Türk daşary syýasatyna syn 22

Yslam dini häzirki döwürde günbataryň gün tertibinde gorky bilen bilelikde orun eýeleýär

986167
Türk daşary syýasatyna syn 22

 

Yslam dini häzirki döwürde günbataryň gün tertibinde gorky bilen bilelikde orun eýeleýär. 11-nji sentýabr hüjümlerinden soň başlap, terror hadysalary bilen dowam eden wakalar günbatar halklarynyň özlerini gözbaşy näbelli we soňy gelmejek howp astynda duýmagyna sebäp boldy. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda şol wakalar taýdan islamafobiýa meselesini we Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Fobiýa; Grekçe “phobos” sözünden gelip çykýar. Phobos grek mifologiýasynda gorky taňrysy hökmünde tanalýar. Häzirki manysy bilen fobiýa; bir zatdan duýulýan gorkynyň adamyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir etmegi hökmünde kesgitlenýär.

Ysamafobiýa we iň ýönekeýje kesgitlemesi bilen yslam gorkusy hökmünde düşündirilýär. Yslamdan we musulmanlardan gorkmak-çekinmek instinktini beýan edýän islamafobiýa adalga hökmünde ýygy ulanylýandygyna garamazdan ylalaşylan kesgitlemesiniň bolmandygyny bilýäris. ÝB-niň Başlangyç Hukuklar Gullugy islamafobiýany “2001-nji ýylyň 11-nji senýtabrynda başdan geçirilen wakalardan soň terrorçylyga garşy göreşiň çäginde araplaryň, musaýylaryň, musulmanlaryň, käbir bosgun toparlaryň, migrantlaryň we başpena bilen gelenleriň, käbir azlyklaryň degişli bolan toparlaryna tabynlykdaky adam ýa-da adamlar; sowat öwrenmek, iş üpjünçiligi, hyzmatlar we jemgyýetçilik sferasyna el ýeterlilik, jemgyýetçilik plýuralizm we hereket erkinligi ýaly käbir ugurlarda rasist ekstremizme duçar bolýarlar. Şol çäkde islamafobiýa, yslam dünýäsine degişli bolan adamlaryň duçar bolýan ekstremist çemeleşmesine berilýän umumy atdyr” hökmünde kesgitlenýär.

Yslam soňky ýyllarda şol gorky duýgusy bilen birlikde günbatar dünýäsiniň gün tertibinde orun eýeleýär. 11-nji sentýabr bilen başlap, käbir terror wakalary bilen dowam eden hadysalar tapgyry bar. Ol günbatar jemgyýetleriniň özlerini howp astynda duýmaklaryna sebäp bolýar. Başdan geçirilen ýaramaz wakalardan soň yslamy terroryň ilham çeşmesi hökmünde görkezýän halkara media çykyşlary hem yslam gorkusyny ýaýbaňlandyrýar.

Günbatar jemgyýeti düzümindäki käbir gatlaklary yslama garşy herekete geçirmekde ýeke-täk günäkär media däl. 2000-nji ýyldan bäri Ýewropada aşa sagçy syýasy kadrlar güýçlenýär. Şol kadrlar partiýalaşyp, milli mejlislerde wekilçilik edilmäge başlady. Fransiýada Milli front, Gresiýada Altyn şapak, Gollandiýada Azatlyk partiýasy we Awstriýada Awstriýa azatlyk partiýasy ýaly syýasy partiýalar ýurtlaryndaky daşary ýurtlylara we bosgunlara oňaýsyz pozisiýa eýeleýärler. Şonuň netijesinde bolsa sesleriniň mukdaryny artdyrdylar.

Ýewropadaky musulman jemagata bolan ýaramaz çemeleşmede ilki bilen ýada Germaniýadaky türkleriň başdan geçirenleri düşýär. Soňky ýyllarda ýaýbaňlanan, adam pidalaryna sebäp bolan oda berme wakalary ýatdan çykmaýar. Wakalaryň Germaniýa bilen çäkli bolmandygyny görýäris. Wakalar; Ýewropada metjitlere, medeniýet merkezlerine we kärhanalara çenli uzak gidýän adaty jenaýata öwrülmäge başlady. Hüjümleriň elhenç tarapy bolsa guramaçylykly bolan şol ýigrenç hereketiniň halk, media we syýasatçylar tarapyndan üssi ýapyk häsýetde kabuk edilmegi boldy.

Ýewropada hökümetleriň jemgyýetiň yslamy öwüşgünlerine garşy aksiýalara synçy bolup galmagy içeri we daşary syýasat bilen bagly. 2001-nji ýylda depgini güýçlenen we soňky gezek Çarli Ebdo hüjümleri bilen Ýewropada çarpaýa galan isteriýa bar. Ol, Ýewropa döwletleriniň “Arap baharyndan” bäri alyp baran Ýakyn Gündogar syýasatlarynyň içerki jemgyýetçiliginiň aşhanasyny emele getiýär. 2011-nji ýylda Tunisde başlan halk hereketlerinde Ýewropanyň we ABŞ-nyň pozisiýasy retorik esasda azatlykçydy. Şuňa garamazdan ozalky hökümetleriň ýerine geçen kadrlaryň yslamy bolup bolmazlyklary günbatar üçin esasy kriteriýa boldy. Nahda, Musulman doganlar we Siriýanyň oppozisiýasynyň göwnejaý toparlaryny terror adalgalary bilen baglanşdyrma meýili oňa mysal bolup durýar.

Bu taýda Türkiýäniň Ýakyn Gündogarda eýelemäge başlan jebisleşdiriji pozisiýasyna ünsleri çekmek ýerlikli bolsa gerek. Türkiýäniň sebitleýin syýasaty yslam duşmançylygyna esaslanýan syýasatlara doly ters gelýär. Türkiýäniň Ýakyn Gündogar boýunça ylalaşdyryjy we adam hukuklaryna esaslanýan syýasaty günbatar bilen Türkiýäniň sebite bolan çemeleşmeleriniň näderejede tapawutlydygyny görkezýär. Şol bir wagtda Türkiýe günbatar ýurtlarynda ýaşaýan musulman halklarynyň utgaşyklygyna we musulman ýurtlarynda demokratiýanyň ýaýbaňlanmagyna goldaw berýär. Emma şol oňyn çemeleşme gynansagam günbataryň media organlarynyň esasy böleginde seslenme döretmeýär.

Sebitdäki agyr psihiki şertler sebäpli Türkiýe köp ugurly sferada ýekelikde diplomatiýa alyp barýar. Türkiýe sebitdäki gumanitar meselelere möhüm çözgütler tapýar. Beýleki tarapdan bolsa Ýakyn Gündogaryň demokratiýalaşma göreşinde dogry pozisiýa eýeleýär. Emma Türkiýe şol göreşinde günbatardan we yslam dünýäsinden ýeterlik goldaw tapmaýar.

Global derejede medeni çökgünliginiň gündelik syýasy aladalar bilen ünsden düşürilmegi Türkiýäniň alyp barýan we seýrek gabat gelýän parasatly we ynsanperwer diplomatiýasynyň bilinmegine hem bökdençlik döredýär.



Degişli Habarlar