Türkiýä gezelenç 01

Göbeklidepe ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýar

1117432
Türkiýä gezelenç 01

 

Türkiýä gezelenç atly gepleşigimiziň ilkinji sanynda size Göbeklidepe barada maglumat bermekçi.

ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda Türkiýeden jemi 18 miras ýer alýar we Göbeklidepe hem şolardan biridir.

Göbeklidepe arheologik meýdançasynyň Dünýäniň medeni miras sanawynda alynmagynda taryhyň bilinýän iň uly ybadathanasy uly rol oýnaýar. 1200 ýyllyk geçmişi bolan şol ynanç merkeziniň ähmiýeti 1994-nji ýylda başladylan gazuw-agtaryş işleri bilen ýüze çykdy.

Göbeklidepede göwrümi 30 metr bolan tegelek binalaryň ortasynda 2 sany “T” biçiwli, 5 metr belentliginde hek daşyndan gurlan sütün ýerleşýär. Göbeklidepede gün yşygyna çykarylmagyna garaşýan başga ybadathanalaryň hem bardygy anyklanyldy.

Göbeklidepede adamzadyň şol döwürdäki durmuşy hakyndaky maglumatlaryň ýüze çykarylmagy maksady bilen gazuw-agtaryş işleri dowam edýär.

Göbeklidepe 1200 ýylyň dowamynda tebigy gurluşyny gorap saklanan arheologik galyndylara gabat gelinýär. Neolitiki döwre degişli şol galyndylar, adamzadyň taryhy geçmişi hakynda möhüm maglumata eýe…

Göbeklidepe, Türkiýäniň günorta gündogarynda Şanlyurfa welaýatynyň Örenjik obasynyň golaýynda ýerleşýär. Howa ýada gara ýoly bilen Şanlyurfa welaýatyndan baradan soň 18 kilometr aslysda ýerleşýän Göbeklidepä baryp bilersiňiz

Pygamberleriň şäheri hökmünde billinýän Şanlyurfada Balykliköli görmegiňizi, gala çykmagyňyzy, arheologik eserleriň serilenýän ýeri bolan muzeýe  we Harran öýlerine baryp görmegiňizi we taryhy Ýapyk bazardan sowgatlyk almagyňyzy maslahat berýäris.

 “Çig köfte” diýilýän sebitde mahsus tagamdan dadyp görmegi we “myrra” kofesinden içmegi hem ýatdan çykarmaň.

 

 

 



Degişli Habarlar