Dost-Doganlygyň Taryhy

Täçmahal ve şahyrana taryhy (Jahan Şa)

762275
Dost-Doganlygyň Taryhy

Yşgy tanamak üçin Täçmahala barmaly,

Söýýärin diýmek üçin Täçmahaly görmeli.

 

Yşgyň tarypy, Täçmahal diýsek,

Söýginiň waspy, Täçmahal diýmek.

 

Bir hindi şahyrynyň aýdyşy ýaly: “Adamlar iki topardyr. Täçmahaly görenler we görmedikler”. Elbetde Täçmahal ýöne ýere dünýädäki ýedi täsinligiň biri hasaplanmayar. Beýle zatlaryň gadyr-gymmatyny bilýänler aýtmyşlaýyn “Görenem armanly, görmedigem armanly“ diýilýän ýedi täsinligiň biri bolan Täçmahala, “Görmäge göz gerek, taryp etmäne söz” diýýänler hem köp.

Hökümdarlygyň barlykly mahaly, Jahan Şa höküm sürýärkä aýaly Mümtaz Mahal, 14–nji çaga üstünden aýrylýar. Jahan Şa aýalynyň ölümünden soň, 8 gün iýmän-içmän otagyndan çykman otyrýar. 9-njy gün diýlende otagyndan çykyp daşary çykan mahaly, özüniň saçynyň agaryp, ruhynyň çökendigini görýär. Döwlet işini oňly ýerine ýetirip bilmän başlaýar. Söýgüli aýalynyň ölmeden öň islegini ýerine ýetirmek üçin görülip-eşidilmedik üýtgeşik bir ymaratyň gurulmagy üçin ussalary çagyrýar. Ussalar saýlanyp seçilip Orta Aziýadan getirilýär. Jahan Şa Gyzyl galanyň ýanyndan Ýamuna derýasy geçsede galdyryljak ymaratyň özüne görünip durmasyny aýdýar.

Derýanyň ýany bolany üçin binanyň deňagramlylgyny üpjün etmek maksady bilen, piller bilen daşlar getirilip, ýerden belli bir derejä çenli goýup, daşdan dag ýasaýarlar. Ak mermerleriň ýany bilen gyzyl we gara mermerlerem getirilip, şekildir suratlar çekilip gurulan Täçmahalyň geomertik çygyzy, sany, şekline häzirki zaman binagärçilik sungatynyň ussatlary hem haýran galýarlar. Şekilleri emele getirmek üçin hiç hili galam, reňk ulanylman diňe mermeri oýup gara, gyzyl mermerden şekil ýasalan. Giren mahalyň Täçmahal hamana daşlaşýan ýaly bolyp görünýär, yza tarap ýöräniňde ýakynlaşýar. Täçmahalyň dört minarasy birazajyk daşyna egik dur. Minaralaryň daşyna egik edilip salynmagynyň sebäbi bolsa güýçli ýer titräp minaralar ýykylan mahaly daşyna ýykylmasy üçin şeýle edilip salynýar. Täçmahalyň dört minarasyna daşda duryp göni seredeniňde, yzky minaralar görnenok. Her bir goýulan şekil, gapy Täçmahalyň dört tarapynda hem edil şol ýerinde şol görnüşde gurulan. Dört tarapyna bolsa Gurhandan, Yasyn aýaty aýratyn we üýtgeşik edilip ýazylypdyr. Uzynlygy 82 metr. Howa gyzgyn bolsa-da Täçmahalyň içi salkyn. Sag tarapynda metjit, çep tarypynda myhmanhana bar. Käbir maglumatlara görä 20 ýyl diýilse hem Täçmahal 22 ýylda 1652-nji ýylda gurulyp gutarylýar. Girişdäki binaň üstünde 22 sany gümmez goýulyp, 22 ýyldygyny aňlatmakda.

Daşyň ýüzüne ýazylan poema diýlip atlandyrylýan Täçmahal, Ýamun derýasynyň kenarynda nähilidir bir hyýaly ymaraty ýatladyp, alyslardan görünýän Hindistanyň iň meşhur medeni ýadygärligidir.

Täçmahalyň baý taryhy öz gözbaşyny biziň eýýämimiziň 1630–njy ýylyndan alyp gaýdýar we ol beýik mongollaryň döwrüniň nusgawy binasydyr. Ol irde–giçde adam eli bilen galdyrylan ymaratlaryň içinde iň owadany hasaplanýar. Bu köşk mongollaryň hökümdary Jahan Şa tarapyndan onyň aýaly Mümtaz Mahalyň hormatyna gurulýar. Rowaýata laýyklykda, Mümtaz hanym çaga üstünden aradan çykýar hem–de ölüminiň öň ýanynda hökümdardan öz guburynyň üstünde dünýäde iň owadan gümmez galdyrmagyny haýyş edýär. Täçmahal öz söýgüli aýalynyň hatyrasyna ölmez–ýitmez gümmez galdyran adamyň baky söýgüsiniň nyşanydyr.  

Söýgi gümmeziniň gurluşygynda jemi 20 000 adam işläpdir diýip hasaplanýar. Tutuş Ýakyn Gündogardan bu gümmezi galdyrmak üçin ussat örüjiler, daş ýonujylar, nakgaşlar ýygnalyp bu ýere getirilipdir. Bu deňi–taýy bolmadyk uly wezipäni ýerine ýetirmäge 22 ýyl sarp edilipdir. Täçmahalyň ak mermerden gupbasy bütin dünýä üçin binagärlik nusgasyna öwrüldi. Ýöne mermeriň ýüzündäki ownuk–ownuk nagyşlary başga hiç bir ýerde taýýarlamak mümkin däldir. Olardaky gaýtalanmajak nepisligi, kämilligi diňe Täçmahalda görmek bolýar. Köşgüň girelgesiniň işikleri gymmatbaha daşlardan oýulyp ýasalandyr we onuň gyralary nagyşlanyp jäheklenipdir, ýüzüne bolsa nakgaş hatdatlar tarapyndan Gurhandan aýatlar haşamlanyp ýazylypdyr. Dürli–dürli deňölçegli geometriki şekiller çyzylypdyr. Ussatlaryň elinden çykan bu gözelligi bolsa görmäge göz gerek. Gözelligiň nusgasy bolan bu ymaraty synlamak bilen ony döreden ussat daş ýonyjylaryň, şeýle hem sünnälenip ýasalan şol daşlary ýerli–ýerinde goýyp örmegi başaran daş örüjileriň ussatlygyna geň galmaz ýaly däl.

Şeýle nepis we görenleri haýran galdyrýan Täçmahaly saldyran Jahan Şa bu ymaratyň gözelligini synlamakdan doýup bilmändir. Şeýle owadan ymaraty döreden ussatlaryň saýasynda, Jahan Şa göreni haýran galdyrýan köşgüň hökümdaryndan şol köşgüň bendiwanyna öwrülipdir.

Beýik şany bendiwana öwüren köşk, yşgyň öçmejek ody, söýginiň mizemez söýegi, unudulmajak aýdymy, Jahan Şanyň, Mümtaz Mahala bolan beýik söýgüsiniň ýadygärligi Täçmahal, Uttar Pradeş welaýatynyň Agra şäherinde, Deliden, takmynan, 200 kilometr daşlykda ýerleşýär. Täçmahal gür bagy–bossanlyga bürenip oturan Ýamun derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Her ýylda jahankeşdeleriň üç milliony bu ýere gezmäge we Täçmahaly görmäge gelýärler. Ýylyň dört paslynda hem Täçmahal özboluşly gözelligi bilen jahankeşdeleri haýran edýçr.

Ertir ýa–da agşam şapagynda Täçmahalyň mermer diwarlary müň dürli öwüşgün bilen daş–töweregine ýalkym saçýar. On dördi gijäniň aýynyň dogan wagty kümüşsöw aýyň ýagtysy, hakykatdan hem Täçmahaly dünýädäki jadyly ýerleriň birine öwürýär.

 



Degişli Habarlar