Ani ýüzlerçe ýyllap köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini eden gadymy ýaşaýyş merkezi

Türkiýä gezelenç 11

Ani ýüzlerçe ýyllap köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini eden gadymy ýaşaýyş merkezi
Ani ýüzlerçe ýyllap köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini eden gadymy ýaşaýyş merkezi
Ani ýüzlerçe ýyllap köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini eden gadymy ýaşaýyş merkezi

Ani ýüzlerçe ýyllap köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini eden gadymy ýaşaýyş merkezi

 

Türkiýäniň çar tarapynda ýüzlerçe ýyllap köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini eden gadymy ýaşaýyş merkezleri bar… Şolardan biri hem Ani arheologik giňişligi…

Gündogar Anadolyda, Kars welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän Ani arheologik giňişligi gadymy döwürlerden bäri ýaşaýyş merkezi bolupdyr. Sebäbi ýaşaýyş we goranyş taýdan amatly bolan geografik özboluşlyga eýe. Şäher orta asyrlarda esasy söwda ýoly bolan Ýüpek ýolunyň Kawkazdan Anadola geçýän ilkinji nokadynda gurlypdyr. Ýerleşişi sebäpli ähmiýeti barha artyp, sebitiň syýasy, medeni we ykdysady merkezine öwrülipdir.

Wagtyň geçmegi bilen köp medeniýetli söwda merkezine öwrülen Anide şäher gurluşygy, binagärlik we sungat ösýär. Sebitde ýaşap geçen otparaz, hristian we musulman halklar şäheriň medeniýetini baýlaşdyryp, binagärlik usulyna-da täsirini ýetiripdir. Içerki galada 4-nji asyrda başlan ýaşaýyş ýapyk şäher modelinden açyk şäher modeline geçmegiň sebitdäki ilkinji nusgasyny emele getirýär.

Gadmy Ani şäheri taryhda gürji, ermeni, wizant, Seljuk we Osman medeniýetleriniň çatrygy bolupdyr. Medeni alyş-çalyşlar netijesinde ýüze çykan binagärlik ülňüleri, gurluşyk materiallary we usullary, bezeg özbolyşlyklary bolsa soň soňlar Anadola we Kawkaza ýaýran Ana mahsus binagärlik diliniň emele gelmegini üpjün edýär, özboluşly ýadygärlik binalar gurulýar.

Söwda ýollarynyň ugrunyň üýtgemegi sebäpli ähmiýeti azalan Ani, 16-njy asyryň başlarynda terk edilipdir.

Gadymy şäher dini we harby binalary bilen orta asyr şäher gurluşygynyň aýratynlygyny özünde jemleýär.

Ani arheologik giňişligi 78 gekdar meýdany eýeleýär. Giňişlik arheologik taýdan şeýle baý welin, demir we bürünç döwürlerine degişli galyndylaram, 15-nji asyra degişli eserlerem tapylýar. Şäheriň daşky galasy 96-njy ýyllarda gurlupdyr. Galanyň içinde döwlet edaralary, jemgyýetçilik binalar, katedral, metjit, buthana, kerwensaraý, hammam we köpri ýaly biziň günlerimize çenli gelip ýeten 21 sany bellige alynan taryhy ýadygärlik bar. Şäher şol özboluşlyklary sebäpli 2016-njy ýylda UNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna girizilýär.

Ani arheologik giňişligini görmek üçin Karsa barsaňyz; 12-nji asyrda gurlan Kars galasyny görmegiňizi, gyş aýlarynda Sarykamyş lyža merkezinde lyžada typmagyňyzy, Çyldyr kölünde atly sanilere münmegiňizi, Kuýujuk guş jennetine baryp görmegiňizi maslahat berýäris.

Kars: baly, peýniri, hangel nahary, gaz etinden bişirilýän tagamlary bilen meşhur.

Sebitleýin medeni baýlygyň beýany bolan ýerli folklor oýunlaryna tomaşa etmegiňizi we ýerli bagşylary diňlemegiňizi maslahat berýäris.



Degişli Habarlar