ÝAZYJY-ŞAHYR ÜÇIN ÝAZMASY KYN ZAT
Dost-Doganlygyň Taryhy 10
Dost-Doganlygyň Taryhy
ÝAZYJY-ŞAHYR ÜÇIN ÝAZMASY KYN ZAT
Kim ýagşylyk etse, bendelik borjy,
Kim ýamanlyk etse, özüne eder.
Ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi, döredijilik ýolynyň kynçylyklary hakynda özüniň durmuş ýolundan tymsallar berip, Abdyreşit Taşow, ýazyjy-şahyr üçin iň kyn zat hakynda, ýazyjy-şahyrlaryň özi barada ýazmak ýa-da gürrüň bermekdir – diýip sözüne başlady. Salyhatlylykdanmy, çekinjeňlikdenmi ýa-da şahyrlaryň özi barada pikir etmän, dünýäniň pikirini edýänligindenmi, garaz, gatnaşýan galamdaşlarymyň aglabasy meniň bilen pikirdeş. Şonuň üçinem şu günüň, geçmişiň, şeýle-de durmuşda bolýan we bolan wakalaryň gürrüňini näçe diýseň aýdyp bilerin. Mifler, rowaýatlar we ylmy fantastika degişli sýujetleri-de beýan edip bolar. Sebäbi mifler toslanan wakalar. Okyjylaryň toslamalara bolan gyzyklanmasy taryha ýa-da çeper edebiýata bolan gyzyklanmadan-da artykdyr. Rowaýatlaram könelişen taryhy wakalaryň we durmuş epizodlarynyň beýany. Fantastika bolsa entek görülmedik, bilinmedik we eşidilmedik wakalar we hadysalar, täsinlikler we teoretiki taýdan bolaýmagy mümkin hasap edilýän zatlar. Bular maňa gazýete makala ýazandanam aňsat. Makalany ýazmak üçin materialyny toplamaly, faktlaryny anyklamaly, hyjuwa ýugrup, çeper görnüşde ýazmaly, teksti analizlemeli, öz pikiriňi aýtmaly, netije çykarmaly... garaz, hysyrdysy kän. Şeýle-de bolsa otuz ýyllap gazetiň “çöregini” iýdim. Gazetem ömrümiň iň gözel döwrüniň otuz ýylyny ýuwutdy.
Ondan öňki maglumatlarym – doglan ýerim, ýylym, aýym, günüm pasportymyň göçürmesinde bar. Göçürmedäki şol maglumatlara görä 1945-nji ýylyň awgust aýynyň üçünji gününde häzirki Lebap welaýatynda, Türkmenistanyň çet-gündogar welaýatynyň iň gündogarynda ýerleşen öňki Çarşaňňy etrabynyň Hatap obasynda ikinji jahan urşunyň tamamlanan ýylynda dünýä inen, ösüp-ulalan, okan, hünärli bolan, aýlygyny halal gazanja öwren sada-türkana Abdyreşidiň ýaşlyk terjimehaly kim üçin gyzyklydyr öýdýärsiňiz!?
Döredijilik bilen meşgullanan döwrüm başga mesele!
Şeýle-de bolsa käbir zatlary aýdaýyn. Bäş ýaşymda özbaşdak okamany-ýazmany öwrendim. Elbetde, Atamyň ýardamy bilen. Alty ýaşymda birinji synpa okuwa bardym. Okuwa barşym üýtgeşik boldy. Iliň çagasy ýaly 1-nji sentýabr güni däl-de, oktýabr aýynyňam ortalarynda. Ejem mekdepde tämizleýji bolup işleýärdi. Menem ýanynda bile gidip, kem-käs işlerine kömekleşerdim. Şol kömekleşip ýörşüme birinji synplaryň klas otagyna barmaly boldum. Ine, şonda birinji synply bir okuwçynyň iki gezek ikiniň näçedigini bilmän, tagtanyň ýanynda sömelip duranyny gördüm. Mugallym hem atamyň uruşda bile bolan dostudy. Oňa Işan Egemow diýýärdiler.
Sömelip duran oglana nebsim agyrdy. Oňa ýuwaşlyk bilen “dört” diýip, pyşyrdadym. Mugallymam eşitdi öýdýän. “hany, sen bilýän bolsaň, aýt, iki üçümiz näçe bolýar?” “Alty” “Iki dört?” “Sekiz”. Mugallym ikiniň köpeltmek tablisasyny doly sorap çykýança, bu sowal-jogap dowam etdi. “Üçem bilýärmiň?” “Bilýän, mugallym!” “Goşgam bilýäňmi?” Men sesimi çykarman Gurban Çöliewýiň okuw kitabynda bolmadyk bir goşgusyny ýatdan aýdyp berdim. Mugallym “berekella” aýdyp, elimi gysyp goýberdi.
Agşam mallary bakydan getirip, öýe gelsem, Işan Egemow atam bilen gürleşip otyr eken. Iki dost meniň birinji synpa okuwa barmalydygym baradaky meseläni eýýäm çözüpdirler. Şeýdip, men birinji synpa okuwa bardym. Eýýäm bäşinji synpda agamyň Magdanlydaky onýyllyk mekdep internata okuwyny dowam etdirmek üçin gidenligi sebäpli, öýdäki bäş-on sany maýda maly bakmak hem meniň paýyma düşüpdi.
Entek 1958-nji ýylda, obadaky ýediýyllyk mekdebiň ýedinji synpynda okap ýörkäk, mekdebimize etrap gazýetiniň redaktory geldi. Tanyşlykdan soň, redaktor adat bolşy ýaly, gazýetiň işi barada gysgaça gürrüň berip, yzyndanam sen-men ýok: “Bize makala ýazyň!” diýdi. Megerem, gazet bilen aragatnaşyk saklaýan oba habarçylary azlyk edýär öýdýän. Her niçigem bolsa, biz bütin synp bolup, her kim özbaşyna bir makala ýazdyk. Köpem däl, synpymyzda şol wagt dokuz oglan, iki gyz bardy. Sebäbi urşuň gyrgynçylygy nesilleriň azalmagyna getiripdi.
Ýazdyk. On bir makaladan onusy çykdy. Diňe meniň makalam çykmady. Ylgap barýan bedewim büdrän ýaly boldy. Gursagymda namys közi köredi. Göriplikden däl-de, kemsinmeden hyrçymy dişläp öýe gaýtdym. Ejem görgüli synçydy: “Näme, dodagyň ganjaryp dur?” diýdi. Ejemden hiç zady gizlemezdim. Ol meni üns berip diňledi-de: “Sen goşguly kitaplary köp okaýarsyň–diýdi. – Özüňem arasynda ownukly-irili goşgulary ýazyp ýörsüň. Şahyrlyk seniň ganyňda bardyr. Ýadyňdamy, bir gezek seni mal bakyp ýören ýeriňden beýhuş halda alyp geldiler. Agzyňdan ak köpük saçyp ýatyrdyň. Şonda garşyly Ahmethan işan babalar öýdedi. Ol keramatly kişidi. Seni okap, agzyňa-da üç gezek tüýküripdi. Şondan soň sagalyp, sen goşgy döredip başlapdyň. Şol goşgularyňdan bir-iki sanysyny gazýete ýollap goýber. Çykar welin, sen synpdaşlaryňdan hem öňe düşersiň. Makala näme?! Ony iki sözüň başyny çatyp bilýän islendik adam ýazyp biler. Goşgyny welin, her kim-her kim ýazyp bilmez. Şahyr bolmak üçin sowadam gerekdir, emma şahyrlyk Hakdan berilýändir. Eger öňki goşgularyňy rowa görmeseň, onda täzesini ýaz! Seniň üçin goşgy ýazmak daýhançylyk dälmi näme?”
Ejemiň aýdanlary ýüregime jüňk boldy. Täze goşgy ýazjak bolup, elime galam-kagyz alyp, her näçe otursam-da, eger-eger, ýekeje setirem döränok. Gijäniň birwagtyna çenli boşuna oturdym. Ertesem şeýle, birigünem şeýle. Şonda men goşgyny ýazjak diýip, ýazyp bolmaýandygyna düşündim.