ÇANAKKALE ÝEŇIŞI

Dost-Doganlygyň Taryhy 12

ÇANAKKALE ÝEŇIŞI

 

 

          Her ýyl 18-nji mart güni, Türkiýäniň ähli künjeginde Çanakkale ýeňişi bellenilip geçilýär. Şol ýyl, türk halky, „Çanakkale geçilmez“ diýen şygara eýerip duşmanyň garşysyna çykýar we adyny altyn harplar bilen taryhyň gatbar-gat kitabynyň sahypalaryna ýazdyrýar. Bu söweşlerde Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygynda söweşen türk halkynyň gahryman şehitlerini we batyr ýigitlerini ýatlap bu baýramçylyk bellenilip geçilýär.

 

            Çanakkale söweşi, Birinji jahan urşy ýyllarynda 1915-1916 ýyllarda, Gelibolu ýarymadasynda, Osmanly imperiýasy bilen Antanta harby bileleşiginiň döwletleriniň arasynda deňizde we gury ýerde bolup geçen söweşlerdir. Bileleşige girýän döwletler, Osmanly imperatorlygynyň paýtagty Yssambylyň we Çanakkale bogazynyň gözegçiligini ele geçirmek, Orsýet bilen ygtybarly azyk taýýarlamak we harby üpjünçiligi amala aşyrmak üçin Yssambyly eýelemek, şeýlelik bilen hem Germaniýanyň bir ýaranyny uruşdan daşlaşdyrmak, bileleşige girýän döwletleriň güçden gaçmagyny üpjün etmek. Şol emellerini amala aşyrmaklary üçin hem ilki bilen Çanakkale bogazyny saýlap alýarlar. Emma, näçe isleseler hem olaryň hüjümleri sowsuzlyga uçraýar we yza çekilmäge mejbur bolýarlar.

 

            Osmanly imperiýasy, Germaniýanyň Orsýede garşy uruş yglan eden güni bolan 1914-nji ýylyň 1-nji awgustynyň ertesi güni, Germaniýa bilen bileleşik şertnamasyna gol çekýär. Gol çekilen yalalaşyk, ahyrynda Osmanly imperiýasynyň bu urşa gatnaşmasynyň ikuçsyzlygy diýmek bolýar. Enwer paşa, göniden-göni urşa gatnaşmagy, mobilizatsiýa işleriniň gutarmandygyny we Çanakkale bogazynyň goralmagy üçin gerekli bolan işleriň hem gutarmandygyny aýtmak bilen urşa girmegi yza çekmäge çalyşýar. Muňa seretmezden Germaniýa, Türkiýäniň iň gysga wagtyň içinde urşa girmegini talap edýär. Bu ýagdaý, Ortaýer deňizinde, Iňlis harby deňiz güçleriniň öňünden çekilen Goeben we Breslau söweş gämileriniň Yssambyla gelmegi bilen düzedip bolmajak ýagdaýyň orta çykmagyna alyp barýar. Ýagdaýyň şeýle bolandygyna garamazdan, Osmanli imperiýasynyň harby gämileri bilen bilelikde Garadeňize çykyp, 1914-nji ýylda Orsýediň deňiz menzillerini bombalandan soň, Orsýet, Osmanly imperiýasyna garşy uruş yglan ediýär.

 

            Beýik Britaniýanyň harby deňiz güçleriniň ministri Winston Çerçil, 1914-nji ýylyň sentýabr aýynda Çanakkale bogazyndan harby gämiler bilen geçip Yssambyly basyp almak meýilnamasyny Premýer-ministre gowşurýar. Meýilnama, dürli derejelerde ele alynyp, maslahatlaşylandan soňra durmuşa geçirmäge başlanýar we Beýik Britaniýanyň we Pereňiň gämilerinden döredilen gämi topary 1915-nji ýylyň fewral aýynda bogaza hüjüm etmäge başlaýar. Iň agyr söweş 1915-nji ýylyň 18-nji martynda bolýar. Şeýle hem bolsa duşmanyň bililikde döreden harby deňiz güçleri agyr ýeňilgä sezewar bolýarlar we deňiz söweşlerini geçirmekligi goýbolsun edýärler.  

 

            Deňizden hüjüm edip, Yssambyly ele geçirip bilmejekdiklerine göz ýetiren duşman, gury ýerden hüjüm edip Çanakkale bogazynda ýerleşen topçylaryň goranyş ýerlerini basyp almagy meýilleşdirýärler. Şol meýilnama laýyklykda taýýarlanan Iňlisleriň we Pereňleriň harby güçleri 1915-nji ýylyň 25-nji aprelinde şapak dogan wagty Gelibolu ýarymadasynyň günortasynda bäş ýerden ada çykmaga synanyşýarlar. Iňlisler we pereňler hernäçe ada çykmak isleseler hem başaranoklar.   

 

            Seddülbahar we Aryburnu kenaryna çykan hem bolsalar Osmanly imperiýasynyň goşunlarynyň goranyş söweşleri we wagtal-wagtal eden hüjümleriniň netijesinde Gelibolu ýarymadasyny basyp alma pirimleri başa barmaýar. Ýagdaý şeýle bolandygy üçin deňiziň kenaryndaky goşunyň güçlendirilmegi üçin goşmaça harby güçlerini Aryburnunyň demirgazyk tarapyndaky Suwla obasyna, 1915-nji ýylyň 6-njy awgustynda getirip düşirdiler. Emma 9-njy awgustda, goşun serkerdebaşysy, polkownik Mustafa Kemalyň Birinji Anafartalar söweşi diýlip atlandyrylan hüjümi sebäpli iňlisler kenarda kynlyk bilen durup bildiler. Ertesi gün Mustafa Kemalyň amala aşyran ikinji hüjümi duşmany serpikdirdi. Iňlis we anzak esgerleri Ikinji Anafartalar söweşinden soňra osmanly imperiýasynyň goranyşyny böwsüp bilmeýärler. Bu söweşlerden soň iňlis, anzak we pereň goşunlary 1915-nji ýylyň dekabr aýynda Gelibolu ýarymadasyny taşlap gitmeli bolýarlar.

 

            Iňlisler we pereňler bilen Osmanly imperatorlygy we Germaniýanyň arasynda geçen we iki tarapdan ölen, ýiten, maýyp bolan we keseller sebäpli ölenler hasaba alnanda jemi 500.000 den hem köpüräk adam ýitgisi boldy. Şeýle köp sanly ýitgi çekilen söweşden soňra harby bileleşige girýän döwletler, Çanakkale bogazyndan geçip bilmedikleri üçin Yssambyly hem basyp alyp bilmeýärler. Çanakkale söweşiniň syýasy we ykdysady netijeleri meselesinde köp sanly taryhçylar, Orsýetde çykgynsyz ýagdaýa düşen patyşa hökümetiniň agdarylmagyna we birinji jahan urşynyň iki ýyl çemesi uzaga çekmegine getirdi diýen pikiri öňe sürýärler. Çanakkale söweşi Orsýediň harby bileleşikdäki beýleki döwletler bilen aragatnaşyk saklamagyna päsgelçilik döredipdir. Şol päsgelçilik hem Lenin bilen onuň egindeş bolşewikleriniň beýik oktýabr rewolýutsiýasyny amala aşyrmaklary üçin amatly pursat döredýär. Şol pursat hem rewolýutsiýanyň amala aşmagyna we Orsýetiň uruşdan çykmagyna getirýär. Bu ýagdaý Orsýediň bileleşikdäki beýleki döwletler bilen arasyndaky arabaglanşygyny kespär. Sowet soýuzy bolsa Türkiýe Respublikasynyň gurulmagyna getiren Azat ediş urşy mahalynda Ankara hökümetini goldamagy üçin ýagdaý döredýär.

 

            Bu söweşiň Türkiýe üçin syýasy, ykdysad we medeni taýdan ýetiren zyýanlary hakynda kelam agyz söz aýdyp gepleşigimizi tamamalamagymyz gerek bolsa, bu söweşde köp sanly ylymly-bilimli adamlaryň ölmegi sebäpli, Respublikanyň ilkinji ýyllarynda ylymly-bilimli adamlaryň azalmagyna we şonyň bilen baglanşykly kynçylyklaryň döremegine alyp barýar.   

 

 



Degişli Habarlar