Şu gün Nowruz baýramy...

Milli medeniýetimiz we sosial durmuşymyz taýdan aýratyn ýeri bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys

Şu gün Nowruz baýramy...

Nowruz türk dünýäsiniň demirgazygyndan günortasyna, günbataryndan gündogaryna çenli ähli ýerde tapawutly atlar bilen bellenilip geçilýän we tebigatyň täzeden janlanmagyny aňladýan, ençeme ýüz ýyllap şol bir ruh bilen we şol bir millilik bilen bellenilip geçilýän täze ýyl we bahar baýramydyr.

Şatlyk we şadyýanlyk güni bolan nowruz adamlaryň biri-biri bilen jebis we agzybir bolmagyny üpjün edýär.

Nowruz baýramy türki dilli halklaryň eýe bolan we nesilden-nesile agtaryp şu günki güne çenli gelip ýeten medeni gymmatlyklaryň biridir.

Hiç sönmän müňlerçe ýylap ýanan nowruz ody geljekde-de adamlary biri-biri bilen jebisleşdirip, baýram şatlygy bilen, agzybir, bütewilik, birlik we söýgi bilen bellenip geçiler.



Degişli Habarlar