Selimiýe metjidi sözüň doly manysynda ussatlyk eseri

Türkiýa Gezelenç 09

Selimiýe metjidi sözüň doly manysynda ussatlyk eseri
Selimiýe metjidi
Selimiýe metjidi

 

Selimiýe metjidi

 

 

Türkiýedäki esasy taryhy metjitlerden biri bolan Selimiýe metjidi sözüň doly manysynda ussatlyk eseri… Osman-türk binagärlik taryhynda bolşy ýaly dünýä binagärlik taryhynda-da naýbaşy eserlerden biri.

Selimiýe metjidi Stambulyň zabt edilmeginden ozal Osman imperiýasyna paýtagtlyk eden Edirnede 16-njy asyrda gurulýar. Dünýäniň ägirt binagärlerinden biri bolan Mimar Sinan tarapyndan gurulýar…

 

Soltan Selim 2-nji tarapyndan gurdurylan Selimiýe metjidi we kompleksi tehniki kämilligi, göwrümleri we estetiki görnüşi bilen diňe bir döwrüniň däl, soňky döwürleriň hem iň ajaýyp eserlerinden biri hökmünde kabul edilýär.

Kaşaň görnüşi bilen gelenleri özüne bendi edýän Selimiýe metjidiniň gurluşygyna 1568-nji ýylda başlanýar we 15 müňe golaý işçiniň gatnaşmagynda 1575-nji ýylda gurlup gutarylýar. Alysdan görnüşi bilen kaşaňlygyny görkezýän hem bolsa, metjidiň içi has başgaça täsirligi özünde jemleýär.

 

Selimiýe metjidinde gümmez, Mimar Sinanyň hünärinde ýeten çäklerinden birini aňladýar. Şeýle giň gümmezli bolandygyna garamazdan gümmezi göterýän sütünleriň içerki giňligi bölmegine ýol berilmändir. 6 müň adam üçin niýetlenen. Metjidiň dört burçunda ýerleşýän we her biri üç balkonly bolan minaralary bolsa öz görnüşleriniň arasynda dünýäniň in owadanlaryndan biri.

Dünýäniň binagärlik taryhynda öçmejek yz goýup giden Mimar Sinan bu metjidi “Ussatlyk eserim” atlandyrypdyr. Içerki dizaýnynda peýdalanylan, döwrüň iň ýokary nusgalary bolan mermer, agaç, sadap we syrça motiwleri bilen gümmezindäki we kemerlerindäki galam boýaglary, howlusy, kitaphanasy, bilim ojalary bilen sungatyň çarpaýa galyşyny beýan edýär.

 

Binagärlik sungatynyň ajaýyp mysallaryndan biri we adamyň dörejilik güýjüniň naýbaşy eseri kabul edilýän Selimiýe metjidi we kompleksi 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Dünýä miras sanawyna girizilýär.

Bu ajaýyp metjidi görmek üçin Edirnä barsaňyz we syýahatyňyz iýul aýyna gabat gelse, 600 ýyldan bäri dowam edip gelýän Kyrkpynar ýagly göreşlerine hem tomaşa edip bilersiňiz.

Şäherdäki syganlaryň guraýan Kakawa festiwalyna gatnaşmak üçin bolsa maý aýyny saýlap alyň.

Edirnedäki Saglyk, Türk-yslam eserleri, Balkan urşy muzeýlerini görmegiňizi, meşhur bagyr kebabyny, badam datlysyny dadyp görmegiňizi maslahat berýäris.


Etiketkalar: binagärlik , Mimar Sinan , metjit

Degişli Habarlar