Türkiýe Stipendiýalary

Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 13

Türkiýe Stipendiýalary

 

Geçen gepleşiklerimizde Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar ederasynyň durmuşa geçirýän esasy taslamalaryndan biri bolan “Türkiýe Stipendiýalary” hakynda maglumat beripdik.

Gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa şol stipendiýalaryň çägi we görnüşleri barada maglumat berip, Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar ederasy bölümini ýapmakçy.

Stipendiýa Barada Giňişleýin Maglumat

Stipendiýa nämeleri öz içine alýar

  1. Aýlyk sowalga
  • Ýokary okuw jaýlary stipendiýasy aýda 700 TL
  • Magistlik derejesi stipendiýasy  aýda 950 TL
  • Doktorlyk derejesi stpendiýasy aýda 1400 TL
  • Ylmy barlag stipendiýasy aýda 3000 TL
  • Tomusky türk dili kurslary üçin aýda 500 TL
  • Döwlet işgärleri we ylmy barlagçylar üçin türkçe dil kurslary aýda 2000 TL

*Ylmy-barlag stipendiýalary diňe aýlyk sowalgadan ybaratdyr.

**Türk dili üçin tomusky okuw maksatnamasy bolsa: aýlyk sowalgany, ýatak jaýyny, saglyk üpjünçiligini, jemgyýetçilik we medeni çäreleri öz içine alýar.

***Döwlet gullukçylary we ylmy-barlagçylar üçin türkçe aragatnaşyk maksatnamasy bolsa: aýlyk sowalgany, ýatak jaýyny, ýol çykdajylaryny, jemgyýetçilik we medeni çäreleri öz içine alýar.

Bakalawr, magistrlik stipendiýalary bosla; aýlyk sowalganyň ýany bilen

  1. okuw jaýynyň tölegi
  2. umumy saglyk ätiýaçlandyryşy
  3. umumy ýatak jaý
  4. Bir ýyllyk türkçe dil kursuny öz içine alýar

 

Burslaryň beriliş möhletleri bolsa şeýle;

  • Bakalawr derejesinde: 1 ýyllyk türkçe dersleri+4-6 ýyllyk stipendiýa (okuwyň möhletine baglylykda)
  • Magstrlik derejesinde: 1 ýyllyk türkçe dersleri + 2 ýyllyk stipendiýa
  • Doktorlyk derejesinde: 1 ýyllyk türkçe dersleri + 4 ýyllyk stipendiýa
  • Ylmy barlag derejesinde: 3-12 möhletli stipendiýa
  • Türkçe üçin tomusky okuw maksatnamasy: 2 aýlyk stipendiýa
  • Döwlet işgärleri we ylmy barlagçylar üçin türkçe dil kurslary maksatnamasy: 8-10 aýlyk stipendiýa

 

Bakalawr Stipendiýalary

Bakalawr stipendiýa maksatnamasy bakalawr derejesinde ýüz tutanlar üçin ýörite taýarlanan maksatnamadyr. İnženerçilikden saglygy saklaýyş ylymlaryna, gumanitar ylymlardan jemgyýetçilik ylymlara çenli kesgitlenen dürli ugurlar bilen gyzyklanýan ýaşlar bu maskatnama ýüz tutup bilerler. Bar bolan bölümleri we ýokary okuw mekdeplerini görkmek üçin Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň saýtyndan peýdalanyp bilersiňiz.

 

Magistrlik Stipendiýalary

Şeýle-de Türkiýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynda; jemgyýetçilik ylymlarynda, gumanitar ylymlarynda, tebigy ylymlarda we inženerçilik ugurlarynda magistrlik we doktorlyk derejelerinde dürli maksatnamalar hödürlenýär. Bar bolan bölümleri we ýokary okuw mekdeplerini görkmek üçin Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň saýtyndan peýdalanyp bilersiňiz.Gepleşigimiziň indiki sanynda buýsanç çeşmesi bolan başga bir gurama barada maglumat bermek umydy bilen hoş sag boluň.

 

 



Degişli Habarlar