Aktual analiz 37

Yrakdaky syýasy partiýalaryň şäriklik hökümetiň gurulmagy baradaky tagallalary dowam edýär

1050113
Aktual analiz 37

 

Yrakda saýlawlaryň 4 aý ozal geçirlendigine garamazdan henizem hökümet gurulmady. Yrakdaky syýasy partiýalaryň şäriklik hökümetiň gurulmagy baradaky tagallalary dowam edýär. Saýlawda iň köp ses alan Mukteda As Sadryň ýolbaşçylygyndaky Sairun hereketi hökümetiň gurulmagy üçin işe girişdi. Hökümetiň gurulmagy üçin Sadr hereketiniň lideri Mukteda As Sadryň ýolbaşçylygyndaky Sairun, Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň ýolbaşçylygyndaky Nasr, Ammar Hekimiň ýolbaşçylygyndaky Hikmet we Iýad Allawiniň ýolbaşçylygyndaky Wataniýe hyzmatdaşlygy 4-li hyzmatdaşlyk gurlandygyny yglan etdi .Käbir sünni partiýalar bilen Kürt täze nesil hereketi hem hyzmatdaşlygyň hataryna goşuldy. Emma Yrakda täze hökümetiň gurulmagy üçin 2-nji oturluşygyny geçiren mejlis, halk deputatlarynyň sanynyň ýetersizligi sebäpli oturlyşygy yza şüýşürdi we oturlyşygyň 15-nji sentýabrda geçiriljekdigini mälim etdi.

Yragyň ozalky Premýer ministri we Kanuny döwlet hyzmatdaşlygynyň lideri Nuri Al Maliki bilen Fetih hyzmatdaşlygynyň lideri Hadi Amiri hem bilelikde hyzmatdaşlyk gurandyklaryny mälim etdi. Yragyň konstitutsiýasyna görä iň uly hyzmatdaşlyga hökümeti gurmak jogapkärçiligini berilýär we Mukteda Sadryň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaşlygyň şäriklik hökümetini gurmagyna garaşylýar.

Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet gaznasynyň ylmy barlagçygy ýazyjy Jan Ajunyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Yragyň konstitutsiýasyna görä, täze hökümetiň gurulmagy üçin mejlisde geçiriljek ilkinji oturlyşykda sünnilerden Mejlisiň başlygy saýlanmaly. Mejlisiň başlyklygy üçin Anbar welaýatyndan Muhammed Al Halbusiniň, Wise-premýer Osame An Nujeýfiniň, Muhammed Tamimiň, Raşid Al Azawiniň, Ahmed Juburiniň we Talal Az Zubaýiniň atlary agzalýar.

Kürtlere wekilçilik edýän Kürdistan Demokrat partiýasy bilen Kürdistan Ýurtsöýerler bileleşigi bolsa bu etapda garaşsyz hereket etmegi saýlap aldy we mejlisde geçiriljek oturluşygy baýkot edip, mejlisi terk etdi.

Yrakda hökümetiň gurluş tapgyrynda birnäçe içerki we daşarky deňagramlygyň täsiri bar. Yrakdaky köp sanly syýasy gatlagyň syýasy, messep we etniki taýdan bölünendigi görülýär. Şeýle-de ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky basleşik Yrakdaky syýasada çuňňur täsir ýetirýär. Eýran tarapyndan goldanýan Yragyň Premýer ministri Nuri Al Maliki we Haşdi Şabi tarapyndan döredilen “Fetih koalisiýasy” Yragyň syýasatynda möhüm pozisiýa eýeleýär. Haşdi Şabiniň harby güýje eýe bolmagy Eýran tarapyndan goldanýan hyzmatdaşlyga syýasy güýçden daşgary harby güýç hem goşýar. Eýran Liwandaky Hizbullaha meňzeş gurluş bilen Yrakdaky pozisiýasyny kepillendirmäge synanşýar.

Beýleki tarapdan ABŞ hem Eýrany Yrakda çäklendirmäge synanşýar. ABŞ-nyň DAİŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekili Brett MkGurkyň yrakly syýasatçylaryň arasynda alyp barýan diplomatik tagallasy hökümetiň gurluş tapgyryny diýseň täsirli. Brett MkGurkyň kürt partiýasy bolan Kürdistan demokratik partiýasy bilen Kürdistan ýurtsöýerler bileleşiginde geçiren duşuşyklaryna laýyklykda iki kürt partiýasynyň Eýran tarapyndan goldanýan hyzmatdaşlyk bilen bilelikde hereket etmeginiň öňüni alandygy öňe sürülýär. ABŞ Yrakda Sadr hereketiniň lideri Muktada As Sadryň liderlik edýän Sariun, Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň liderlik edýän Nasr, Ammar Hekimiň liderlik etmegindäki Hikmedi we İýad Allawiniň liderlik edýän Wataniýýe hyzmatdaşlygy 4 taraplaýyn arkalaşygy goldaýar. Emma esasanda Muktada As Sadryň ABŞ baradaky tankydy beýanatlary gatnaşygyň kadaly bolmandygyny görkezýär.

Yrakda hökümetiň gurulmagy üçin edilýän tagallalaryň ähmiýetini artdyrýan beýleki bir husus bolsa, Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşi. Yrakda ornaşan PKK güýçlerine garşy Demirgazyk Yrakda “Berkararlyk”operasiýasyny dowam etdirýän Türk ýaragly güýçleri PKK-nyň ştab kwartiralaryny we geçiş ugurlaryny gözegçilik astyna alýar. Şeýlede Sinjar etrabyndaky PKK güýçlerine garşy ýörite operasiýalar guraýar. Terror guramasynyň sebitdäki serkerdesi Milli howpsyzlyk guramasy bilen Türk ýaragly güýçleriniň bilelikdäki operasiýasynyň netijesinde Ýaragly uçarmansyz howa ulagy dron bilen täsirsiz ýagdaýa getirilipdi.

Yrakda hökümetiň gurulmagy üçin edilýän tagallalar Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşine täsir ýetirip biler. Yrakda hökümet gurulan halatynda Türkiýäniň Yrak bilen geçiren diplomatik gepleşiklerine laýyklykda PKK garşy operasiýalaryň gerimi giňeldilip bilner. Esasanda Yragyň merkezi hökümetiniň PKK-nyň maliýe çeşmelerine we Sinjardaky güýçlerine garşy herekede geçmegi üçin Türkiýäniň basyş etmegine garaşylýar.

Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet gaznasynyň ylmy barlagçygy ýazyjy Jan Ajunyň Yrakdaky hökümetiň gurluş tapgyry baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar