Kaşmir: Diňmeýän Gussa

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1158199
Kaşmir: Diňmeýän Gussa

Şu hepde, 20 ýyl soň ýadro ýaragyna eýe bolan iki güýç; Hindistan bilen Pakistanyň arasynda dartgynlyk ýüze çykdy. Hindistan tarapyndan basylyp alynan Jammu Kaşmirde 44 hindi esgeriniň öldürilmeginden soň Hindistana degişli harby uçarlar hüjümlerden jogapkär saýylan Pakistanyň gözegçiligindäki zolaklara hüjüm gurady. pakistanyň garşylyk görkezmeginden son iki sany hindi uçary urlup düşürildi. Ýesir alynan bir hindi uçarmany birnäçe gün soň Pakistan tarapyndan Hindistana berildi.

Dartgynlyk aslyna seredilende çaknyşyk howpy elmydama ýokary bolan meseleden, Kaşmir meselesinden gelip çykýar. Eýsem Kaşmir meselesi nämeden ybarat?

İňlis Klassikasy

İndeý atalar sözünde şeýle diýilýär: eger bir derýada iki balyk uruşýan bolsa, bilip goýuň şol ýerden uzyn satanly iňlis geçendir”. Kaşmirde esasan Britaniýanyň basyp alan ýerlerinden yza çekilen mahaly gerek bolan halatynda işlerine goşulyşmak, aýrylan ýerleriniň ösüşini bökdemek üçin dartgynly goýulan ýerlerden biri.

Aşakky hindi zolagy müňünji ýyllardan başlap 1857-nji ýyla çenli 700 ýyla golaý türki soltanlar tarapyndan dolandyrylýar. Soňky Baburlylar şasy Bahadyr Şanyň 1857-nji ýyda iňlislerden ýeňilmegi bilen sebitde soltanlyklar döwri ýykylyp, iňlis häkimiýeti başlaýar. Asyrlaryň dowamynda öz dilleri, dinleri we reňkleri bilen agzybir ýaşanlar, inlisler 90 ýyl soň materikden gaýdýarka ilki ikä, soň bolsa Hindistan, Pakistan we Bangladeş hökmünde üçe bölünýär. Şu günki günde iňlis dili Hindistanyň, Pakistanyň we Bangladeşiň resmi dillerinden biri.

Halkyň Pakistana birikme garamazdan Gubernatoryn Hindistana birikdiren sebiti

1947-nji ýylda Hindistan we Pakistan garaşsyzlygyny yglan edende musulman ilatyň köplükde bolan ýerleri Pakistana, hindileriň köplükde bolan ýerleri bolsa Hindistana berilýär. Kaşmir bolsa ilatynyň 90 göterimine golaýy musulman hem bolsa, Britaniýa tarapyndan Pakistana berilmeýär. Kaşmiriň geljegi Kaşmiriň halkynyň ygtyýaryna berilýär. Britaniýanyň şol karary Kaşmirde şol günden bäri dowam edýän düşnüşmezligiň, çaknyşyklaryň, adam pidalarynyň esasy sebäbidir. 1947-nji ýylda geçirilen referendumda Kaşmiriň halkynyň esasy bölegi Pakistana birikmek üçin ses beren hem bolsa, netije başgaça bolýar. Kaşmiriň hindi şazadasy Miraje Hari Sing Hindistana birikmek barada karar kabul edýär. Kaşmiriň halky karara garşy durdy, ol bolsa Hindistandan kömek talap etdi. Hindi esgerleriniň Kaşmire gelmegi bilen Pakistanyň esgerleri hem Kaşmire gelýär. Şeýlelikde iki ýurduň arasynda ilkinji söweş 1947-nji ýylda bolýar.

Uruşlar we häzirki şertler

Taraplaryň arasyndaky ilkinji uruş BMG-niň töwellaçylyk etmeginde 1949-njy ýylyň ýanwarynda bes edilýär. Ylalaşyga görä taraplar Kaşmirden goşunlaryny yzyna çekýär we Kaşmiriň geljegi BMG-niň gözegçiliginde geçirilen referendumda kesgitlenmelidi. Emma Hindistanyň garşy durmagy sebäpli referendum gereçirilmedi. Hindistan öz gözegçiligindäki zoplagy “Jammu Kaşmir” atlandyryp, özüne birikdirýär. Pakistan bolsa öz gözegçiligindäki zolaga “Azat Kaşmir” ady bilen awtanomlyk derejesini berýär. İki ýurt 1965-1999-nji ýyllarda Kaşmirdäki düşnüşmezlikler sebäpli ýaňadandan söweşýärler.

1962-nji ýyldaky Hytaý-Hindistan urşundan soň bolsa Kaşmiriň bir bölegi Hytaýyň gözegçiligine geçýär. Kaşmiriň 45 göterimi Hindistanyň, 35 göterimi Pakistanyň, 20 göterimi bolsa Hytaýyň gözegçiliginde.

Britaniýanyň goýup giden Kaşmir meselesi sebäpli şu günki güne çenli 100 müňden gowrak adam pida boldy, 1,5 million adam Kaşmirden gitdi.

Çözgüt tapmak mümkinmi?

İlki bilen dartgynlyk gowşadylmaly. Hindistan Pakistany terrorizme goldaw bermekde günäkärleýär. Hindistan gerek bolan halatynda mesele boýunça BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine ýüz tutup biler. emma bu meselede gönüden hüjüm guramagy ýerlikli bolmaz. Pakistanyň terrorizm meselesinde hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny beýan etmegi oňyn başlangyç.

Pakistan Kaşmir meselesiniň BMG-nin Howpsyzlyk Geňeşiniň 1948-nji ýylda kabul eden referendum kararyna laýyklykda çözülmegini isleýär. Hindistan bolsa Kaşmiriň ilatynyň esasy bölegi musulman bolany üçin oňa ýakyn durmaýar. Şol sebäpli Kaşmiri harby güýji bilen elinden saklamaga synanşýar. Türkiýe bolsa meselä BMG-niň kararyna laýyklykda çemeleşýär.

Geçmişden gelen tejribe çözgüt tapgyryna Kaşmiriň halkynyň hem degişli edilmelidigini görkezýär. Halkyň kabul etjek çözgüdiniň üstünde işlemek has ýerlikli bolar.

Çözgütlerden biri referendum arkaly tapyljak çözgüt. Kaşmiriň halkynyň Pakistana ýakynlygy mälim. Şol sebäpli Hindistan şol çözgüde garşy durýar.

Beýleki bir alternatiw Kaşmiriň garaşsyz döwlet hökmünde yglan edilmegi. Emma iki döwlet hem şeýle çözgüde ýakyn durjaga meňzemeýär.

Türkiýe artykmaç ýitgi çekilmezligi, halkyň gam-gussasynyň diňmegi üçin taraplar islän halatynda degişli goşandy goşup biljek ýurlardan biri. Türkiýäniň Kaşmir meselesine bolan garaýyşy imperial däl, adalatly çözülmegine esaslanýar.

Hindistan bilen Pakistan Kaşmir meselesiniň diňe özlerini gyzyklandyrýandygyny we şol sebäpli öz aralarynda çözgüt taypjakdyklaryny pikir edýän bolsalar, ol mümkin görünmeýär. Muňa garamazdan taraplar Kaşmir meselesi arkaly aslyna seredilende özleriniň üsti bilen has global urşuň alynyp barylýandygyna, özleriniň global urşuň sebäpkärine öwrülmek islenýändigine göz ýetiren halatynda çözgüt tapmak has ýeňil bolar. ABŞ-nyň Hytaýyň öňüni almak üçin Hindistana berýän goldawy, edil şonuň ýaly-da Hytaýyň Pakistana berýän goldawy aslyna seredilende wekilçilikli urşy ýada salýar. İki ýurt hem özlerinden dowam etidirilmegi islenýän bu çaknyşyga göz ýetirmän halatynda köp zat ýitirerler. Emma meselä göz ýetirip, Kaşmir boýunça ylalaşan halatynda nähili köp zat gazanjakdygyny görerler. Çaknyşyklary bes eden Hindistan bilen Pakistanyň ösüş tapgyry güýçlener, öz jemgyýetleriniň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni gazananlaryna goşant goşarlar.



Degişli Habarlar