Ýerli Saýlawlar 2019: Türkiýe Diktatorlykmydy?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Ýerli Saýlawlar 2019: Türkiýe Diktatorlykmydy?

 

Ýerli Saýlawlar 2019: Türkiýe Diktatorlykmydy?

1840-njy ýylda başlan we Respublika döwründe 19-njysy geçirilen Türkiýäniň soňky ýerli saýlawy 2019-njy ýylyň 31-nji martynda bolup geçdi. Jemhur arkalşygy 51,6, Millet arkalaşygy 37,6 göterim ses aldy. Partiýalaryň alan ses mukdarlary 2014-njiýyldaky ýerli saýlawlar bilen deneşdirilende resmi däl netijeler şeýle: Ak partiýa 2014-nji ýyldaky 43,1 göterime deň bolan ses mukdaryny 44,3 göterime ýetirdi, emma welaýat häkimlikleri sany 48-den 39-a düşdi. Respublikan halk partiýasy 26,6 göterim bolan ses mukdaryny 30,1 göterime ýetirdi, welaýat häkimligi sanyny 14-de 21-e ýetdi. Milletçi hereket partiýasynyň ses mukdary 17,8 göterimden 7,3 göterime aşaklady, emma welaýat häkimlikleriniň sanyny 8-den 11-e ýetirdi. Halklaryň demokratik partiýasynyň mundan ozalky saýlawda 6,2 göterim ses alypdy. Bu saýlawda bolsa 4,2 göterime düşdi. Emma welaýat häkimleriniň sany azaldy.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Eýsem bu netijeler näme many aňladýar? Gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýedäki ýerli saýlawyň global we milli derejedäki manysy barada durup geçmek isleýärin.

Saýlawda iň köp utduran “Türkiýe diktatorlykdyr” diýenler.

Ýerli saýlawdygyna garamazdan halkara medianyň Türkiýedäki saýlawlara uly gyzyklanma görkezendigi görülýär. Onuň esasy sebäplerinden biri şu setirleri ýazýan mahaly Ankara, Stambul ýaly käbir uly şäherleriň dolanşyklarynyň çalyşan ýaly görünmegi. Käbir global media organlary we syýasatçylar awtoritarlyk bolmakda, diktatorlykda günäkerleýän Türkiýe hakykatyna özlerini şeýle bir ynandyrypdyrlar wekin, saýlawyň netijesine görä, käbir şäherleriň ýolbaşçylarynyň çalyşmagyna geň galýarlar. 180 ýyldan bäri ýerli saýlaw geçirýän Türkiýede bu netije aşa geňgalyjylyk emele getirmän hem bolsa, emele getiren fanuslarynyň içinden Türkiýä seredýän käbir günbatar media organlary we liderleri netijelere göz ýetirmekde kynçylyk çekýärler. Şol gatlaklaryň Türkiýe baradaky propogandist diskurslary ýene-de bir gezek netijesiz galdy. Şol çähtden belkem saýlawda iň uly ýitgini çeken R.T.Erdogany diktatorlykda aýyplaýan şol gatlaklar bolsa gerek.

Başga ýurtlarda kommunistik partiýa barmyka? Eger bar bolsa saýlawda üstün çykýarmyka? Bilemok. Bu saýlawda Tunjeli welaýatynda Türkiýe kommunistik partiýasynyň dalaşgäri üstün çykdy. Üssesine-de terror gurmasy PKK-nyň abaý-syýasatyna we HDP-niň basyşlaryna garamazdan. Bu netije hem emele getiren gallýusinasiýleri däl, eýsem hakykaty görmek isleýänler üçin Türkiýäniň kadaly demokratiýasynyň bardygynyň beýleki bir delili.

Ak partiýa: Üstünlik we duýduryş

Ak partiýa alan 44,3 göterim sesi bilen döredilen gününden bäri gatnaşan 15-nji saýlawynda-da üstün çykdy. 2002-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan partiýanyň soňky ykdysady çökgünlige garamazdan mundan ozalky ýerli saýlawa görä ses mukdaryny 1 göterinden gowrak ýokarlandyrmagy uly üstünlik. 2018-nji ýylyň 24-nji iýunyndaky prezident saýlawynda alan 52,3 göterimlik ses mukdary bilen deňeşdirilende Jemhur arkalaşygynyň ses mukdary 0,7  göterim aşaklady. Ýurt boýunça ses mukdarynyň ýokarlandygyna garamazdan Ak partiýa käbir uly şäherleri elden giderdi. Prezident Erdogan eden balkon çykyşynda onuň sebäplerini seljerjekdiklerini we degişli netijäniň çykaryljakdygyny beýan etdi.

Oppozisiýadaky Respublikan halk partiýasy mundan ozalky ýerli saýlawa görä, ses mukdaryny artdyrdy. Emma Prezident saýlawyndaky dalaşgäri Muharrem İnjäniň alan 30,6 göterimlik ses mukdaryndan pes ses aldy. Respublikan halk partiýasy taýdan üstünlikli görünýän käbir uly şäherlerde ses mukdaryny artdyrmagy we şol ýerlerde saýlawda üstün çykmagy.

RHP-nyň ses mukdaryny artdyran Ankara, Stambul, Antalýa ýaly şäherlerdäki dalaşgärlerine seredilende şol dalaşgärler adaty RHP-ly däl. 1994-nji ýyldaky saýlawda R.T.Erdogan saýlawdan soň Pata okandygy üçin garşylyk görkezen RHP-nyň reaksiýasy henizem ýatdan çykmady. Bu saýlawda ýatdan çykmajak wakalardan biri RHP tarapyndan Stambulyň şäher häkimligi üçin daşagär görkezilen Ekrem İmamoglunyň ýasyn okamagydyr. Türkiýäniň jemgyýeti we gymmatlyklary bilen barlyşykly bolan RHP, Türkiýe üçin gazançdyr. Bu şertler Prezident dolanşygy we arkalaşyk ulgamynyň tebigy netijesidir. Prezident dolanşygy we arkalaşyk ulgamy aşalyklara, dartgynlyklara däl, parasatly adamlara ýol berýär.

HDP-ä garamazdan “Kürdistan” däl, Türkiýe diýen kürt saýlawçylar

HDP hemişekisi ýaly saýlawyň öň ýanynda ýene alalaýjy, tapawutlandyryjy diskurslardan peýdalandy. Gündogarda öz saýlawçylarynyň “Kürdistan” üçin ses berjekdigini beýan etdi. Saýlawda HDP-niň merkezi kabul edilýän 4 şäherde üstünlik gazanyp bilmedi. Şyrnak, Agry, Bitlis Ak partiýa, Tunjeli TKP-na geçdi. Gündogar we günorta-gündogar welaýatlatyndaky kürt saýlawçylar Türkiýe bilen bilelikde hereket etmek isleýändigini, HDP-niň emlägi ýaly görünmek islemeýändigini ýene-de bir gezek görkezdi. Bu netijeler Ak partiýa-MHP arkalaşygyna kürt saýlawçysynyň garşy däldigini we bellenen häkimleriň hyzmatlaryndan hoşaldygyny görkezýär diýsek ýerliksiz bolmaz.

Gatnaşyň azalmagy saýlaw býulleteninde partiýalaryň tugunyň bolmazlygymy?

Ýerli salawa gatnaşyk mukdary beýleki demokratik ýurtlar bilen, esasanda günbatar ýurtlary bilen deňeşdirilende has ýokary. Bu saýlawa bolan gatnaşyk 84 göterime deň boldy. Şonuň bilen bilelikde mundan ozalky saýlawda 89 göterimlik gatnaşyk bilen dňeşdirilende 5 göterim aşaklady. Gatnaşygyň aşaklamagynda bu saýlawa partiýalaryň öz tuglary bilen däl, arkalaşyk bilen gatnaşmaklarynyň täsiri bolmagy mümkin. Saýlawçylaryň bir bölegi üçin onlarça ýyldan bäri ses beren partiýasyndan başga bir partiýa ses bermek kyn bolan bolup biler. Şol sebäpli mundan soňky saýlawlarda arkalaşyk bolan halatynda syýasy partiýalaryň öz tugralary bilen ses býulletenlerinde orun eýelemegine şert döredýän arkalaşyk ulgamynyň üstünde işlenmeli.

Saýlawyň beýleki bir netijesi 2014-nji ýylda 17,8 göterim ses alan MHP-niň sesleriniň bölünmegi. MHP bu saýlawda 7,3 göterim ses alandygyna garamzdan welaýat häkimleriniň sanyny 8-den 11-e ýetrdi. Emma 7,4 göterim ses alan İÝİ partiýa welaýatlaryň hiç haýsynda üstünlik gazanyp bilmedi. Bagtyýarlyk partiýasynyň ses mukdary iki saýlawda-da 2,7 göterim boldy.

Netijede saýlawlarda elmydama bolşy ýaly üstün çykan ýene-de demokratiýa boldy, Türkiýe boldy. Netijeler Türkiýede görübilmezçilik edýänleriň gözüni açmagyna şert döreder diýip tama edýäris.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň “Ýerli Saýlawlar 2019: Türkiýe Diktatorlykmydy?atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar