Aktual Analiz 19

Prezident Erdogan özüniň we Adalat we ösüş partiýasynyň 24-nji iýundaky saýlaw jarnamasyny beýan etdi

968835
Aktual Analiz 19

 

 

Prezident R.T.Erdogan özüniň we Adalat we ösüş partiýasynyň 24-nji iýundaky saýlaw jarnamasyny beýan etdi. Saýlaw jarnamasy Prezident Erdoganyň we Ak partiýanyň ykdysadyýet, saglygy goraýyş we içeri syýasat baradaky birnäçe wadasyny özünde jemleýär. Emma saýlaw jarnamasy şol bir wagtda 24-nji iýundaky saýlawda Prezident Erdogan saýlanan halatynda Türkiýäniň daşary syýasatdaky maksatlary we usulyýetleri hakynda-da pikir ýöretmäge esas berýär.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň öňümizdäki tapgyrda daşary syýasatdaky esasy ugurlaryndan biriniň terrorçylyga garşy göreş boljakdygy ikiuçsyzdyr. Preizdent R.T.Erdoganyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň beren beýannamasynda terrorçylyga garşy göreş Türkiýäniň serhetleriniň içi bilen çäkli galmajakdygyny we terroryň serhediň aňyrsynda, gözbaş alýan ýerinde ýok ediljekdigini aýdypdy. Ilki “Ýefrat galkany” bilen Azat Siriýa goşunynyň goldaw bermeginde DAIŞ-i Türkiýäniň serhet ýakasyndan saplan Türk ýaragly güýçleri, soň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen Afrin etrabyny PKK/ÝPG terrorçylaryndan saplady. Esasanda “Ýefrat galkany” operasiýasy Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşdäki täzeçe çemeleşmesiniň nähili ýerliklidigini, Türkiýäniň çäginde DAIŞ-iň hüjümleriniň uzak möhletden bäri guralmazlygyny hem görkezýär. Şol bir wagtda Türkiýäniň çäklerinde terrorçylyga garşy doly güýjünde berk çäre görýän howpsyzlyk güýçleri we howpsyzlyk gullugy köp sanly guralmagy ähtimal hüjümleriň öňüni aldy. Şol bir wagtda “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen terror guramasy PKK/ÝPG-niň Amanos daglarynyň üsti bilen Hataý welaýatyna geçmeginiň öňi alyndy. Prezident Erdogan tarapyndan yglan edilen saýlaw jarnamasyna laýyklykda 24-nji iýundan soň terrorçylyga garşy täze serhetaşa operasiýalaryň guralmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda PKK garşy Yrakda dowam edýän harby operasiýalaryň geljekde-de dowam etmegi nazarda tutulýar. Şeýle-de terrorçylyga garşy göreşiň çäginde Siriýanyň demirgazygynda ÝPG/PKK garşy täze harby operasiýalaryň guralmagy hem Türkiýäniň meýilnamalarynyň hataryna girizildi.

Prezident Erdoganyň saýlaw jarnamasynda Türkiýäniň hiç kimiň hojaýynlygyny kabul etmeýändigi we hiç kime hojaýynlyk etmeýändigi nygtalýar. Türkiýäniň bu çemeleşmesi köp sanly günbatar ýurduny biynjalyk eden hem bolsa, bütin dünýäde we sebitimizde öz milli bähbitlerini ileri tutýan Türkiýäniň garaşsyz daşary syýasaty dowam eder. Esasanda Prezident Erdoganyň Türkiýäni global güýç hökmünde häsýetlendirmegi Türkiýäniň şol ugurdaky maksatlaryny aç-açan orta goýýar. Emma Türkiýe hiç kimiň hojaýynlygyny kabul etmeýşi ýaly, hiç kime hojaýynçylyk hem etmeýär. Esaanda Türkiýäniň ekspluatirlemä däl, özara sarpa goýmaga esaslanýan we kömek maksatly Afrika syýasaty onuň iň uly görkezijilerinden biri. Türkiýäniň dünýäde milli girdejä görä ynsanperwer kömegini bermekde birinji ýurt bolmagy onuň ynsanperwer daşary syýasatynyň delilidir.

Türkiýäniň netijeli daşary syýasatynyň durnuklylygy we ösmegi üçin garaşlylygyny azaltmagy we strategik ähmiýetini artdyrmagy hökmany bolup durýar. Şol çäkde Türkiýäniň goranmak senagaty uly ähmiýete eýe. Şeýlelikde Prezident R.T.Erdoganyň yglan eden saýlaw jarnamasynda goranyş senagatyna giňden ýer berilýär. Türkiýe 2011-nji ýyldan bäri goranyş senagatyndaky eksportyny 90 göterim artdyryp, dünýäde ýarag eksport edýän ýurtlaryň sanawynda 18-njy orny eýeleýär. Türkiýe şol bir wagtda goranyş senagatyndaky daşary ýurtlara bolan garaşlylygyny 80 göterimden 30 göterime çenli azaltdy. Türkiýäniň geljekki tapgyrda goranyş senagatyndaky ösüş depginini güýçlendirmegine garaşylýar. Esasanda uçarmansyz howa ulaglary boýunça Türkiýe dünýä derejesinde üstünlige eýe boldy. Türkiýe dünýäde öz ýaragly uçarmansyz howa ulagyny öndürmegiň hötdesinden gelen 6 ýurtdan biri. Şol bir wagtda Prezident Erdoganyň “Sürüjisiz tank öndüreris” diýen beýannamasy, Türkiýäniň möhüm tehnologiýalarda täzelikçi pozisiýa eýeleýändigini görkezýär.

Türkiýäniň goranyş senagatynda güýçlenmegi daşary syýasatdaky pozisiýasyny güýçlendirýär. Dost we hyzmatdaş ýurtlar üçin ýarag almak taýdan alternatiwe öwrülen Türkiýe halkara bazarlarda mynasyp orun eýeledi. Türkiýäniň Afrikadan Pars aýlary ýurtlaryna, Orta Aziýadan Malaýziýa çenli sowutly ulag eksporty bar. Türkiýe şeýle-de Pakistana ATAK dik uçary we gämi satuwyny, Katara Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny satmagy Türkiýäniň ykdysadyýetine uly goşant goşýar.



Degişli Habarlar