AŞYK WEÝSEL ŞATYROGLUNYŇ ÖMÜR BEÝANY

Dost-Doganlygyň Taryhy 08

AŞYK WEÝSEL ŞATYROGLUNYŇ ÖMÜR BEÝANY

 

 

 

AŞYK WEÝSEL ŞATYROGLUNYŇ ÖMÜR BEÝANY

 

Gün ikindi, agşam bolar,

Gör başyma näler geler.

Weýsel gider, ady galar,

Dostlarym meni ýatlasyn.

 

            Setirlerini ýazan we saza salyp aýdym edip aýdan ussat bagşy Aşyk Weýsel, aşyklar ýolunyň wekillerinden bolup, Hem ýaşap geçen wagty hem-dä häzirki günde Türkiýede uly höwes bilen diňlenýän bagşydyr. Bagşyçylyk ýoluna baş goşan ilkinji ýyllarynda, Aşyk Weýsel, öz ýaşan döwründe we zamanasyndan has irräkki döwürlerde ýaşan we döreden ussatlardan, Pir Sultan Abdal, Garaoglan, Dertli, Rühsati ýaly ussat ozanlaryň ýazan we aýdan aýdymlaryny aýtmak bilen başlaýar.  

 

            Weýsel Şatyroglu, 1894-nji ýylda Siwasyň Şarkyşla etrabyna degişli Siwrialan obasynda dünýä inýär. Aşyk Weýseliň dünýä inişi hem onuň ýaşap geçen döwrüniň Türkiýesi üçin adaty bir ýagdaý bolan hem bolsa, häzirki döwrüň adamlary onuň dünýä gelişini geňirgemek bilen garşylap bilerler. Onuň dünýä gelişi hakynda gürüň berenimizde, ejesi Gülüzar eje, Siwrialanyň ýakynlaryndaky Aýypynary atly öri meýdanynda goýun sagmaga giden wagty sanjysy tutup başlaýar, şol ýerde hem Weýseli dogurýar. Göbegini hem özi kesip, bir bölek mata dolaýar-da oba ýöräp gidýär.  

 

            Aşyk Weýseliň kakasyna Ahmet diýipdirler we Weýsel dünýä inen döwürlerinde Siwas we onyň etrabyndaky ýerlerde mama keseli möwç alyp ýaýrapdyr. Weýselden öň kakasynyň iki gyzy mama keselinden dünýäden ötüpdirler. Weýsel ýedi ýaşyna ýetende, mama keseli Siwasda täzeden möwç almaga başlapdyr we Weýsele hem ýokuşypdyr. Agyr mama keseline duçar bolandygy üçin kesel onyň ilki bilen çep gözüni alýar, çep gözündäki ýara sebäpli sag gözüne ýorka inýär we şol günden beýläk dünýä onuň üçin zyndan bolýar.

 

            Şeýle hem bolsa onuň sag gözüniň görmegi üçin mümkinçilik bolupdyr. Kakasyna goňşy obada oglunyň gözüni bejerip biljek doktoryň bardygyny aýdýarlar. Kakasy bu habary eşdenine şat bolup, ogluny äkitmek üçin wagtyny peýläp ýörkä, oglunyň şor maňlaýyna ýazylan betbagtçylyk ebşitläp tutan ýakasyny sypdyrmaýar. Bir gün, Weýsel sygyr sagyp durka, kakasy ýanyna gelýär. Weýsel hem birden yzyna öwrülýär welin edil şol wagt kakasynyň elindäki taýagyň ujy onyň abat bolan beýleki gözüne girýär. Şeýlelik bilen onuň beýleki gözi hem akýar.  

 

            Gözi akyp, batyl bolan Weýseli şondan soňra bajysy Elif idegläp gezmeli bolýar. Bu ýagdaý sebäpli Weýsel ruhy taýdan çökgünlik geçirýär. Emma, olaryň oturan ýeri bolan Emlek we onuň töweregi Siwasyň bagşydyr-sazandalar bilen tanalýan ýeri boludyr. Weýseli bu ýagdaýdan alyp çykmak üçin eline bir dutar berip bagşydyr-sazandalaryň ýanyna iberýärler.

 

            Ilkinji saz sapagyny kakasynyň ýoldaşy, Diwrigi obasyndan Ali agadan alýar. Özi hem tüýs ýürekden aýdym-saza berilýär. Ussatlaryň döreden sazlaryny çalyp, aýdymlaryny aýtmaga başlaýar. Şeýlelik bilen hem, garaňkylykda galan dünýäsinden gutulyp, aýdym-sazyň dünýäni ýaňlandyrýan ýagty dünýäsine gadam basýar.

 

            Aýdym-sazyň gudraty bilen, batyl galan oglanyň ýaňy dünýäsi ýagtylmaga başlanda, ikinji bir urgy, ýekelik diýen derdi-bela başyna düşýär. Aşyk Weýseliň durmuşyndaky ikinji urgynyň sebäbi hem ýurtda çykan uruş bolýar, deň-duşlarynyň ählisi urşa gidenden soň, “hudaýa ýagşy” diýlen ýekelikde galyberýär. Dost-ýarsyzlygyň derdi, garyplyk, göwnüniň has hem çökmegine alyp barýar. Şondan soň diwanalar ýaly, gündizlerine kiçijik armyt agajynyň aşagynda ýatyp-turuýan bolsa, gijelerine agaçlaryň depesine çykyp içindäki derdini göge, garaňkylyga dökmeli bolýar.  

 

            Aşyk Weýseliň içiniň gysmagynyň sebäbi hem onyň watansöýerligi, watanyň öňündäki borjy ony elmydama biynjalyk edýärdi. Şol biynjalyklygyny hem soňraky ýyllarda özüniň şygyrlarynyň setirlerinde şeýle beýan edýär:

 

Duşmany deňize dökende millet,

Pelek gyrdy golumy, bermedi gezek.

Minnet etmezdim bir çemçe gana,

Näler geldi bu Weýseliň başyna.
 

1931-nji ýylda Siwas mekdebiniň edebiýat mugallymy Ahmet Kutsi Tejer we onuň ýoldaşlary “Halk şahyrlaryny gorama birleşigini” gurýarlar. Şol ýylda hem üç gün boýunça dowam eden Halk şahyrlarynyň baýramçylygyny geçirýärler. Şeýlelik bilen şol baýramçylyk Weýseliň ömründe täze bir öwrülüşigiň bolmagyna alyp barýar.

 

            1933-njı ýylda Kutsi Tejeriň görkezmesi esasynda, respublikanyň döredilmeginiň onýylygy mynasybetli ähli halk bagşylary, respublika we Atatürke bagyşlap şygyr ýazýarlar. Şol şygyrlaryň arasynda Weýseliň ýazan şygry hem bar. Bu şygry hem ony dıňe bir öz obasynda däl, eýsem uly ile tanatýar. Şol döwürde welaýat häkimi bolan Ali Ryza, Weýseliň goşgusyny gaty gowy görýär. Goşgyny Ankara ibermek isleýär. Weýsel hem „Atamyza men özüm giderin“ diýip ýola rowana bolýar. Goşgusyny Atatürke okap bermek nesip etmese hem, goşgusy gazýetde üç gün yzly-yzyna çap edilýär. Şol günden şeýläk ülkäniň ähli ýerlerini gezmäge, gezen ýerinde goşgusyny saza salyp, aýdym edip aýtmaga başlaýar. Halanýar, halkyň hormatyna mynasyp bolýar.

 

            Aşyk Weýseliň ilkinji ses ýazgysy geçirilen wagty, Aşyk Izzetiň:

           

            Mejnun men, Leýlamy gördim,

            Bir gezejik bakdy gitdi.

            Ne gepleşdi, ne soradym,

            Gaşlaryny çytdy gitdi.

           

– diýen bent bilen başlanýan aýdymny ýerine ýetirýär.

 

Oba institutlarynda saz mugallymy bolup işlän Aşyk Weýsel, 1973-nji ýylda öz dogduk mekanynda, Siwrialanda aradan çykýar.

 


Etiketkalar: bagşy , şygyr , Aşyk Weýsel

Degişli Habarlar