Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

738605
Türk Dünýäsinden Habarlar

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän IV Yslam Raýdaşlyk oýunlarynyň açylyş dabarasy Baku Olimpiýa stadionynda geçirildi.

Jemi 50-den gowrak ýurtdan 3 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagy bilen geçirilýän Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda spordyň 21 aýry görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilýär.

Oýunlara 325 azerbaýjanly türgen gatnaşýar. Türkiýe bolsa 345 türgeni bilen oýunlara gatnaşýan iň uly wekiliýete eýe boldy. Eýran bolsa 300 türgeni bilen gatnaşýar.

V Yslam Raýdaşlyk oýunlary 2021-nji ýylda Türkiýede geçiriler.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän IV Yslam Raýdaşlyk oýunlara gatnaşyp, altyn medal alan türgenleri gutlady.

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Prezident Erdogan Meltem Hojaogly, Dilara Bozan, Metin Aýdyn, Kaan Türker Aýar, Aleýna Özkan, Ýekaterina Awramowa, Kaýra Sait bilen Suwda ýüzmek ýygyndysyndan Sezin Eligül, Selen Özbilen, Esra Kübra Kaçmaz we Gizem Bozkurt ýaly türgenlere gutlag hatyny iberdi.

 

Hazar deňizine kenardaş ýurtlaryň wekilleri Aşgabatda ýygnandy.

Hazar deňizine kenardaş ýurtlaryň transport ugrundaky hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirmek we Hazar deňizindäki halkara tranzit aragatnaşygy gün tertibi bilen  Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginde geçirilen maslahata Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan, Gazagystan we Eýranyň Daşary işler ministrlikleriniň we Aragatnaşyk ministlikleriniň resmileri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak bolup durýar. Bu resminama 2014-nji ýylda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.  Ady agzalan ylalaşyk taslamasynda Hazar deňziniň tebigy baýlyklarynyň ulanylmagy bilen birlikde  goňşy ýurtlaryň arasynda energetika, senagat we Hazar sebiti tranzit aragatnaşyk temalaryny öz düzüminde jemleýän ençeme normalar bar.

Maslahatyň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge, Ýewraziýanyň ulag kommunikasiýalar ulgamynda sebitiň ornunyň ýokarlanmagyna Hazarýaka ýurtlaryň aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Hazar deňziniň “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” yklym ugurlarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilen ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri strategik taýdan möhüm ulgamda goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegini, ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil, demir ýol we howa, şeýle hem netijeli logistika arkaly gatnatmak babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny şertlendirýär. 

Halkara ähmiýetli döwrebap düzümi hem-de täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge, milli ulag operatorlarynyň gatnaşmagynda durnukly logistik halkalary döretmäge, ulag hyzmatlaryny artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder. Sebite maýa goýumlaryny çekmek, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, onuň täze ugurlaryny, şol sanda Hazar deňzi boýunça ýolagçy syýahatçylygyny guramak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Umuman, bularyň hemmesi Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine, olaryň halklarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat eder.

 

Nobatdaky habarymyz Türkiýeden. Türk dünýäniň teatr ussatlary Mersinde duşuşdy.

Mersiniň şäher häkimligi tarapyndan şu ýyl 3-njisi geçirilýän Türk dünýäsiniň teatr günleriniň ilkinji oýuny sahnalaşdyryldy. Teatr günlerinde ilki gyrgyz Milli Akademiýasynyň drama teatrynyň “Gorkut Ata” atly oýuny sahnalaşdyryldy.

Sergi zalynda geçirlen açylyş dabarasyna Şäher häkimi Burhanettin Kojamaz, Welaýat häkiminiň orunbasary Süleýman Deňiz, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi İbragim Junusow, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow, Gyrgyz Respublikasynyň TÜRKSOÝ-daky wekili Kojogeldi Kuliýew bilen birlikde dürli ýurtlardan gelen sungat ussatlary gatnaşdy.
Oýundan soň sahna çykyp söz sözlän Mersin şäheriniň häkimi Kojamaz Türk taryhynda örän wajyp orun eýeleýän Gorkut Ata bilen baglanşykly bular ýaly oýunyň Mersin şäherinde sahnalaşdyrylmagyna örän hoşaldyklaryny belledi.

Türk medeniýeti geljek nesillere ýetirmek we Türk dünýäsiniň teatrlaryny Mersiniň halky bilen duşurmak maksady bilen geçirilen çäräniň tanyşdyrylyş maslahaty hem şol sahnada geçirildi.

Häkim Kojamazyň çykyşyndan soň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow çykyş edip Kojamazyň berýän kömeklerine minnetdarlyk bildirdi. Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki ilçisi Ibragim Junusow bolsa bular ýaly çärä gatnaşmakdan örän hoşaldygyny belledi. Gyrgyzystan Milli akademik drama teatrynyň toparynyň lideri Kaýrat Imanaliýew hem çykyş etdi we Gyrgyzystandan getirilen milli sowgatlary Mersin şäheriniň häkimi Burhanettin Kojamaza gowşurdy. Bir hepdäniň dowamynda Gyrgyzystandan, Siriýadan, Gagawuziýadan, Kiprden, Yrakdan we Eýrandan gelen teatr ussatlary şäherde taýralap gelen oýunlaryny sahnalaşdyrarlar.

 

Gepleşigimizi Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bilen dowam etdirýäris.

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewiň Hytaý saparynda iki ýurdyň arasynda 23 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat ofisinden berilen beýanata görä Prezident Mirziýoýewiň 11-15-nji maý aralygynda Hytaýa guran resmi saparynyň çäginde Özbegistan-Hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitediniň wekili Ming Jienju, Hytaý Milli halk kongresiniň hemişelik komitediniň başlygy Jang Dijiang, Premýer ministr Li Kyçiang we Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi.

Beýanata görä Mirziýoýew hytaýly işewür adamlar bilen duşuşdy we iki taraplaýyn gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi barada ylalaşyk gazandy.

Beýanatda Mirziýoýewiň saparynyň çäginde iki ýurdyň arasynda energetika, infranstruktura, logistika, aragatnaşyk, gurluşyk, dermanhana, bank we oba-hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşylk etmegi öz içine alýan jemi gymmady 23 milliard dollara ýetýän 100-den gowrak şertnama gol çekildi.Özbegistan bilen Hytaýyň arasynda ýokary derejeli hyzmatdaşlyk komitediniň döredilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

Özbegistanda 700-den gowrak hytaýly kärhanalar bar bolup, geçen ýyl iki ýurdyň arasyndaky daşary söwda kuwwat 4,2 milliard dollara ýetdi.

 

Gepleşigimiz Türkmenistdan gelen habarymyz bilen dowam edýär.

Türkmenistanda her ýylyň 18-nji maýynda Konstititsiýanyň kabul edilen güni we türkmenleriň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni bellenilip geçilýär.

Türkmen çeşmelerine görä 1724-1807-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen Magtymguly Pyragy diňe Türkmenistanda däl, eýsem Orta Aziýada tanalýan, hormatlanýan we hatyralanýan halk şahyry we pelsepeçi.

Türkmenler Magtymguly Pyragyny iň wajyp medeni hazynalaryň biri we türkmen edebiýatynyň düýbiniň tutujusy hökmünde görýär we ýurtda her ýylyň 18-nji maýynda onuň ýagty ýadygärligine Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni ady bilen dabaralar geçirýärler.

Türkmenler tarapyndan Eýranyň Horasan sebitiniň Ak Tokaý obasyndaky aramgähi her ýyl bolşy ýaly bu ýylyň hem 18-nji maýynda zyýarat edildi.

Magtymgulynyň şol bir wagtda ilkinji halypasy bolan kakasy Döwletmämmet Azadynyň şol obada ýerleşýän aramgähi hem türkmenler tarapyndan zyýarat edildi.

 

Gepleşigimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan gelip gowuşan ykdysadyýet habary bilen tamamlamakçy.

Şu ýylyň ilkinji çärýeginde Tatarystan Respublikasynyň ykdysady ösüşi 4,2 göterim boldy. Senagat önümçilik indeksi 4,7 göterim artdy. Ady agzalan ösüşler geçen ýylyň şol döwründe 2,5 we 3,5 göterimdi.

Prezident Rüstem Minnihanow ösüşe kanagatlanma bildirip, maliýe gözegçilginiň goralmagynyň gerekdigini belledi.

Minnihanow 8,8 milliard rubl býujet ýetmezçilginiň ýapylmagy üçin degişli ministrliklere we edaralara görkezme berendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar