Aktual Analiz 27

Siriýanyň günortasynda Russiýa we Eýran tarapyndan goldaýan hökümete degişli güýçleriň Dera etrarbyna guraýan hüjümleri dowam edýär

1007862
Aktual Analiz 27

 

Siriýanyň günortasynda Russiýa we Eýran tarapyndan goldaýan hökümete degişli güýçleriň Dera etrarbyna guraýan hüjümleri dowam edýär. Siriýaly oppozisionerleriň gözegçiligindäki we Siriýadaky ynkylabyň başlan ýer bolan Dera etrrabyna guralýan hüjümlerde hökümete degişli güýçler uly üstünlik gazanan bolsa, asuda ilat Iordaniýa serhedine gaçdy. Iordaniýanyň serhet geçelgesini açmandygy sebäpli Iordan-Siriýa serhedinde agyr pajyga dowam edýär. Siriýaly harby oppozisiýanyň hökümete garşy bilelikde hereket etmeýänligi we käbir toparlaryň Russiýanyň töwellasy netijesinde hökümet bilen ylalaşmagy sebäpli köp sanly şäher söweşsiz ýagdaýda hökümete degişli güýçleriň gözegçiligine geçdi. Günorta Siriýadaky wakalaryň beýleki bir tarapy bolsa Ysraýyl-Eýran dartgynlygy. Eýran tarapyndan goldanýan ýaragly toparlaryň Ysraýyl serhedine ýakynlaşmagy iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirdi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Iýun aýynyň başynda Siriýanyň hökümetiniň Dera etrabyna operasiýa guramak üçin taýarlyk görýändigi barada habarlar çykmaga başlapdy. Soň bolsa hökümetiň harby taýarlyklary we getirilen goşmaça güýçler operasiýanyň guraljakdygyny görkezdi. Geçen ýyllarda Dera etrabynda hökümete degişli güýçler bilen oppozision güýçleriň arasynda güýçli çaknyşyklar we söweşler boldy. Şeýlelikde Russiýa we ABŞ sebit boýunça ylalaşyp, sebiti dartgynlygy azaldyş zolagy hökmünde yglan etdiler. Emma hökümetiň operasiýalary başlajak mahaly amerikaly ýolbaşçylaryň siriýaly oppozisionerleri gorap bilmejekdigi we syýasy hemaýatyny çekendigi habar berilipdi. ABŞ-nyň Iordaniýadaky ilçihanasyndan siriýaly oppozision toparlaryň liderlerine ugradylan jarnamada ähli ylalaşyklara we berilen sözlere garamazdan ABŞ-nyň Russiýadan we hökümete degişli güýçlerden goramajakdygy beýan edilipdi. Dera etrabyna Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiň operasiýasynyň başlamagyndan soň Russiýanyň Humeýmim bazasyndan Dera dartgynlygy azaldyş zolagynyň bes edilendigi barada beýanat berildi.

Dera etrabynyň ýaşaýjylarynyň uzak ýyllardan bäri beýleki etraplara seredilende asuda we parahatçylykly şertlerde ýaşandygy sebäpli ilatyň esasy böleg öz öýlerinde ýaşaýardy. Emma Russiýanyň, Eýranyň we Siriýanyň harby güýçleriniň Dera harby operasiýa başlatmagy, howa hüjümlerini guramagy bilen etrapda uly göç tolkuny emele geldi. 270 müňden gowrak adam öýlerini terk etdi. Terk edenlerden 40 müň siriýanyň İordaniýa serhedine baryp, Iordaniýa geçmäge synanşandygy BMG tarapyndan beýan edildi. 650 müň siriýaly bosguny kabul eden Iordaniýa Siriýadan başga bosgun almajakdygyny beýan etdi. Iordaniýa serhediň beýleki tarapyndan siriýalylar üçin näçe kömek berýän hem bolsa, hökümete degişli güýçleriň Dera etrabynda öňe süýşmegi asuda ilat üçin uly howp döretdi. Şeýlelikde BMG Iordaniýa gümrük gapylaryny açmagy üçin çagyryş etdi.

Harby taýdan Dera etrabynda Russiýanyň, Eýranyň we Siriýanyň güýçleri bilen siriýaly oppozisionerleriň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär. Hökümete degişli güýçler gysga möhlet Lajat etrapçasyny ele geçirdi, köp sanly oppozision topar bolsa Russiýanyň töwellaçylyk etmeginde hökümet bilen ylalaşdy. Dael, Bosra Al Şam we Ibta şäherlerindäki oppozisionerler ýaraglaryny we şäheri hökümete degişli güýçlere tabşyrdy. Beýleki tarapdan Russiýanyň ýokary howa goldawy we ABŞ-nyň kömegini bes etmegi ýaragly göreşi dowam etdirýän siriýaly oppozisionerleri güýçden gaçyrdy.

Günorta Siriýadaky wakalaryň täsirinde galýan beýleki bir ýurt bolsa Ysraýyl. Ysraýylyň operasiýadan ozal Russiýa bilen gepleşikler geçirip, Eýranyň we onuň ýaranlarynyň operasiýa gatnaşmazlygy barada ylalaşandygy bilinýär. Emma başdan geçirilýän wakalar Eýranyň we onuň ýaranlarynyň operasiýa gatnaşýandygyny görkezýär. Ysraýylyň Eýrana we onuň ýaranlaryna birnäçe gezek howa operasiýasyny guramagy we Eýranyň tarapynda durýan ýaragly toparlaryň Ysraýyl serhedine golaýlamagy iki ýurduň arasynda başga dartgynlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 



Degişli Habarlar