýer ýetdi. Bagşy bir-iki kakuw etdi-de, bir zat ýadyna düşen ýaly diňşirgenip, ýanynda sazandasynyň ýokdygyny ýaňzytdy. Bagşa, Gurdy ýanyňa alaý. Tüweleme ykjam ýola düşüpdir – diýip maslahat berdiler. Uly bagşynyň ýanynda saz çalmaly boljakdygyny duýan ýaşajyk Gurdy şagga ders basýar. Şeýle bolsa hem köpçüligiň göwnüni ýykman duratyny alyp, bagşynyň ýanyna geçýär. Şol gije, daňa golaý, bagşy aýdymyny boldy edip, Gurda ak pata bermekleri üçin adamlara ýüzlenýär.  

Günler, ýyllar yzly-yzyna geçip durdy. Emma Gurt üçin ýekeje günem boş geçmeýärdi. Dessançy bagşylar nirede aýdym aýtsa, Gurt şolaryň ýanyndady. ­

Ony oba medeniýet öýüne işe alýarlar. Ilki başda wagyzçylar diýlip atlandyrylan medeniýet işgärleriniň topary bilen uzak öri meýdanlaryna gidip, adamlara hezil berýär. Şeýlelik bilen adygyp başlan bagşynyň orüsi giňäp, öýünden tapmak hyllala bolýar.

Onuň bagşy bolup has kämilleşmeginde ýanýoldaşy Agsoltan ýeňňäniň hem uly goşandy bardyr. Kitapdyr gurhan okalýan maşgaladan bolany üçin Agsoltan ýeňňe türkmeniň gadymy edebiýatyny bagşydan kem bilmeýärdi. Şonuň üçin-de bagşy islendik täze aýdymy ýa-da öwrenen täze dessanyny Agsoltan ýeňňä aýdyp berip, onyň synagyndan geçiripdir.

Ilkinji gezek Gurt bagşyny ellinji ýyllaryň ortalarynda, bagşy hökmünde toýa çagyrýarlar. Şonda oba ýaşylylarynyň biri tutýan toýuna bagşy hökmünde Gurt bagşyny toýa çagyrýar. Bagşyçylykda ykjam kämilleşen bagşy toý märekesiniň üýşen ýerinde ortarada ýazylan düşekçäniň üstünde aýbogdaşyny gurup ornaşykly oturandan soňra ilkinji toýyny sowmak bilen bolýar.  

 

 

 



Degişli Habarlar