Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasy

Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 06

1141940
Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasy

Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 

Dünýäniň köp sanly ýurdunda we sebitinde jemgyýetçilik medeni taslamalary iş ýüzüne geçiren Ýunus Emre Instituty, Daşary Ýurtlardaky Türkler Edarasy, Gyzylaý we TİKA ýaly dünýä derejesinde köp sanly ýurtda we sebitde köp sanly jemgyýetçilik-medeni taslamalary durmuşa geçirýän edaralar barada maglumat berýän “Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri” atly gepleşigimiziň geçen sanlarynda Türk Iş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Gullugy TİKA barada maglumat berip, guramanyň dünýäniň dürli sebitlerinde alyp barýan işleri barada gysgaça durup geçipdik. Gepleşigimiziň şu sanyndan başlap ýene-de köňül geografiýamyzda iňňän möhüm taslamalary iş ýüzüne geçiren beýleki buýsanç çeşmesi bolan Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasy barada maglumat bermekçi.

2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde döredilen Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasy (ÝTB) daşary ýurtlardaky türk raýatlary, doganlyk halklar bilen Türkiýede bilim alýan daşary ýurtly stipendiýaly talyplar bilen bagly işleri utgaşdyrmak, şol ugurda berilýän hyzmatlary we alynyp barylýan işleriň berjaý edilmegini öz üstüne aldy.

Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasy alyp barýan işleri bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary hem-de doganlyk halklar bilen gatnaşyklary ösdürýär, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni taýdan has ýakyn gatnaşyk açýar. “Türkiýe stipendiýasyny” alýan talyplar bolsa dünýäniň çar tarapyndaky meýletin ilçilerimiz bolýar.



Degişli Habarlar