Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 03

TİKA-nyň alyp barýan işleri

1128441
Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 03

Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 

 

Gepleşigimiziň geçen iki sanynda TİKA (Türk İş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Gullugy) barada size gysgaça maglumatlar berýäris. TİKA-nyň alyp barýan işleri barada gepleşigimiziň bu sanynda-da durup geçmek isleýäris.

Şu günki güne çenli hünär tälimleri bilen birlikde bilim ulgamynda 4,250-ä golaý taslamany iş ýüzüne geçiren TİKA Kolumbiýada, Palestinada, Nigerde, Makedoniýada, Albaniýada, Owganystanda we ýene-de ençeme ýurtda täze okuw jaýlaryny gurup, soňky 5 ýylda müňden gowrak mekdep gurdy ýa-da durkuny täzeledi.

TİKA ýoksullygyň azaldylmagy, oba ýerleriniň galkyndyrylmagy we zenanlaryň iş üpjünçiligine goldaw bermek, azyk howpsyzlygyny üpjün etmek, ýoksullar üçin girdeji getiriji şertleriň döredilmeginiň ileri tutulmagy pikirinden ugur alyp, oba hojalygy, ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynda durnukly taslamalary düzýär. Afrika materigindäki guraklygyň öňüni almak, Afrika ýurtlarynyň eýe bolan baýlyklaryny öz halklary üçin sarp etmegini ýola goýmak maksady bilen Somaliniň paýtagty Mogadişuda açylan ekerançylyk mekdebi häzirki wagtda sebite döwrebap ekerançylyk usullaryny tanyşdyryjy fakultete öwrüldi. Balkan ýurtlarynyň birnäçesinde ekerançylygyň ösdürilmegi üçin uzak möhletli taslamalary iş ýüzüne geçirýän TİKA ýoksul maşgalalaryň we kiçi öndürijileriň girdejileriniň artdyrylmagyny ýola goýdy.

TİKA-nyň beýleki bir iş ugry bolsa dürli ugurlarda berilýän hünär tälimleri bilen döwrebap önümçilik desgalaryny gurmak. Gazada TİKA tarapyndan gurlan Abasan Zeýtun ýagyny öndüriji desga sebitde iş üpjünçiligine we ykdysadyýete goşant goşmagy taýdan nusgawy taslamalardan biri. 2017-nji ýylda desgadan 3100 gazaly daýhan hyzmat aldy. 2016-njy ýylda desgada 5 müň tonna golaý zeýtun ýagy öndürildi we Abasan häkimligi tonna başyna 100 Amerikan dollaryna barabar girdeji aldy.

Täzeçe çemeleşme: Türk Tipli Galkynyş Modeli

TİKA Türk Tipli Galkynyş Modeli bilen degişli galkynyş kömegini berýän guramalaryň arasynda täze bir çemeleşmäni orta goýýar:

  • Şertsiz
  • Içgin
  • Aç-açan
  • Adama gönükýän
  • Iki taraply jogapkärçilik
  • Iki taraply öwrenmek
  • Islege esaslanýan
  • Çözgüde esaslanýan

 



Degişli Habarlar