Dost-Doganlygyň Taryhy

Beýik soltan Togrul beg

826579
Dost-Doganlygyň Taryhy

Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň medeni merkezlerin­de we beýleki şäherlerinde, köp ilatly obalarynda metjitleri we med­reseleri gurmak işi, Gaznawylaryň ornuna döwlet başyna geçen, Beýik Seljuk imperiýasynyň dowam eden döwründe has hem rowaçlanypdyr. Hususan-da bu hereketiň başynda Seljuk soltanlarynyň hut özleri durupdyrlar.

Seljuk döwletinde metjit we medre­se gurmak işini ilkinji seljuk soltany Beýik Togrul begiň hut özi başlapdyr. Onun şey­le ylmy ojaklary Bagdatda, Nişapurda we Reýde häzirki ady bilen Tähranda gurdurandygy barada ýazuw çeşmelerinde maglumatlara gabat gelmek bolýar.

Beýik soltan Togrul beg Bagdatda diňe bir metjit gurmak bilen galman, eýsem bilim ojagy hasaplap boljak giden bir şäherçe gurupdyr. Beýik soltan Togrul begiň, Bagdadyň çep tarapynda esaslandyran şäherçesi barada al-Hüsaýni, al-Bundari, Ibn al-Esir, Ibn al-Jowzi ýaly şahyslaryň bize galdyryp giden ýazuw maglumatlarynda gabat gelmek bolýar.

S. G. Agajanow bu şäherçe barada şeýle diýip ýazypdyr: "Hususan-da, bu at bilen Bagdadyň bir bölegi göz öňünde tutulýar. Ilkinji seljuk soltanynyň buýrugy boýunça onuň daşyna haýat çekilipdir. Onuň hökümdarlyk eden döwründe bu ýerde birnäçe täze binalar gurlupdyr. Mälik şanyň döwründe "Togrulyň şäherçesinde" jemgyýetçilik we mede­ni maksatly taze jaýlar bina etdirilipdir".

Bu özboluşly medeni ojak, Beýik Soltan Togrul begiň, şol döwrüň talabyna tabyn bolup, Seljuk döwletiniň gündogar böleginde bireýýäm başlanan herekete goşulyp, metjitdir-medreseleri gurmak boýunça eden ilkinji ädimleriniň biridir. Ol soňky döwürlerde Merwde, Köneürgençde we Seljuk imperiýasynyň beýleki şäherlerinde şeýle görnüşli ylmy we medeni ojaklary döretmeklige özüniй oňyn täsirini ýetiripdir.

XII asyryň belli taryhçysy, emir Sadr ad-Din Abu-l-Hasan Aly ibn Nasr al-Hüseýni (ol Anuşteginleriň beýik döwletiniň soltany Tekeşiň gullugynda hem bolup­dyr) Seljuk soltanlaryna we emirlerine bagyşlap ýazan "Zubdat at-tawarih" ("Şe­jereleriň gaýmagy") atly juda ygtybarly eserinde Togrul begiň metjitleri gurmak üçin serişde gaýgurmandygyny bel­läp geçipdir.

XI asyryň 40-njy ýyllarynda Merwde Seljuk döwletiniň diwanhanasynda salgyt ýygnaýjy işgär bolup işlän, öz işlerinde juda anyk we ygtybarly maglumatlary habar berýän, meşhur pars şahyry we syýahatçysy Nasyr-i Hosrow, Tog­rul begiň 1046-njy ýylda Nişapurda med­rese gurdurandygyny belläp geçidir.

1055-nji ýylda Bagdady eýeländen soň, Togrul beg halyfatyň paýtagtyny, şol bir wagtyň özünde, Seljuk döwletiniň dolandyryş we mede­ni merkezine öwürmek boýunça çäreleri görüpdir. Beýik soltan 1057-nji ýylda Bag­dadyň iki mähellesiniň daşyna haýat çekdirip, onuň içinde özüniň köşk-eýwanyny, medresesini, metjidini gurdurypdyr. Soňky döwürlerde halyfatyň paýtagtynyň bu bölegi "Togrulyň şäherçesi" diýip at alypdyr.

Togrul beg Bagdady özüniň gyşky paýtagtyna öwürmek kararyna gelipdir we 1091-nji ýyllaryň gyş aýlary onda giň möçberli gurluşyk işlerine badalga beripdir. Uly Juma metjidiniň, medresäniň, bazarlaryň, kerwensaraylaryň gurluşyklaryna başladypdyr. Şeýle-de, soltan wezirleri Nyzam al-Mülke, Taj al-Mülke, Şerep al-Mülke, Mejd al-Mülke we beýlekilere, Bagdatda özleriniň öýlerini gurmaklygy buýrupdyr.

"Togrulyň şäherçesi" Bagdatda 1095-nji ýyla çenli saklanypdyr. "Togrulyň şäherçesiniň" ýykylmagyna bolsa seljuklylaryň begleri Togrul begiň, Alp-Arslanyň we Mä­lik şanyň hökümdarlyk eden döwürlerinde Abbasy halypalary bilen Seljuklaryň arasynda guda-garyndaşlyk gatnaşyklarynyň bolandygy we şol guda-garyndaşlyk gatnaşyklarynyň bozulmagy netijesinde hem "Togrulyň şäherçesi" ýykylypdyr.

Halypa al-Muktady, 1094-nji ýylda Togrul be­giň Bagdatdaky şäherçesini ýykyp-ýumurmak barada perman çykarypdyr we onuň özi hem şol ýyl dünýäden ötüpdir. Halypanyň permany 1095-nji ýylda berjaý edilipdir.

Togrul begiň “Bagdatdaky şäherçesi” halypa al-Muktadiniň permany boýunça doly ýykylyp-ýumrulmandyr, çünki ara­dan bir asyra golaý wagt geçenden son, iň soňky Seljuk soltany Togrul III özüniň ilçisini halypa an-Nasiriň ýanyna iberip, Seljuk soltanlarynyň köşgüni rejelemek üçin özü­niň Bagdada gelmek niýetiniň bardygyny bildiripdir. İbn al-Esiriň we Rawendiniň berýän maglumatlaryna görä, Togrul III ilçisini halypa kabul etmändir, tersine, ha­lypa an-Nasir hem, öz nobatynda, "Togrulyň şäherçesini" bütinleý ýykyp-ýumurmagy buýrupdyr.

XII asyryň ikinji ýarymynda we XIII asy­ryň başynda, haçan-da demirgazyk Türk­menistanda Anuşteginleriň döwletiniň çäkleri giňäp, kuwwatlanyp, dünýä dere­jesindäki imperiýa öwrülen mahaly, onuň beýik soltanlary Tekeş we Muhammet II, öz nobatlarynda, Togrul begiň “Bagdatdaky şäherçe­sini” dikeltmegi talap edipdirler.

XIII asyryň 20-nji ýyllarynyň başynda Merkezi Aziýany, Eýrany, 1258-nji ýylda Bagdady mongollaryň basyp almagy we iň soňky abbasy halypasy al Muktasimiň öldürilmegi bilen Anuşteginleriň döwleti we Abbasy halyfaty özleriniň hökmürowanlyklaryny ýitirýärler. Şondan soň, Togrul begiň “Bagdatdaky şäherçesini” dikeltmek baradaky mesele taryhyň sahypalarynda siňip gidipdir.

Togrul begiň 1046-njy ýylda Nişapurda gurduran medresesi we onuň “Bagdat­daky şäherçesi”, Seljuk döwletinde ýlmy ojaklary döretmegiň başlangyç döwri bolupdyr. Onuň yzyna eýerip, Çagry beg özüniň medresesini Merwde bina etdiripdir. Seljuk döwletiniň soňky döwürlerindäki soltanlary Alp-Arslan Bagdatda (Togrulyň şäherçesinde), Muhammet ibn Mälik şa Yspyhanda we Togrul ibn Muhammet ibn Mälik şa Hemedanda öz medreselerini gurdurypdyrlar. Soň, bu ajaýyp işi wezirler, alymlar, meşhur ruhanylar we beýleki gurply adamlar dowam etdiripdirler.

Seljukly döwletiniň beýik soltanlary, Togrul begiň bu möhüm işini, Seljuk döwletiniň Gündogarynda-da, Günbatarynda-da berjaý edipdirler.

 



Degişli Habarlar