Dost-Doganlygyň Taryhy
Baba Japarow
Durmuş gapysyny açan badyňa,
Mugallymyň düşsin seniň ýadyňa.
Alym bolup uly syrlar açaňda,
Ganat baglap, al-asmna uçaňda,
Döşüň gerip, gaýy böwsüp geçeňde,
Dilleriňden dürdäneler seçeňde,
Alkyşlar aýdylsa seniň adyňa
Mugallymyň duşsün seniň ýadyňa.
Bu setirler mugallym şahyr Baba Japarowyň «Unutma» atly goşgusyndan alyndy. Şahyr gerdeninden yza ser salanynda, ýaşlyk ýyllaryny, okan ýerlerini, Aşgabadyň İlbaýew adyndaky çagalar öýüni, Daşkendiň Magaryf institutiny, Kuýbyşew şäherindäki pyýada goşun uçilişçesini, Turkmen Dövlet pedagogik institutyny, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Polşany, Çehoslowakiýny, Germaniýny faşistik zulumdan azat etmeklige gatnaşyşyny, otuzynjy ýyllarda Tejende mugallymçylyk kärine başlaýşyny biygtyýar göz öňüne getirýändir. Şol duýgularam onuň eline galam almagyna badalga berýär. Çyn söýgi, belent duýgy, zehin siňdirilip ýazylan eserleriň lezzeti-tagamy başgaça bolýar. Biz oňa Baba aganyn sözleri esasynda döredilen aýdymlary diňlän wagtymyzda has hem anyk göz ýetirýäris. «Lenin mydam aramyzda», Dostluk — drujba», «Keýpim kök, «Serhetçiniň aýdymy», «Obamyz» ýaly aýdymlar onun galamyna degişlidir. Belli kompozitorlar Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew, Gurban Kulyýew bilen hyzmatdaşlykda döredilen aýdymlaryň täsiri seni özüne bendi edýär.
Baba Japarow ömruniň köpüsini ýaş nesli terbielemeklige bagyş etdi. Şonuň uçinem şahyryň doredijiliginiň hamyrmaýasy we gözbaşyny terbiýeçilik işinden alyp gaýdar. Muňa onuň dereden eserleri guwä geçýär.
Şahyryň 1957-nji ýylda «Garry we onuň üç ogly» ady bilen ertekiler kitaby çap edilýär. Şonda adybir ertekiden başga-da, «Garynja we gögerçin», «Zalym şa, onuň guly we daýhan» diýlen ertekileri ýerleşdirilýär. Bular öz döwrunde körpe okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.
«Garry we onuň üç ogly» atly ertekide goja ogullaryna ölmeziniň öň ýanynda şeýle maslahat berip, dünýäden ötýär:
Birinjiden, her günde,
Köne aýakgap geýmäň.
İkinjnden, adama,
Asla «armawer» diýmäň.
Üçünjiden, çöregi,
Mydam iýiň bal bilen.
İne meniň wesýetim,
Gidiň şeýle ýol bilen.
Garrynyň üç ogly atasynyň bu wesýetini kemsiz ýerine ýetirjek bolup, her gün täze aýakgap satyn alyp geýýärler, heran haçan hiç kime «armaweri» diýmeýärler — adamlardan özlerini çetde saklaýarlar, çöreklerini hem bal bilen iýýärler. Şeýlelikde, bularyň atasyndan galan dünyesi, özleriniň ýygnan zatlary kemelmek bilen bolýar. Atamyzyň wesýetini berjaý etsek, baý bolarys diýip pikir eden ýigitler mätäçlige uçraýarlar. Olar näme etjeklerini bilmeýärler. Ahyrsonynda bir gojanyň ýanyna baryp, öz düşen ýagdaýlaryny bolşy ýaly gürrüň berýärler. Şonda ol garry oglanlara şeýle diýýär:
Ataňyz tüýs akyly,
Beren bolsa-da size,
Emma, nätjek, üçiňiz,
Düşünmänsiňiz söze.
Her gün täze aýakgap,
Geý diýende ataňyz,
Täzesin satyn almak,
Üçiňiziň, hataňyz.
İlden öň işe barsaň,
Kime diýjek «armaweri».
Elbetde giç bolandyr,
Size diýjek «armawer».
Zähmet çekip gazansaň,
Gury çörek bal bolar.
Zähmet çeken adamyň,
Maly-mülki bol bolar.
Garrynyň ogullary atasynyň aýdan parasatly sözlerine dogry düşünip bilmändiklerine gynanyşyp, ol goja minnetdarlyk bildirip, öýlerine gelýärler, päk zähmet bilen meşgullanyp ugraýarlar, zatlaryny hem tygşytly tutýarlar, işe-de hemmelerden öň gelýärler. Şeýlelikde, olaryň hojalygy gurplanyp ugraýar.
Şahyryň «Garynja we gögerçin» atly ertekisinde dostlugyň waspy edilýän bolsa, «Zalym şa, onuň guly we daýhan» diýen ertekisinde hem ýokardaky ýaly, parasatly söze düşünmekligiň peýdasy aç-açan beýan edilýär.
1962-nji ýylda çap edilen «Myratjyk we atasy», 1980-nji ýylda körpelere gowşan «Köşegim» atly kitaplarda hem esasy mesele çaga terbiýesine syrykdyrylýar. Terbiýe meselesi onuň ulular üçin ýazan eserleriniň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Onuň «Aýna rowaýaty», «Merdiň meýdany» atly poemalarynda terbiýeçilik meselesiniň neneňsi çözülýändigini göryäris.
İl-halky, ene topragy—Watany söýmek oňa hyzmat etmek her bir adamyň mukaddes borjy. Mysal üçin, onuň «Aýna rowaýaty» atly gahrymançylyk poemasynyň bir böleginde, öz ilinden, turkmen topragyndan adalatsyzlyk zerarly aýra düşen Aýna bilen onun söýgülisi Eýran hanlarynyň biri bolan Apbasyňkyda ýesirlikde günlerini geçirmäge mejbur bolýarlar. Turkmenler bilen ganda-pyçak bolan Apbas han bulary ele salandygyna monça bolýar. Aýnanyň görk-görmegem onuň agzyny suwardýar. Ol ýigide agyr ýumyşy bitirmegi buýurýar. Şonda turkmen ýigidi oňa şeýle jogap berýär:
Apbas han, gapylkam aldyrdym daşym,
Gerek bolsa algyn bu ýalňyz başym.
İlime-ýurduma bolandan haýyn,
Şu ýerde butnaman ölmäge taýyn.
Onsuz, goý urmasyn damarda ganym.
Oňa tabşyrylan ýumuş — Ahalyň, teke hanlarynyň goşun güýjini, çarwalarynyň nirede ýerleşendiklerini, daýhanlarynyň ekin meýdanlaryny bilmeklik. Emma ol ýigit her hili sütemlere döz gelýär, sözünden bolsa dänmeýär. Öz söýgüsine, il-gününe wepaly Aýna söýgülisini alyp, Apbasyňkydan gaçýar. Netijede ýigit öz ene topragyna aýagyny basan ýerinde apbas hanyň kowguçylarynyň okundan amanadyny tabşyrýar.
«Merdiň meýdany» atly kitabynda birentek goşgular bilen birlikde, otuzynjy ýyllardaky türkmen obasynyň ýagdaýyny, ýaşlaryň aň-bilim ugrundaky göreşlerini, Beýik watançylyk urşy ýyllarynyň gazaply hakykatyny çeper beýan edýär. «Yürekde galan ýadygärlik» atly dokumental powestinde ýazyjy ýene-de otuzynjy ýyllara dolanyp gelýär. Onda oba baýlarynyň kolhoz gurluşygyna ýetiren zyýanlary, oba kommunistleriniň, komsomollarynyň synpy duşmanlara garşy tutanýerli göreşi teswirlenýär.