Tarrantizm?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1172073
Tarrantizm?

 

Tarrantizm?

 

Awstraliýaly akýagyz rasist Brenton Tarrant Täze Zelandiýada guran we 50 musulmanyň ýogalmagyna sebäp bolan terror hüjüminden soň, terrorizmden bir usul hökmünde peýdalanýan rasizmiň we aşa sagyň nähili kesgitlenmelidigi bilen bagly diskussiýalar ýaňadandan gün tertibine geldi. Häzirki wagtda bar bolan atlandyrmalar “yslamafobiki terror”, “Yslam garşydaşlygy/duşmanlygy”, “Anti-islamizm” görnüşinde.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Anti-Semitizm, Anti-Islamizm

20-nji asyrda günbatarda başdan geçirilen ýehudi duşmançylygy we ýehudilere edilen wagşy çemeleşmeler anti-semitizm atlandyrylýar. Edil şonuň ýaly musulmanlara garşy barha ýaýbaňlanýan basyşlary we terror aksiýalaryny anti-islamizm, yslam duşmançylygy ýaly adalgalar bilen atlandyrmak hem pajygaly tragediýany häsýetlendirmek hem-de anti-islamizmi anti-semitizm bilen bilelikde jezalandyrmak taýdan netijeli bolup biler. Şonuň bilen bilelikde şeýle atlandyrmalar meseläniň esasy sebäbi bolan düşünjäni hem ýüze çykarýar. Meseläni ejir çekenler arkaly seljermek hem meseläni ýüze çykarýan mentaliteti we jenaýatlary üns merkezinden çetleşdirýär.

Beýleki tarapdan günbatardaky ýakyn we hakyky howp diňe bir yslam duşmançylygy däl. Tarrantyň günbatar jemgyýetlerinde akýagyzlardan başda halklary öldürmekden başga ýoluň ýokdugyny giňişleýin beýan edýän terror jarnamasynda görülşi ýaly akýagyzlardan daşgary ähli tapawutlyklar howp astynda. Rasist akýagyzlar we aşa sag üçin agýagyzlyk, günbatarly däl jemgyýetlerdäki akýagyzlary Ýewropadaky akýagyzlardan tapawutly. Olar üçin diňe Ýewropadaky akýagyzlar ilerde tutulýar.

Faşizm, Nasizm, Sionizm

Gözleýän adalgamyz aslyna seredilende täze, çägi bilinmeýän adalga däl. Adalganyň sözbaşysyny bilýäris: Rasizm. Emma häzirki wagtda bar bolan şertleri beýan etmekde rasizm ýeterlik bolmaýar. Bar bolan şertler ýönekeýje öz kowmuny söýmegi, onuň üçin işlemegi, ony öňe saýlamagy maksat edinýän rasizm däl. Ondan has ýokarda öz kowmy, ýaşaýyş durmuşy üçin başga kowumlary, tapawutly ýaşaýyş durmuşlaryny ýok etmegi nazarda tutýan, şol sebäpli Ýewropada ýygy-ýygydan görülşi ýaly ybadathanalary, adamlary öýlerinde diriligine ýakmagy, terror hüjümlerini usul hökmünde kabul eden rasizm. Şuňa meňzeş şertler üçin edebiýatda ulanýan ýeterlik sözlerimiz bar. Faşizm döwlet rasizmi hökmünde kabul edilip bilner. Nasizm bolsa döwleti özi üçin serişde hökmünde kabul edýän, nemesleriň agalygyna esaslanýan millet rasizmi. Sionizm bolsa hem millet hem-de din rasizminiň birleşmesi hökmünde häsýetlendirilip bilner. Sionizm Tedor Herlz tarapyndan oýlanyp tapylan, ýehudileriň saýlanan milletdigini, hudaýyň Türkiýäniň bir bölegini öz içine belli ýerleri özlerine wada berendigini, şol sebäpli bu ýerleri almak üçin ähli zady etmegiň legaldygyny öňe sürýän syýasy ideologiýadyr. Roger Garudiniň pikirine görä rasist we imperialist ideologiýa. Ysraýylyň BMG-niň kararlaryny, halkara hukugy, adam hukuklaryny we başlangyç azatlyklary äsgermän palestinalylara edýänini köp sanly alym we adam hukuklary aktiwisti Gitleriň ýehudilere edenleri bilen deňeşdirýär. Şübhesiz ähli ýehudiler sionizmiň tarapdary däldir. Sionizmi doly ret edýän, ýehudileriň döwlet gurmagynyň dinlerine bap gelmeýändigini pikir edýän we şol sebäpli Ysraýyly ykrar etmeýän prowaslaw ýehudiler hem bar.

Witeizm?, Wasizm?, Tarrantizm?

Faşizm döwlet rasizmi, nasizm millet rasizmi, sionizm din rasizmi hökmünde atlandyranymyzda bize gerek bolan adalga reňk rasizmi. Akýagyzlaryň agalygy beýany, terrorizmden usul hökmünde peýdalanýan akýagyz rasizmini beýan edýän iňňän ýerliksiz we ýönekeýdir. Çünki ýetilen sepgitde akýagyzlaryň agalygy indi ynanç däl, eýsem şol ynanç terroryň sebäbine öwrüldi.

Gerek bolan adalgany doly kesgitläp bilmesek hem nireden tapylmalydygyny, nämä üns çekmelidigini bilýäris. Adalga terrory we basyşy usul hökmünde kabul eden akýagyz rasistleriň düşünje dünýäsinden döredilmeli. Bu taýda faşizmi we nasizmi ýada salýan we şolar bilen bilelikde jezalandyrjak wasizm ýa-da waýtizm adalgalaryny saýlap bileris. Wasizm giňden ulanylan halatynda akýagyz rasist terrory, alalamagy, ýigrenji beýan edýän adalga hökmünde gysga möhletde ykrar edilip bilner. Emma şeýle bolan halatynda geçen hepde üns çeken meselelerimiz ýüze çykar. Hristianlygyň adyndan edilýän terrora hristian terrory, yslamyň adyndan edilýän terrora yslam terrory diýilmegi, şol dinlere uýýan jemgyýetleriň düzümindäki göwnejaý köplük üçin töhmet bolar. Şeýle çemeleşmeler ýa-da bloklaşdyrmalar terror guramalaryna has uly goşant goşar. Nasizmi nemeslerden tapawutlandyryp, millet rasizmi, sionizmi ýehudilerden tapawutlandyryp millet we din rasizmi hökmünde görýän bolsak, akýagyz rasizmini hem ony kabul etmeýän akýagyzlardan tapawutlandyrjak terminologiýa tapylmaly. Bu taýda jarnamasyny hem ýazandygy üçin akýagyz rasizmine esaslanýan terrora Tarrantizm diýmek ýerlikli bolsa gerek. Tarrantizm ähli akýagyzlary däl, jarnamasyna beýan edilşi ýaly terrory bir usul hökmünde legal kabul edýänler üçin ulanylmaly. Başga adalgalar teklip ediljek bolsa şu tapawutlyga üns berýän adalgalaşdyrma bolmaly.

Netijede başlangyç hak-hukuklary we azalyklary, söz azatlygyny, ýaşaýyş hukugyny basgylaýan, äsgermeýän, terrory usul hökmünde peýdalanýan  akýagyz razizmi ýa-da aşa sag terrory üçin täze bir adalganyň gerekdigi äşgär. Tapyljak her bir adalga ejir çekýänleri üns merkezine getirýän däl, günäkäriň mentalitetini beýan edýän we ony jezalandyrýan adalga bolmaly. Ýagny faşizm, nasizm we sionizmi ýada salýan we şolar bilen bilelikde jezalandyrjak aýratynlykda, akýagyz agalygyndan döredilen, emma ähli akýagyzlary günäkärlemeýän adalga….

Ankara Ýyldyrym Beýazyt uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Prof.dr. Kudret Bülbüliň Tarrantizm atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.  


Etiketkalar: #rasist , #nasizm , #hristiýan , #basyş

Degişli Habarlar