TÜRKMEN HALYSYNYŇ TARYHY

Dost-Doganlygyň Taryhy 09

TÜRKMEN HALYSYNYŇ TARYHY

 

TÜRKMEN HALYSYNYŇ TARYHY

Türkmeniň haly sungatynyň taryhyna ser salan mahalymyz, çarwa türkmenleriň öz döwründe gazanan üstünlikleriniň gözbaşynda, olaryň iň uly açyşlarynyň biri bolan haly durýar. Bu açyşyň gadymylygy ýaly, çarwalar tarapyndan taýýarlanan keçelerdir halylar, ýer ýüzündäki iň gadymy keçedir halylardyr. Muny, Sibiriň günortasyndaky, Daglyk Altaýdaky, Pazyryk depeleriniň iň ulusy bolan 5-nji Pazyryk depesinden, miladydan öňki bäşinji asyrda jaýlanan merhumyň mazarynda, onyň bilen bilelikde gömülen atyň eýerligi we beýleki tapylan zatlar hem tassyklaýar. Şol baýyrlykda tapylan mazarlykda amala aşyrylan gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan zatlar, gadymy asyryň çarwalarynyň durmuşyna aralaşmaga mümkinçilik döredýär.

Çarwa türkmenler diýlen wagty, çarwa türkmenleriň özlerinde bar bolan dürli görnüşli keçeler bilen kanagatlanaýjak ýaly görünýär, olaryň durmuşynda haly zerurçylylygy bolmajak ýaly. Emma çarwalar, gözellik, bezeg we beýleki estetiki zatlar bolmanda hem oňup biläýjek ýaly. Köpleriň şeýle pikire gelmekleriniň sebäbi, çarwalaryň ýüňden keçe edip bilýändikleri we şol keçeleri durmuşyň dürli ýerlerinde ulanmaga mümkinçilikleriniň bolandygydyr. Çarwalar keçeden gara öýleriniň serpigini we örtügini taýýarlamak bilen galman, eginlerine eşik, aýaklaryna aýakgap, eýer, at keçeleri, düýeler we beýleki öý haýwanlary üçin halyklar taýýarlapdyrlar. Şonuň üçin hem çarwalara haly-palasyň känbir geregi hem ýok ýaly bolup görünse-de, türkmeniň haly sungaty beýleki halklaryňka garanyňda has kämillik derejesine ýeten sungat derejesindedir.

Muňa, Ahalda we Maryda, merkezi bölegine “guşly göl”, “garly göl”, “salyr göl” gölleri salnyp dokalýan teke halylarynyň, esasan Tagtabazar we Saragt etraplarynda, merkezi bölegine “garçyn göl”, “pendi göl” ýa-da “aýna göl”, “çakmak göl”, “gyýma göl” ýaly göller salnyp dokalýan pendi halylary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda, merkezi bölegine “gabsa göl”, “dyrnak göl”, “japarbaý göl”, “pyşbaga” gölleri salnyp dokalýan ýomut halylary, Lebap welaýatynda, merkezi bölegine “gülli göl”, “derweze göl”, “küňreli göl”, “bäş aý beşir”, “harran beşir”, “ýylan beşir” gölleri salnyp dokalýan ärsary halylary, Daşoguz welaýatynda, merkezi bölegine “gülli göl”, “guşly göl”, “wazzyk göl”, “dyrnak göl”, “towuk göl” gölleri salnyp dokalýan daşoguz halylary hem şaýatlyk edýär.

  Ýokarda sanap geçenlerimiz häzirki zaman türkmen halylary bolmak bilen, şeýle köpsanly görnüşdäki  halylardan diňe bir düşeklik üçin dokamak bilen galman, hem hojalykda ulanylýan, hem-de öýe bezeg berip duran haly önümleri dokalyar. Toý güni düýäni bezemek üçin ulanylýan asmalyk, atyň arkasyna atylýan at halysy, öýüň iç ýüzünden gapynyň bezegi üçin ulanylýan gapylyk, gap-gaç we ownuk zatlary saklamak üçin niýetlenilen torba, öýüň içini bezemek üçin ulanylýan ümür-duman ýaly haly önümleri bularyň käbiridir.  

Haly dokamaklygyň sebitleýin ýaýraýşyna ser salan mahalymyzda, bu meselä degişli bolan niçikdir bir belli-külli pikire gelmek mümkindir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlara garap geçeliň we ony Hytaýdan başlalyň. Hytaýda çitimli halylar Günbataryň sowgady hökmünde, XIV asyrda bolsa, „günbatarly wagşylaryň“ döreden önümi hökmünde ýatlanylýar. Hytaý halylarynyň saklanyp galan iň gadymy nusgalary XIV asyryň ahyrynda imperatoryň köşgi üçin niýetlenip dokalan halylardyr.

Hindistanda öýde dokma dokamagyň tejribesi giň ýaýran däldir. Bu ýerde ilkinji halylay XVI asyrda şa köşgi üçin Orta Aziýadan getirilen halyçylar tarapyndan dokalypdyr. Hindi göllerinde esasan gül şklindäki göller ulanylypdyr.

Pars halylaryny dokamagyň taryhynyň örän uzaklardan gaýdýandygy barada pikir ýöredilýär. Ýöne bu yerdäki saklanyp galan iň gadymy halylar XV ýa-da XVI asyrdan aňry geçmeýär. Olara salnan gölleriň çylşyrymlylygy we gadymylygy haly dokamaklygyň taryhynyň uzaklardan gaýdýandygyny salgy berýär.

Türkiýede halylar XIV asyryň başlaryndan ýaýrap başlaýar. Türk halylarynyň gölleri görnüşleri boýunça dürli-dürlidir. Geometrik, örülen şekildäki göllerdir. Gölleriň ikinji bir görnüşi gülleriň keşbindedir. Üçünji bir topara degişli gölleriň gelip çykyşynda Merkezi Aziýada dokalaýnan halylaryň göllerine meňzeşlik bardyr.

Merkezi Aziýanyň göçüp-gonup ýören çarwalarynyň haly dokama sungaty bilen baglanşykly maglumatlar gyzyklydyr. Günbatara tarap süýşýän çarwa mongollar haly dokamakdan bütünleý bihabar bolan bolsalar, gazaklardyr gyrgyzlaryňam dokmaçylyk önümçiligi bolmandyr. Türküstanly türkmenler haly dokamagyň ähli syryny bilipdirler we çitimli, öýdelip dokalýan üpürjik, ýumşak halylary dokamakdan baş çykarypdyrlar. Olar çitimsiz halylary we keçeleri, düýe halyklaryny, at keçelerini taýýarlamak bilen gündelik meşgullanypdyrlar. Bir söz bilen aýdanyňda haly dokamagyň başyny gündogaryň çarwa mogollary-da, gazaklar, gyrgyzlaram başlamandyr. Bu hünär has günbatarda başlapdyr, megerem, türk dilinde gürleýän göçme halklar ony özleşdirip, Türkmenistanyň, Eýranyň etraplaryna ýaýradyp, Kiçi Aziýa sebitini haly dokalýan mesgene öwren bolsalar gerek.

Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan we maldarçylyk bilen meşgullanýan ilat onuň daşyna ýaýraýan haly önümleriniň hemmesini öndüripdir. Türkmenleriň haly-palaslary, halyçalary we kilimleri Merkezi Aziýa sebitindäki ähli çarwa we şäher ilatynyň arasynda meşhur bolanlygy hemmelere mälimdir.

Sumbar jülgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde çitimli halylaryň dörän wagtynyň anyk senesi kesgitlendi, öňki kabul edilen möhlet müň ýyl aňry süýşürildi. Türkmenistanyň çäginde halylary dokamada 3500 ýylyň dowamynda şol bir guralyň ulanylandygynyň anyklanmagy, Türkmenistany haly dokamaklygyň watany diýip tassyklamaga mümkinçilik berýär.   

 


Etiketkalar: taryh , sungat , medeniýet , haly

Degişli Habarlar