Dost-Doganlygyň Taryhy

Hysrowy Sarahsy

888082
Dost-Doganlygyň Taryhy

Sen – kümüş but, men – nepisje zer sapak,

Sen – nurly Aý, men – öçügsi çyrajyk –

Geçmiş mirasymyzdan günümize gelip ýeten edebi we taryhy mirasymyza degişli eserleri goýup gidenleriň biri hem Hysrowy Sarahsydyr. Ol X asyryň birinji ýarymynda dünýä inip, XI asyryň başlarynda, takmynan 1002-12 ýyllarda hem aradan çykan türkmen şahyry Abu Bekir Muhammet ibn Ali al-Hysrowy as-Sarahsydyr. Sarahsy öz döwründäki edebiýat meýdanyndaky iň tanymal edebiýatçylaryň biridir. Sarah babanyň adyna goşulan as-Sarahsy hem onyň Saragtda ösüp ýetişen söz ussadydygyny nygtap görkezýär. Hysrow Sarahsy, häzirki Türkmenistanyň günbatarynda we häzirki Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen Tabarystanda hem Gürgende dowam eden Ziýarylar döwletiniň görnükli häkimi, Biruni, Ibn Sina ýaly beýik alymlar-da howandarlyk eden Şemsalmaaly Kabus binni Waşmgriň köşgünde howandarlyk eden alymlar we şahyrlaryň uly kowçumyna degişli bolan adamlaryň biridir.

Bar bolan çeşmelere görä, Hysrowy Sarahsynyň arapça we parsça ýazan goşgularynyň agramly bölegi pendi-nesihat äheňinde bolupdyr.

Şahyryň döredijiliginden biziň günlermize çenli gelip ýeten goşgularyň sany, onyň öz döwürdeşleri bolan beýleki şahyrlaryňka görä köpdür. Häzirki güne çenli Hysrow Sarahsynyň 208 setirden ybarat bolan goşgusy gelip ýetendir. Biziň günlermize çenli gelip ýeten şol setirleri ele alan halatymyzda hem şahyryň sözüň doly manysynda ussat şahyr bolandygyna göz ýetirmek mümkindir. Hysrow Sarahsy öz goşgularynda diňleýjilerine ýetirmek isleýän pikirlerini gönüden-göni däl-de dürli çeperçilik serişdelerini ulanmak arkaly örän aýlawly ýollardan bermegi başaran ussat şahyr bolupdyr. Onuň goşgulary täze meňzetmelere, janlandyrmalara diýseň baý bolupdyr. Hysrow Sarahsynyň edebi eserleriniň dürli meňzetmelere baý bolandygyny görkezmek üçin, onyň şygyrlaryndan käbir mysallary getirmekligiň özi hem ýeterlikdir. Muňa mysal hökmünde aşakdaky beýdi ele alyp göreliň:

Geň, ýiti neşderli ol iki içýan,

Neçün jübt etdikä özlerne güli?!

Bu ýerde şahyryň „ýiti neşderli ol iki içýän“ diýýäni bir bakanda içiňden-bagryňdan parran geçip, kalbyňda öçmejek yz galdyrmagy başarýan zenan kalby, zenan gözü, olaryň özlerine jübüt edip alan gülleri bolsa olaryň al ýaňaklary. Hysrow Sarahsy, özüniň başga bir goşgusynda bolsa şol näzenin zenanlaryň gyldan inçe billeriniň inçeliginiň tarypyny öz setirlerinde aşakdaky ýaly ýetiripdir:

Eý, inçe bil, ýüpek endamly, perim,

Gorkýan, synar diýip egleňde biliň.

Hysrow Sarahsy ömrüniň ep-esli bölegini köşk şahyry bolup geçiripdir. Şeýle bolandan soň ol özüniň döredijiliginiň bir bölegini özüniň hökümdary we howandary bolan Kabus binni Waşmigriň waspyny ýetirmeklige aýyrmaly bolupdyr. Şygyrlrynda onyň adamkärçiligini, sahawatlylygyny, pähim-paýhasyny, hümmetliligini we şoňa meňzeş häsiýetlerini wasp edýän goşgulary ýazmaly bolupdyr. Ýagdaýyň şeýle bolandygyna garamazdan, köşk şahyry hökmünde ýazan waspnamalarynda hem baý aňladyş serişdelerini ulanmagy başarypdyr. Onyň şeýle goşgularyna mysal hökmünde aşakdaky goşgyny getirmek bolar:

Keýwandan hümmetiň belentligi seň,

Balyk bilen Keýwan aralygna deň.

Seň bir däl, müň janyň bar ýaly, ýogsam,

Heý, munça hümmeti sygdyrmy bir jan?!

Hysrow Sarahsy diňe bir gözelleri, hökümdarynyň sahawatyny taryp etmek bilen galman, eýsem-de öz ýaşap geçen döwründäki durmuşda gabat gelýän gapma-garşylyklary görmegi we şol gapma-garşylyklary öz setirlerine sygdyrmagy hem başaran şahyrlaryň biri bolupdyr. Gapma-garşylyklary, durmuşda bar bolan nogsanlyklary görmegi we öz setirlerinde çeper meňzetmeleriň kömegi bilen teswirlemegi başarandygyny aşakdaky iki setirde görmek bolýar:

Köp görýän pelegiň ýaralanlaryn,

Özünem ýaragsyz paralanlaryn.

Has gyzykly ýeri hem şol „ýaralananlary“, „paralananlary“ şahyryň käte däl-de, „köp görenliginde“. Ýöne:

Näme üçin bu pähimli, akylly dana kişiler,

Özün jebir-jepa salyp, çep bolýarka döwlet bilen?!

Ekse-de ol bägül, zeýtun, bagtygara bolsa eger,

Şol bägül hem zeýtununda, biter bir garamyk, tiken –

diýen setirlerinden aňlanylyşyna görä welin, şahyr ol zatlaryň durmuş we syýasy sebäplerine gowy göz ýetirip bilmedik bolara çemeli. Şol zatlardan dogry baş çykaraýmak aňsat däl, bu zatlar onuň nähili ýagdaýlarda kimleri nazara alýanlygyna-da bagly. Bu ýerde şahyryň öz täleýini baglanyşdyran köşk durmuşynyň onuň erkin pikirlenmek hem islegine görä ýazmak mümkünçiliklerini ep-esli çäklendirendigini-de göz öňünde tutmak gerek.

Tebigat gözelligini, pasyllaryň çalşyşyny, olaryň özara mynasybetlerini öwrümleriň üsti bilen bermeklige welin, şahyr diýseň ezber bolupdyr. Onuň şeýle goşgularyndan bir rubagyny alyp göreliň:

Ýer öldi, jan berjek oňa – bulut – Mäsihiň elidir,

Jahan nähoş oň dermanam säheriň sergin ýelidir.

Bilbil injil okap başlap, bulutlar Mäsih bolaly,

Dagy gurşan zünnar guşak baharyň elwan gülüdir.

Bu setirlerde gyş aýlary gar örtünip ýatan Ýer ak kepene çolanan merhuma, baharda ýagyş ýagdyryp, tebigata jan berýän bulutlar bolsa öz demi bilen ölini direldip bilen Isa (Mesihe) meňzedilýär. Gyşdaky tebigat suslugy nähoşa, ýaz günleriniň säherlerinde öwüsýän sergin şemal bolsa, şol nähoşa şypa berýän däri-dermana, baharda gülzarlykda saýraýan bilbil – injil okaýana, dag-düzleri örtýän al-elwan güller hem owadan gülli guşaga meňzedilýär.

Umuman alanyňda Hysrow Sarahsynyň edebi mirasy yhlasly gözlenilmäge, toplanylmaga, öwrenilmäge hem terjime edilmäge, okyjylara hödürlenmäge doly mynasypdyr.



Degişli Habarlar