Ysraýylyň ABŞ-na Düşýän Gymmaty

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1127683
Ysraýylyň ABŞ-na Düşýän Gymmaty

 

Ysraýylyň ABŞ-na Düşýän Gymmaty

ABŞ-daky global syýasata ser salanymyzda kadalar taýdan köp sanly tankydy belliklerimiz bar hem bolsa, şol syýasatyň bähbide esaslanýandygyny aňsatlyk bilen görmek bolýar. ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça syýasatyna ser salynanda bolsa, şol syýasatyň kadalar beýlede dursun, öz ýurdunyň, Amerikan halkynyň bähbidine bolandygyny aýtmak mümkin däl.

Bütin dünýä milletleriniň garşy durýandygyna, BMG-däki sese goýulşykda birnäçe gönükdirme döwletden başga ýeke-ýalňyz galandygyna garamazdan ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýdagty hökmünde yglan etmek baradaky karary Amerikan halkyna kadalar derejesinde we maddy taýdan nähili bähbit getirdikä?

Siriýada ABŞ-nyň näme etmek isleýändigi, maksadynyň nämedigi barada kanagatlanarly düşündiriş barmy?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Özi tarapyndan hem terror guramasy hökmünde ykrar edilýän PKK-nyň Türkiýe tarapyndan Siriýadaky bölegi hökmünde kabul edilýän ÝPG-ä açan-açan goldaw bermeginiň ýerlikli düşündirişi bolup bilermi?

Türkiýä abaý-syýasat…

Soňky gezek ABŞ-nyň Prezidenti Tramp terror guramasy ÝPG-ä hüjüm eden halatynda ykdysadyýetine agyr zarba urjakdygyny beýan edip, Türkiýä hemle atdy.

Elbetde Türkiýe ABŞ-nyň abaý-syýasatyna boýun egip, serhedinde terror guramasynyň iş alyp barmagyna ýol bermez. Onlarça ýyllardan bäri özüne we asuda ilatyna garşy ähli terror aksiýalaryny guran guramanyň serhedinde döwlet gurmagyna synçy bolup galmaz. ABŞ-nyň aç-açan abaý-syýasatyna garamazdan Türkiýäniň esasy maksady sebitindäki terror guramalaryny ýok etmek bolandygy üçin ABŞ-na parasatly çemeleşýär. Emma Türkiýe çaresiz däl. Gerek bolan halatynda ABŞ bilen ähli gatnaşyklary seljerip biler. Türkiýe öz geljegi taýdan howp emele getirýän başlangyçlaryň öňüni almak üçin ABŞ bilen ähli gatnaşyklary bes etmek bilen birlikde ähli çäreleri seljerer. Türkiýe indi ozalky Türkiýe däl.

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky Iorrasionallygynyň rasionallygy barmyka?

Bu taýda tebigy ýagdaýda ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda näme sebäpden ne kadalar ne-de maddy taýdan özüne peýda getirmeýän, irrasional syýasat alyp barýandygy soragy ýada düşýär.

Iýerusalim baradaky kararynda bolşy ýaly näme üçin bütin dünýä milletlerine garşy durýarlar?

Türkiýäni dolulygyna ýitirjekdigine garamazdan özi tarapdan hem terror guramasy hökmünde ykrar edilen PKK-nyň Siriýadaky bölegini onlarça ýyldan bäri hyzmatdaş kabul etmegi, NATO agzalygyň çäginde köp sanly ýurtda bilelikde işleşen ýurdy bolan Türkiýä garşy näme üçin goldaýar?

Näme sebäpden türkler, araplar we kürtler tarapyndan halanmaýan başlangyçlara girişýärler?

Terrorizme aç-açan goldaw berýän ABŞ düşünjesini näme üçin döredýär?

ABŞ bulary näme üçin edýär?

 

Ysraýyl Faktory?

ABŞ tarapyndan bular barada DAİŞ we Eýran bilen bagly beýannamalar berilýär. Emma bu beýannamalar kanagatlandyryjy däl.

ABŞ-nyň çaklanylmaýan, irrasional syýasatlaryna seredilende sebitimizde umuman Ysraýyl bilen bagly meselelerde şeýle şowsyzlyklaryň ýüze çykýandygy görülýär. ABŞ Ysraýyl bilen bagly meselelerde öz bähbitlerini hem bir gyra goýýan irrasionallyga eýe. Mesele Ysraýyl bilen bagly bolanda ABŞ-nyň ýerliksiz syýasatynyň şübhesiz ABŞ, Ysraýyl, sionist däl ýehudiler üçin hem gymmaty agyr bolýar.

Ysraýylyň ABŞ-na Düşýän Gymmaty

ABŞ-nyň bähbitlerine äsgermezçilik etmek: Häzirki döwürde ýygy-ýygydan daşary syýasatyň milli bähbitler üçin alynyp barylýandygy beýan edilýär. Mesele Ysraýyl bolanda ABŞ öz bähbitlerinden el çekýär.

Adalat, azatlyk, adam hukuklary ýaly ähliumumy gymmatlyklaryň we parahatçylygyň ýanynda durýan dünýäniň ähli adamlaryna garşy durmagy: Ysraýylyň basyalyjy we ekspluatirleýiji syýasatlarynyň şertsiz goldanmagy elbetde bütin adamzadyň wyjdanyny ýaralaýar, Amerika duşmançylygyny güýçlendirýär.

Sebitde ýerleşýän ýurtlarda garşylyk döretmegi: Ýakyn Gündogarda diňe bir Ysraýyla esaslanýan syýasat alyp barmagy, sebitde ýerleşýän ýurtlara garşy abaý-syýasat etmegi ýurtlar dymýan hem bolsa sebitiň halklarynda aşa garşylyk döredýär.

ABŞ-nyň daşary syýasatynyň Ysraýyl üçin garaşsyzlygyny elden bermegi

Ysraýyly çozuş etmäge höweslendirmegi: ABŞ-nyň Ysraýyla berýän düşnüksiz çemeleşmesi we goldawy Ysraýylyň basybalyjy, hüjümçi we genoside çenli baryp ýetýän syýasatlaryny güýçlendirýär.

Anti-semitizmiň ýaýbaňlanmagy: Ysraýyla berilýän şertsiz goldaw Ysraýylyň möwjeýän hüjümleri ewe pajygaly aksiýalary dünýäde ýaýbaňlanýan anti-semitizmiň esasy sebäplerinden biri. Şübhesiz rasizm kime garşy bolandygyna garamazdan we kim tarapyndan edilýändigine garamazdan kabul edilmesizdir.

Ysraýylyň howpsyzlyk wehimini artdyrmagy: ABŞ-nyň Ysraýyla şetsiz goldawy aslyna seredilende Ysraýylyň howpsyzlygyna hem goşant goşmaýar, tersine howpsyzlyk gorkusynyň has-da ulalmagyna sebäp bolýar.

Özüne gysga we uzak möhletde Ysraýyla bolsa uzak möhletde aç-açan zyýan berýändigine garamazdan ABŞ Ysraýyla berýän irrasional goldawy näme üçin şertisiz dowam etdirýär? Elbet bu tema başga bir gepleşigiň temasy. Häzirlikçe Ysraýyl lobbisiniň güýjüne we allaryna garamazdan ABŞda hemmeleriň şol irrasional syýasaty dünýäniň iň güýçli ýurdunyň kiçijik ýurduň yzyna düşmegini goldamaýandygyny nygtasym gelýär.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň Ysraýylyň ABŞ-na Düşýän Gymmaty atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar