Troýa dünýäniň iň meşhur gadymy şäherlerinden biri…

Türkiýä gezelenç 10

Troýa dünýäniň iň meşhur gadymy şäherlerinden biri…
Troýa dünýäniň iň meşhur gadymy şäherlerinden biri…
Troýa dünýäniň iň meşhur gadymy şäherlerinden biri…

Troýa dünýäniň iň meşhur gadymy şäherlerinden biri…

Türkiýä gezelenç 

 

Troýa dünýäniň iň meşhur gadymy şäherlerinden biri…

Dessanlara tema bolan; taryhyň “yşk, gahrymançylyk we swilizasiýa öýjügi” atlandyrylýan şäherdir Troýa… Dardanel bogazynyň kenaryna 4,5 kilometr alysda, Gaz dagynyň eteklerinde gurulan gadymy şäheriň ýeri b.e.ozalky 3-nji müň ýyla çenli uzap gidýär.

Gomeriň Iliada dessanynda gürrüň berilýän Troýa söweşiniň bolan ýeri gelenleri müňler ýyllyk gezelenje alyp gidýär.

Eteklerinde Troýaýerleşýän Gaz dagy mifologiýa görä dünýäniň ilkinji gözellik bäsleşiginiň geçirilen ýeri. Gözellik bäsleşigine gatnaşan gözeller Hera, Afrodit we Atena. Emin agza Paris, özüne Sparta şasynyň aýaly Elenany wada beren Afriditi saýlaýar. Parisiň Elenany alyp gaçmagy bolsa urşuň turmagyna sebäp bolýar. İki söýgüli gaçyp, Troýa gelýär we şeýlelikde Akalar bilenTroýanyň halkynyň arasynda 10 ýyla golaý dowam etjek söweş başlaýar.

B.e.ozalky 1170-nji ýyllarda bolandygy çaklanylýan Troýa söweşinde ýeňiji bolmandygy sebäpli akalylar trualylara mekirlik bilen duzak gurýarlar we şeýlelikde Troýany basyp alýarlar.

Troýa söweşler we tebigy apatlar sebäpli birnäçe gezek gaýtadan gurlupdyr. Ýaşaýyş üçin amatly geografik özboluşlygy, taryh boýy şäher durmuşy üçin üns merkezine öwrülmegine sebäp bolupdyr. 14-nji asyryň ahyrlarynda ykdysady we medeni ähmiýeti azalmaga başlaýar.

Troýanyň esasy özboluşlygy 9 sany tapawutly şäher gatlagyna eýe bolmagy. Şol 9 gatlak üznüksiz häsýetde 3000 ýyldan gowrak wagty beýan edýär we sebitde ýaşap geçen swilizasiýany aňladýar.

Şol ajaýyp arheologik şäherde ilkinji gazuw-agtaryş işleri 1871-nji ýylda geçirilipdir. Soňky ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde teatr, hammamlar, dürli tapyndylar bilen kämil lagym ulgamy we binalaryň galyndylary tapylýar.

Adamzat taryhynyň esasy ýaşaýyş merkezi 1998-nji ýyldan bäri UNESKO-nyň Dünýä miras sanawynda…

Troýany görmek üçin Çanakgala ýoluňyz düşse, dünýä taryhynyň esasy söweşlerinden biriniň, Çanakgala söweşinden soň gurlan Şehitlikleri zyýarat etmegiňizi, Assosda Atena ybadathanasyna baryp görmegiňizi, Gaz daglaryny gezmegiňizi maslahat berýäris. Gökje ada we Bozja ada gözellikleri bilen sizi haýran etjek syýahatçylyk zolaklaryndan käbirleri.



Degişli Habarlar