YNSAN ÄHLINE SARPA GOÝAN DÖWLETMÄMMET AZADY
Dost-Doganlygyň Taryhy (03)
YNSAN ÄHLINE SARPA GOÝAN DÖWLETMÄMMET AZADY
Ynsan ähline uly sarpa goýan, Magtymguly pyragynyň atasy, Döwletmämmet Azady, XIII asyryň nusgawy şahyry, türkmen edebiýatynyň belent şahsyýetleriniň biridir. Ol akyllylygy we biçak düşbiligi bilen ýaşlygyndan ýaşytdaşlaryndan saýlanyp, ýetginjeklik ýyllarynda sowadyny çykan adam bolupdyr. Ýigit ýeten mahalynda bolsa “Garry molla” ady bilen Etrek-Gürgen türkmenleriniň arasynda tanalmaýa başlaýar.
Döwletmämmet Azady ilki başda oba mekdebinde sowat öwrenýär. Soňraky ýyllarda bolsa daýylarynyň hemaýatt bermegi bilen Hywa medreseleriniň birini tamamlapdyr. Ol öz döwrüniň sowatly adamsy bolup ýetişýär. Arap, pars dillerini birkemsiz bilen Azady, Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrlary bilen bir wagtyň özünde yslam dininiň taglymatlaryny hem doly özleşdiripdir.
Galagoply wakalar bilen doly döwrüniň kynçylyklaryna seretmezden, güzeran dolandyrmagyň görgüsine garamazdan, agyr maşgalanyň başy Döwletmämmet öz çagalarynyň sowatly, döwrüniň ylymly-bilimli adamlary bolmagy ugrynda aladalanypdyr. Ol oğlan okatmak bilen meşgul bolupdyr. Salyhatlylygy, pähim-payhasy, dogruçyllygy bilen uly hormatdan peýdalanypdyr.
Şahyryň ırki döwürlerden bäri alymlaryň ünsüni özüne çeken eserlerınden bırı «Wagzy-Azat» poemasydyr. Azadynyň bu eserini derňän alymlar poemany ylmy traktat, didaktiki traktat, ylmy kitap diýen ýaly dürli at bilen atlandyrdylar. Biziň pikirimizçe «Wagzy-Azat» poemasy hakynda ýöredilýän pikirler bir taraply. Bu eserine awtoryň özüniň oňa «Azadynyn nesihatlary» diýip at berse-de poema ylmy hasiýete, didaktiki mazmuna eýe bolsa hem, ol XVIII asyr türkmen durmuşyny çuň analiz edýän şahyrana eserdir. Eseriň gurluşy ylmy traktatlara meňzese-de, didaktiki esere çalym etse-de, meseleler keşpleriň üsti bilen açylýar. Bu eserde Azadynyň keşbi onyň pikirlerinde, duýgularynda, gaýgy-hasratynda öz beýanyny tapýar.
Azady bu eserinde dýwlet gurmak, döwleti dolandyrmak, adamkärçilik ýaly dürli meseleler dogrusynda oýlanýar, şol meseleler babatynda öz pikirini dürli mysallaryň üsti bilen öňe sürýär.
Dört bapdan ybarat bolan eseriň birinji babynda döwlet gurmagyň zerurlygy we adyl şa hakynda pikir ýörediýär. Azady okyja ýetirmek isleýän pähimleriniň mazmunyny pasyllaryň (mysallaryň) kömegi bilen täsin we täsirli rowaýatlar görnüşinde beýan edýär. şol pasyllaryň kömegi bilen okyja ýetirmek islän ol ýa-da beýleki pikirlerini orta atýar.
Birinji bapdaky pasyllarynda, herki adyl şanyň adyl şa bolmagyny, adyllyk bilen döwleti dolandyran şalary Allatagalanyň ýalkajakdyny aýdýar.
Eseriniň ikinji babynda baýlaryň garyp-gasarlara bolan gatnaşyklary, olaryň garyp-gasarlara ýardam bermeklerine, şeýle hem durmuşda özüňi alyp barmagyň meselelerine bagyşlanypdyr.
Üçünji bapda ylym we ynsan hakyndaky pikirlerini öňe sürýär. Azady ylmyň her bir adama, jemgyýete zerurdygyny nygtamak bilen ylmyň adamlaryň we adamzadyň durmuşynda ullakan ähmiýete eýedigi barada aýtmak bilen alymlaryň jemgyýetdäki ornuna we olaryň häsiyetlerine degişli bolan maglumatlary hem berýär, bu meseledäki öz pikirini beýan edýär.
Eseriň baplara bölünişi şol döwrüň kanunalaýyklyklarryna gabat gelýän görnüşdäki yzygiderlikde dowam etdirilipdir. Durmuşyň dürli meseleleri bilen baglanyşykly öz garaýşyny beýan etmekligi başaran Döwletmämmet Azady özüniň “Wagzy-Azat” eseriniň dördünji babyny hem derwüşler bagyşlapdyr.
Eseriň birinji babynda gozgalýan adyl şa, döwleti gurmak we ony dolandyrmak, Türkmen taýpalaryny birleşdirmek, bir döwlete gulluk etmek meselesi gozgalýar. Bu pikir özüniň gözbaşyny gadymlardan alyp gaýdýar we Azady hem bu meseledäki öz pikirlerini birinji bapda beýan edýär.
Azady, birinji bapdaky pikirlerinde merkezleşen döwleti, döwletiň başynda duran adyl patyşasy bolmadyk türkmen halkyny daşarky duşmanlaryň bölmek we dolandyrmak maksady bilen olara ýetirýän zyýanyny, zulmuny gözi bilen görüp, egni bilen çekýär. Türkmen taýpalaryny biri-birine öjükdirip, heşelle kakýan kese ýerlileriň, olaryň ýerlerdäki ýaranlarynyň pyssy-pujurlyklaryny bilýär we şygyrlarynyň setirlerinde:
Uşbu jabyr zulmudan eý Biribar,
Guradyk biz, barçalarymyz häki-sar.
Ýurduň, halkyň agyr ýagdaýyny görüp Azady ondan çykalga agtarýar. Ol birleşmek, bir döwlet gurmak pikiri bilen ýaşap, şol pikirini öz ogly Magtymguly-da hem oýarypdyr. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly goňşy ýurtlaryň şalary türkmenleriň üstünden sürýän agalyklaryny berkitmek üçin bir türkmen taýpasyny beýleki türkmen taypasynyň garşysyna goýýarlar.
Ine, şu pajygaly ýagdaý hem türkmen halkynyň arasynda özbaşdak döwlet gurmak meýlini döredýär. Azady hem bu meýli goldaýar. Ýerli we daşarky duşmanlar tarapyndan meçew berilmegi netijesinde türkmen halkynyň heläk bolýandygyny gözi bilen görýär:
Bir-bire jebr eýlegen dek gurt-guş,
Halk eterler bir-biri birle uruş.
Azady döwlet gurmagyň zerurdygyny belländen soň, adamlaryň arasyndaky adamkärçilik gatnaşyklary hakynda oýlanýar. Ol sahawatlylygyň, ynsanperwerligiň, her bir adamda döremegini, bolmagyny isleýär:
Jümle mahlukga açyk tutgyl ýüzüň,
Ger tiliňden diýgin gelse hoş sözüň.
Döwletmämmet Azady alymlar, derwişler dogrusynda hem pikir ýöredýär. Şahyr alymlary iki topara bölýär. Öz bilýän ylmyny iline ýaýan we paýlaşmaýanlar. Öz bilimňi halka ýetirmegiň zerurdygyny nygtaýan şahyr ikinji topary ýazgarýar. Olary üsti kitap ýükli eşege deňeýär:
Misli hardyr ona yüklenmiş kitap,
Isteseň budur saňa aýdam jöwap.
Döwletmämmet Azadynyň adyl şa hakynda oýlanmalardan, adamkärçilik we ylym-bilim hakyndaky pikirlerden yabarat bolan edebi mirasy onuň manyly ömrüni adamlarda adamkärçilik duygusyny dörtmeklige bagyşlandygyna, has takygy, ynsanperwerligiň saýrak bilbili bolandygyna şaýatlyk edýär.