Türk Daşary Syýasatyna Syn 51

Soňky ýyllarda sebitleýin we global derejede düýpli özgerlişikler başdan geçirilýär, şol özgerlişikleriň ýeten sepgidini we olaryň türk daşary syýasatyndaky beýany

1111731
Türk Daşary Syýasatyna Syn 51

 

 

Soňky ýyllarda sebitleýin we global derejede düýpli özgerlişikler başdan geçirilýär. Biz hem gepleşigimiziň şu sanynda şol özgerlişikleriň ýeten sepgidini we olaryň türk daşary syýasatyndaky beýanyny analiz etmekçi.

Karatekin uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Soňky ýyllarda sebitleýin we global derejede düýpli özgerlişikler başdan geçirilýär. Eýsem şol özgerlişiklerden soň durnukly struktura nähili bolar, ýa-da nähili bolmaly? Haýsy ulgam sebitleýin/global düzgün-nyzamy üpjün edip biler? Aslyna seredilende Hytaýyň “Bir guşak-Bir Ýol” insiatiwasy, Russiýanyň Ýakyn Gündogardaky we Gündogar Ýewropadaky göreşi, ÝB taslamasy we ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky liberal dünýä ulgamy şol soraga jogap tapmak ugrundaky başlangyçlar.

Hytaý we Russiýa guryýere tabyn, demokratik däl imperial geçmişiň mirasdüşerleri. Kolonial synanşyklara ideýalara däl, geografik özboluşlyga esaslanýar. ABŞ bolsa 2-nji Jahan urşundan soň Britaniýa we beýleki hyzmatdaşlary bilen bilelikde liberal dünýä ulgamyny döretdi. Maksat iki jahan urşuna sebäp bolan şertleriň ýaňadandan ýüze çykmagynyň öňüni almakdy. Şol maksada laýyklykda demokratik döwletler liberal halkara ulgam döretmek üçin tagalla girişdiler. Bularyň ählisi dünýäniň çar tarapynda iş ýüzüne geçirilip, şol bir wagtda oňa gatnaşmak hemmeler üçin mümkin we meýletinlik esasynda bolmalydy. Parahatçylygy üpjün etmek, ykdysady galkynyş, söwda we maýa goýumlar üçin halkara guramalary döredilmelidi. Liberal dünýä ulgamy Sowuk urşuň gutarmagyndan we Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň has güýçli we mizemez ýaly görünýärdi. Emma şu günki günki günde ýetilen sepgitde bu ulgamyň geljegi näbelli. Eýsem şol ulgamyň özi ozal görülip-eşidilmedik derejede garşy durmalara sezewar.

Dünýäniň bölünendigini aýtmak indi günsaýyn kynlaşýar. Global giňişlikleriň döredilmegi ugrundaky synanşyklar netijesiz tamamlanýar. Hemaýat edijilik ýaýbaňlanýar; global söwda geňeşmeleriniň soňky tapgyry netije bermedi. Kiber giňişligiň ulanylmagy boýunça kadalar ýeterlik däl. Her haýsy özüne mahsus sebitleýin ulgamlaryň ýa-da ulgamlaryň ýüze çykýandygy görülýär. Onuň iň ýerlikli mysaly Siriýada başdan geçirilýän wakalar. Türkiýe Respublikasy “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary bilen sebitdäki tapawudyny görkezdi. Türkiýe uzak möhletde Siriýada hökümetden, Russiýadan, ABŞ-dan we Eýrandan has güýçli pozisiýa eýeleýär. Hökümet azlykdaky etniki we dini dikdatorlyk, Eýran daşary ýurtly şaýy basybalyjy, Russiýa Asada we Eýrana berýän goldawy bilen garaşylşy ýaly Siriýada ornaşdyran howa güýçlerinden başga zady ýok, ABŞ bolsa ekstremist terror guramasynyň Siriýadaky bölümi bilen bilelikde hereket edip, legallyk derdine baş goşdy.

Beýleki tarapdan Türkiýe Asada garşy durýan güýçli oppozision toparlary goldaýar. Araplar bilen türkler umumy taryhy we dini geçmişe eýe. Ol, Asada garşy bilelikdäki göreş bilen birlikde Türkiýäniň bähbidine bolar. Russiýa we Eýrana seredilende Siriýada harby güýç ulanmak üçin goşun getirmek geografiki taýdan Türkiýe üçin has ýeňil bolmagy hem beýleki bir mümkinçilik. Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda ähli basyşlara garamazdan garaşsyz daşary syýasat alyp barýar. Onuň binagäri bolsa şübhesiz Türkiýe Respublikasynyň başyndaky güýçli liderlik; ýagny R.T.Erdogan.

Adamlaryň hiç haýsy beýlekisine meňzemeýär. Liderler hem şeýle. Esasanda global özgerlişik tapgyrlarynda hyzmat etmek islegi bolan, jogapkärçilikli liderler başarnyklary, jomartlyklary, dogruçyllyklary we batyrgaýlyklary bilen beýlekilerinden tapawutlanýarlar. Şol jähtden Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan harizmatik lider hökmünde sebitde we dünýäde öňe saýlanýar.

Hazirma adalgasy taryhy taýdan “ukyp” manysyny aňladýan gadymy grek sözünden gelip çykýar. Gadymy grekçede harizma sözi; “ylahy ylham ukyby” ýa-da “ylahy sowgat” manylaryny aňladýar. Bu söz soň gowulandyrmak, çaklama ýaly adatdan daşary ukyp talap edýän işleri amal etmek üçin hudaý tarapyn berilen ukyplary beýan etmek üçin ulanylypdyr. Harizmatik liderler ýol görkezýän, ylham berýän we ynam döredýän, sarpa goýulýan, geljek barada oňyn pikirlenmegi höjeslendirýän, missiýa duýgusyny döredýän liderlerdir.

Liderlik diňe bir partiýanyň başlygy bolmak diýmek däl. Hatda premýer ministr ýa-da prezident bolmak diýmek hem däl. Lider; halka ýakyn, halkyň diline düşünýän, olaryň meseleleri gün tertibine getirip, olara eýe çykýan adamdyr. Şol özboluşlyklary özünde jemleýän Prezident R.T.Erdogan häzirki wagtda diňe bir Türkiýäniň däl, Türk-Yslam dünýäsiniň organiki liderine öwrüldi.

Häzirki wagtda sebitimiz we dünýämiz ozalam nygtap geçişimiz ýaly özgerlişik tapgyryny başdan geçirýär. Uçarmansyz howa ulaglarynyň, kiber söweşleriň, 3D priterleriň we beýleki açyşlaryň bu nokatda birleşmegi güýjüň indi birnäçe elde jemlenmeginiň ýerine köp sanly döwletiň ýa-da döwlete degişli bolmadyk merkezleriň arasynda bölüşilmegini üpjün edýär. Ýetilen sepgitde liberal demokratiýanyň adamzadyň syýasy ösüş tapgyrynda soňky çykalga bolmandygyny görýäris. Dünýäniň ýeňiji ulgamy; içerde raýatlaryna adamkärçilik, buýsanç şertlerini döredýän we daşarda özüne tabyn we hyzmatdaşlarynda umyt döredýän ulgam bolar. Şol ulgamyň Prezident R.T.Erdoganyň öňbaşçylygynda Türkiýe tarapyndan gurulýandygyny görýändigimi nygtasym gelýär.

Karatekin uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Global özgerlişik tapgyrynda Türkiýe we güýçli liderler temaly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar