Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 08

Daşary ýurtlardaky türkler we Garyndaş halkar edarasyny tanyşdyrmaga dowam edýäris

Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 08

 

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda-da Daşary ýurtlardaky türkler we Garyndaş halkar edarasyny tanyşdyrmaga dowam edýäris.

Yndi diaspora işleri diňe bir raýatlyk gatnaşygy bilen çäkli bolmaýar; Russiýa, Britaniýa, Fransiýa, Hindistan we Hytaý ýaly  ýurtlaryň iň bir başarjaň nusgalaryny amala aşyrýandygyny, diaspora kesgitlemesiniň taryhy we medeni köklere eýe bolan halklary hem öz içine alýan görnüşde giňeldilýändigini bilýäris.

Baý we güýçli medeniýete wekilçilik eden Türkiýäniň umumy gymmatlyklara eýe bolan we “dogan” atlandyrýan ýurtlary hem şol çäkde ýurdumyzyň “medeni diasporasyny” emele getirýärler. Daşary ýurtlardaky türkler we Garyndaş halkar edarasynyň dünýäniň esasy böleginde ýaşaýan doganlyk halklarymyz bilen umumy mirasymyzy goramak we aramyzdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alyp barýan işleri, ýurdumyzyň taryhy we medeni çuňlugyna bap gelýän diaspora düşünjesiniň talabydyr. Şeýle-de doganlyk halklarymyzyň raýat diasporalary bilen türk raýat diasporasy köp sanly ýurtda bilelikde ýaşaýar, migrant halklar üçin bilelikde hereket edýär, şeýlelikde ýurdumyzyň raýat diasporasy bilen medeni diasporasy bir-biregi tamamlaýjy özboluşlyga eýe bolýar.

Doganlyk halklar bilen edilýän gatnaşyklary ylmy we gumanitar çäkde uzak möhletli häsýete eýe edýän esasy işlerimiziň biri “Türkiýe Burslary” markasy bilen özleşdirilen halkara talyp makasatnamasy. Esasy bölegi doganlyk halklardan gelen daşary ýurtly talyplar türk uniwersitetlerinde ýurtlarynyň isleg bildirýän ugurlarynda bilim alyp, degişli ýurtlar bilen aramyzdaky gatnaşyklara goşant goşýarlar. Şol talyplar Daşary ýurtlardaky türkler we Garyndaş halkar edarasy tarapyndan dünýä derejesinde goldanýan Türkiýe uçurumlary jemgyýetleri arkaly okuwlaryny tamamlandan soň hem ýurdumyz bilen gatnaşyklaryny dowam edirýärler. Şeýlelikde dünýädäki bilim alma derejesini ýokarlandyran Türkiýe şol bir wagtda-da öz parahatçylyk hem-de hyzmatdaşlyk düşünjesini ýakyndan görýän, global derejede “simpatiýa diasporasna” eýe bolýar.

Daşary ýurtlardaky türkler we Garyndaş halkar edarasynyň global häsýetli şol işleri ýurduň bähbitleri bilen halkara jemgyýetçiliginiň bähbitleriniň biri-birine garşy bolmandygyny, tersine biri-birini tamamlaýyjy häsýetde bolup biljekdigini görkezýän ajaýyp mysallardan biri.


Etiketkalar: diaspora , miras , talyp , migrant

Degişli Habarlar