15-nji iýul 2016; Milletiň Gaýtadan Direliş Dessany…!

15-nji iýul 2016; Milletiň Gaýtadan Direliş Dessany…!

770869
15-nji iýul 2016; Milletiň Gaýtadan Direliş Dessany…!

Uzak ýyllaryň dowamynda misginsokarlyk bilen Türk ýaragly güýçleriniň düzümine siňen FETÖ-niň agzalary, serkerdelik-buýruk düzgünlerini bozup, 2016-njy ýylyň 15-nji iýuly, anna agşamsy sagat 21:00-da hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyny başlatdylar. Şol misginsokar synanşyk, uzak ýyllaryň dowamynda işlenen köp taraply halkara taslama bolup, nyşanasynda ilki bilen Türkiýäniň garaşsyzlygy, Prezident R.T.Erdogan, Mejlis we Hökümet bardy. Agdarlyşyk synanşygynyň esasy merkezi hökmünde paýtagt Ankarada ýerleşýän Akynjylar harby howa bazasy saýlanyp alynypdy. Hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygy Ankarada we Stambulda şol bir wagtda başladyldy.

Huntaçylar taýarlan agdarlyşyk meýilnamasynyň çäginde Stambulda; Bosfor we Fatih Sultan Mehmet köprülerini, Stambulyň welaýat içeri işler müdirligini, Atatürk adyndaky howa menzilini, TRT-niň binalaryny nyşana aldylar. Ankarada bolsa Milli howpsyzlyk guramasy, Ankaranyň welaýat içeri işler müdirligini, İçeri işler baş müdirligini, Gölbaşy Polis ýörite operasiýalar edarasyny, Awiasiýa departamentini, Ýörite güýçler serkerdeligini, TRT-niň Baş müdirligini, Mejlisi, Prezidentiň Kompleksini we Baş ştaby operasiýalar arkaly almaga synanşdylar. Şol pespäl synanşykda Türk ýaragly güýçleriniň inwentaryndaky uçarlar, tanklar we sowutly ulaglar peýdalanyldy. Uçarlar we dik uçarlar şäherleriň üssünden pessaý uçup, bellenen ýerleri bombalady, tanklar köçelerde we şaýollarda öňünden çykany mynjyradyp, nyşana tarap okdurylýardy, sowutly ulaglarda bolsa esasy nokatlara harby egin-eşikli “Fetöçi garakçylar” gatnadylýardy.

Stambulda we Ankarada TRT-niň binalaryny alynyp, özüni “Ýurtda parahatçylyk geňeşi” atlandyran huntajy toparyň agzalary tarapyndan ýazylan bildiriş, zor bilen okadyldy. Bildiriş şol bir wagtda Baş ştabyň saýtyna-da goýuldy we bütin dünýä media organlarynyn bildirişi gyssagly ýaýratmagy üçin çagyryş edildi. Soň Gölbaşy polis ýörite operastiw gullugy, Mejlis, Prezidentiň Kompleksi, TÜRKSAT, Ankaranyň içeri müdirligi bombalandy.

Şol basyp alyjy garakçylar hamala diýersiňiz ähli zady pikir edipdi. emma ýatdan çykaran zatlary; allanyň takdyry we beýik türk milletiniň güýji hem-de batyrgaýlygydy. Gurhan, azan, baýrak bilen ýugrulan taryh, düşünje we iman türk milletiniň iň esasy özboluşlygydy. Adatdan daşary ýagdaýyň bardygyny duýan milletiň gaýryman oğullary sosial media arkaly habarlaşyp, täret almaga, tebir aýtmaga başlapdy. Soň premýer ministr Ýyldyrym “bu goşunymyzyň düzümindäki kiçi dönük toparyň pitnesidir, degişli jezany alarlar” diýlen baýannamany berdi. Soň bolsa yz ýanyndan Hebeşli Bilalyň okan azany owazy bilen minalardan beýgelen Salalar… We milletiň göreji, hyýanatçylykly agdarlyşygyň esasy maksady Hormatly Erdgan teleýaýlymlardan birinden millede çagyryş etdi; “Şäherleriň meýdanlaryna, howa menzillerine ylgaň, milletden ýokarda güýç ýokdur…” İne şol şum gijäniň, şol garaňky pitnäniň, pespäl synanşygyň bozulan pursady. Prezident Erdogan halka köçä çykyn we göreşiň, diýlen çagyryş bilen öýlerinden köçelere, ol ýerden meýdanlara, ol ýerden hyýanatçy toparyň basyp alan ýerlerine ynsan sili akdy. Alynan täret bilen, ynanan ýürek bilen, dillerde tekbirler bilen uçara, tanka, dik uçara, sowutly ulaglara, güllelere we bombalara döşüni gerdi milletiň gahryman oğullary… Agdarlyşygyna synanşan pespäller eli ýaragsyz köçä çykan halka od açdy, bombalady. Stambulda, Ankarada, Türkiýäniň ähli şäherlerinde agdarlyşyga garşy protestlerde hem-de göreşde esger, polis we asuda ilatdan jemi 248 adam şehit boldy. 1537 adam harby ýaraglar bilen ýaralandy.

Türkiýe 16-nji iýul şenbe gününe oýananda huntaçylaryň boýun egme şekilleri, gahryman milletiň ogullarynyň ele geçiren tanklary bilen aldyran suratlary, Akynjylar harby howa bazasynda saklanan serkerdeleriň boşadylandygy barada habarlar gelmäge başlady. Agşam düşänkä Türkiýe ähli edaralaryny, köçelerini we şa ýollaryny, garnizonlaryny, kazarmalaryny şol watansyz ganhorlardan saplapdy.

15-nji iýul milletiň gaýtadan dogluş dessanydyr. Türk milletinin bütin dünýä Çanakgala geçilmez diýdirişi ýaly, Türkiýe bölünmez, millet ýenilmez diýdiren günüdir 15-nji iýul. Şol gün ähli çağalarymyz ýaş boldy, ýaşlarymyz kâmil.

Şol baýdagymyz asmanymyzdy.

Salalarymyz senamyzdy.

Parolymyz tekbirler.

Anadoly şehitler we gahryman bilen ýene-de bir gezek watana öwrüldi. Şol gün bir lideriň daşynda ýagşylyk we adalat üçin jebisleşmegiň bereketini hem-de ýenişini gördük. Şol gün duşman ýenildi, halk beýgeldi. Şol gün garaşsyzlyk senasynyň bir adam tarapyndan däl, millet tarapyndan ýazylandygyna şaýatlyk etdik. Şol göreşip, biri-birimize jebisleşip watany, baýdagy we azany ebedebi kyljakdygymyzy öwrendik. Şol gün bütin dünýä ýene-de bir gezek beýik millet, beýik döwlet nähili bolunýandygyny görkezdik.

Şol gün biz bütin dünýä dessan ýazdyk!



Degişli Habarlar