Dost-Doganlygyň Taryhy
GARAJAOGLAN TÜRKMEN ILINDE
Garajaoglan diýlende, gulagyňda aýdym–saz yanlanyberýär. Tutuş 17–nji asyryň tümlügini aýdım–saz bilen ýagtyldan şahydyr Garajaoglan. Aýdym sözi Garajaoglan sözi bilen badaşyp gidipdir. Şygyrlarynyň sözi şeýle gudratly, setirleriniň täsiri güýçli şahyryň hem asly Türkmendir.
Garajaoglan ýaly türkmen gelin–gyzlaryna sarpa goýan, olary beýgelden, başga şahyr barmyka berin. Onuň eserlerini okap çykanyňda, şygyrlarynyň her harpynda, her oturynda, her setirinde, hatda her setiriniň aralaryndaky boşluklarda hem gyz–gelinlere goýlan sarpa, olaryň yşgyna, söýgüsine, wepasyna bagyşlanan yşgy wasp edýän owaz duýlyp dur. Şol daglary gümmürdedýän yşk owazy häli–häzir hem ýaňlanyp duran ýaly. Garajagolanyň gyz–gelinlere bolan şol söygüsini ne garyplyk, ne–de pukaralyk basyp bilipdir, ne-de ýat illerde çekilen uzyn-uzyn aýralyk. Diňe ölmedigiň alnyndan çykýan garrylyk bu söýginiň üstüne kükräpdir, emma hökümrowan garrylygam Garajaoglanyň joşgunly ýüregine çäre tapyp bilmändigini aşakdaky setirlerinde hem görmek bolýar.
Öläýsemde, söýgülim, üstüme sen gel,
Gözüň ýaşy bilen ýuw sen Leýla, Leýla!
Soňky demine çenli ýüregi söýgi bilen dolup–daşan Garajaoglan, 1606-njy ýylda Türkmenistanyň Gyzyletrek etrabynda, ýagny türkmeniň ýomut taýpasynyň has köp ýaşaýan ýerlerinde eneden doglupdyr. Garajaoglan bilen baglanşykly dürli–dürli söhbetdir rowaýatyň bardygyny, ýöne doly ýygnalmandygyny, şolaryň birinde bolsa Garajaoglanyň Gyzyletrek etrabynda eneden doglup, soňra bir saý–sebäp bilen türk iline baş alyp gidendigini türkmen çeşmeleri habar berýär.
Garajaoglanyň şygyrlary Türkiýäniň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, SSSRiň dürli medini ojaklarynda saklanýar. Türkiýede dürli ýyllarda onun eserleri uly tiraj bilen neşir edilipdir, Rus diline hem terjime edilipdir. Azerbaýjanlar bu şahyra öňräkden bäri belet. Hatda Garajaoglan hakdaky bir dessanyň ýewreý dilindäki nusgasynyň Kazan universitetinde saklanýandygyny alymlar habar berýärler. Umuman, dünýäde Garajaoglanyň döredijiligi bilen gyzyklanan, gyzyklanýan uly-uly alymlaryň bardygy aýan. Garajaoglanyň öz ilinde hem döredijiligi az öwrenilmeýär.
Şahyryň "Gara Dälmidi?", "Gyrmyzy", "Saçyň", "Mämeleriň", "Ölmez işim" diýen aýdymlrynyň aýdylýanyny, özem ýürekden diňlenýänini ýatlap geçmegiň özüniň hem ýeterlik boljagyny belläp geçmek isleýärin. Halkyň arasynda Garajaoglan bilen baglanşykly dürli–dürli söhbetdir rowatalar bar bolsa hem olaryň doly ýagnalmandygyny görmek bolýar.
Türkmen çeşmeleriniň habar berşi ýaly bu ugurda saldamly goşant goşänlardan Berdi Kerbabaýew hem-de türkmen gadymiýetini ylmy taýdan öwrenmekde ägit uly işler bitiren alym Abdyrahman Mülkamanowy görkezmek bolar. Ýetmişinji ýyllarda Berdi Kerbabaýewiň Türkiyä syýahaty we Garajaoglanyň uly şahyrana döredijiligini ýerli materýallar bilen, beýleki türkmen şahyrlarynyň eserleri, dessanlar bilen deňeşdirip öwrenip, monografiýa ýazypdyr, onuň ömrüne degişli maglumatlary degşirip, täze maglumatlaryň üstünden barypdyr.
Iň esasy zat hem, Garajaoglanyň eserleriniň Türkeyede neşir edilen doly ýygyndysyny türkmen ýazuwyna geçirip, giňişleýin sözlük bilen üpçün edip, neşire taýýarlapdyr. Emma ne monografiýa dolulygyna okyja ýetdi, ne-de Garajaoglanyň eserleriniň ýygyndysy. 1973-nji ýylda neşir edilmeli bolan Garajaoglanyň kitaby neşirden yzyna alynýar we şondan soň onuň kitaby neşir edilmeýär. Garajaoglan hakynda maglumatlaryň ählisi alym Abdyrahman Mülkamanowyň ylmy barlaglaryna esaslanýar.
Garajaoglanyň ömrüni we şahyrana döredijiligini öwrenmekde onuň adyna ýakyn başga şahyryň we şahsyň bardygy belli bir derejede kynçylyk döredýär. Türkmen ilinde Gara Oglan, Gara Şahyr, Garaja Batyr diýen belli adamlar bar. Garagum çölünde Garajaoglanyň galasy ir wagtlarda ýumrulyp gidipdir. Köpetdagda Garajaoglan jülgesi hem bar diýip eşidilýär. Şu maglumatlaryň biziň söýgüli Garajaoglan şahyrymyz bilen nä derejede baglanşygy bardygyny ylım, geljekde anyklar diýip umyt edýäris.
Garajaoglanyň "Gara Dälmidir" diýen meşhur goşgusyna dürli dillerde gabat gelmek bilen bu goşgy türk dilinde 2 bent, Türkmen dilinde 7 bent, başgalar aýdanda bolsa 3–4 bentden ybarat bolýar. Goşgynyň setirlerinde hem belli bir derejede tapawutlarynyň bardygyny görmek bolýar.
Garajaoglanyň “Gyrmyzy” goşgusynyň ykbaly hem ýokardaky aýdymyň ykbalyna çalymdaşdyr. Bagşylar bu aýdymy az-kem üýtgedip aýdýarlar:
Türk dilinde:
Iki bilbil geldi gondy tekene,
Başy ýaşyl, aýaklary gyrmyzy.
Türkmen dilinde:
Iki gözel biziň baga keşt eder,
Başyň ýaşyl aýaklaryň gyrmyzy.
Garajaoglanyň eserlerinde dürli dillerde bar bolan setirlerindäki üýtgeşikliklere seretmezden onuň goşgularyndan alyp size hödürlemekçi bolýan bentlerimizi okap görüň, edil bal ýalan ýaly bolaýarsyňyz:
Gel indi Garajaoglan gel indi,
Gara bagrym dilik dilik dilindi.
Jiger paralandy, iki bölündi,
Bir bölegi gyzyň elinde galdy.
ýa-da:
Aman hey allahym aman,
Ne aman biler, ne zaman.
Üstümüzde çaýyr çemen,
Bitmezden bir dem süreli.
ýa-da:
Garajaoglan uşak bolsam
Ýar bilinde guşak bolsam,
Bir atlasdan düşek bolsam,
Ýar astyna serse meni.
Türkmenistanda bar bolan ylmy çeşmelere salgylanylanmak bilen Garajaoglanyň 1689-njy ýylda 83 ýaşap dünýäden ötendigi aýdylýar. Bar bolan şol ylmy çeşmelerden çen tutmak bilen Garajaoglanyň ölenine 300 ýyldan hem köp wagtyň geçendigini aýtmak bolýar. Şol sene mynasybetli hem Türkmenistanyň Magtymguly jemgyýeti Garajaoglanyň adyny ebedileştirmek maksady bilen Türkmenistanyň prezdentine teklip bilen ýüz tutty. Ýüz tutma oňyn garşylnanyp, Garajaoglanyň ady köçä dakyldy.