Türk Dünýäsinden Habarlar

Biz bu hepde hem Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris

707357
Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkiýeden gelip gowuşdy. Türkiýe ÝB-niň iň uly 5-nji söwda hyzmatdaşy.

Türkiýe Ýewropa Bileleşigi bilen 2016-njy ýylda 66,7 milliard ýewrolyk eksport, 78,01 milliard ýewrolyk import ýerine ýetirip, bileleşigiň 5-nji iň uly söwda hyzmatdaşy boldy.

Ýewropanyň Hasabat ofisi Eurostat 28 agza ýurtdan ybarat ÝB-niň söwda hasabatyny paýlaşdy. Hasabata görä ÝB 2016-njy ýylda jemi 9 trillion 591 müň milliard ýewrolyk söwda kuwwadyna eýe boldy.

Şol sanyň 4 trillion 855 milliard ýewrolyk bölegi eksportdan, 4 trillion 736 milliard ýewrolyk bölegi bolsa importdan ybarat boldy. Jemi söwdanyň 3 trillion 110 milliard ýewrosy ÝB-ne agza ýurtlaryň öz aralarynda ýerine ýetirildi.

Türkiýe bolsa geçen 2016-njy ýylda ÝB bilen 145 milliard ýewro ýakyn söwda ýerine ýetirdi. Türkiýäniň ÝB-ne eksporty 2016-njy ýylda 2015-nji ýyla garanyňda 8,3 göterim artyp, 66,7 milliard ýewro ýetdi, import bolsa 1,25 göterim azalyp 78,01 milliard ýewro boldy.

Şeýlelik bilen Türkiýe 2016-njy ýylda takmynan 145 milliard ýewro bilen ÝB-niň iň uly 5-nji söwda hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirdi.

Sanawyň ilkinji ornunda 610 milliard ýewrolyk söwda bilen ABŞ bolýan bolsa, ABŞ-nyň yzyndan 515 milliard ýewro bilen Hytaý , 3-nji orunda 264 milliard ýewro bilen Şweýsariýa we 4-nji orunda 191 milliard ýewro bilen Russiýa gelýär.

 

Nobatda Özbegistandan gelip gowuşan ykdysadyýet bilen baglanşykly habarymyz bar. Özbegistanda Gyzylgum çölünde altyn öndürjek fabrigiň düýbi tutuldy. Prezident diwany tarapyndan berilen beýanata görä ýurdyň Nowaýy welaýatynda ýerleşýän Gyzylgum çölündäki magdan käninde altyn we beýleki gymmat bahaly daşlary aýyrjak Nowaýy magdan metallurgiýa kombinatynyň çägindäki gidrometallurgiýa fabrginiň düýbini tutmak dabarasyna Şewket Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Mirzizoýew mundan başgada fabrigi magdan bilen üpjün etjek Auminzo-Amantaý altyn magdan käniniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Mirziýoýew täze desgalaryň ýurt üçin uly sosioykdysady taýdan wajypdygyny habar berdi.

Taslamanyň jemi gymmatlygy 396 million dollar bolan fabrik ýylda 5 million tonna magdan işläp taýarlama mümkinçiligine eýe bolar. Taslamanyň dolulygyna gurulyp, ulanylmaga berileninden soň 5 müňden gowrak adama iş orunlary dörär.

Nowaýy magdan metallurgiýa kombinatynyň çäginde 2017-2026-njy ýyllar aralygynda jemi gymmatlygy 3 millaird 63 million dollar boljak 27 taslamanyň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol taslamalaryň çäginde bolsa 31 müň adama iş orunlary dörediler.

Orta Aziýadaky iň uly altyn öndürýän Nowaýy magdan metallurgiýa kombinatynda ýylda 70 tonna altyn öndüriler. Fabrigiň ýerleşýän ýeri bolan Gyzylgum çölünde köp mukdarda altyna magdanyna eýe ýer hökmünde bilinýär.

 

Gepleşigimizi Türkiýeden gelip gowuşan bir habar bilen tamamlamak isleýäris.

Premýer ministrliginiň çägindäki Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş jemgyýetler müdürligi tarapyndan Daşary ýurtdaky ýaş liderler programasynyň 2017-nji ýyldaky reminama iberilişikleri başlady. Programa bilen, ýaşaýan ýurtlarynda ýokary wezipelerde işlejek we beýlekilere nusga boljak şahsyýetleriň ýetişdirilmegi maksat edinilýär.

Ýaş liderler programasy tapawutly ýurtlarda bilim alan we durmuşlarynda üstünlik gazanan ýaşlaryň bu programanyň çäginde bilim almaklary göz öňünde tutulýar. Dünýäniň tapawutly ýerlerinden ýaş 40 adamyň kabul ediljek programanyň reminama berilşigi 30-njy aprelde tamamlanar.

Programa Germaniýa, ABŞ, Awstraliýa, Belgiýa, Beýik Britaniýa, Daniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Kanda, Norwegiýa, Italiýa, Ispaniýa, Potrugaliýa we Täze Zelandiýa ýaly ýurtlarda bakalawr we magistr derejesinde okaýan ýa-da okuwyny tamamlan ýaşlar ýüz tutyp biler.

Programa iýul aýynda 2 hepdäniň dowamynda Ankara we Stambul şäherlerinde 2 aýry ýerde geçiriler. Programanyň çäginde ýaşlar şahsy ösüşlerine goltgy berjek bilim alarlar. Mundan başgada programanyň çäginde ýaşlar taryhy we medeni mirasly ýerlere gezelenç ederler. Türk el sungatlary, türk kinomotografiýa ýaly sosial işler programa giriziler. Ýaşlar talap eden halatlarynda Türkiýede iş tejribesini hem geçip bilerler.

Ýaş liderler programasyna www.ytb.gov.tr/gencliderler saýty arkaly ýüz tutyp bolýar. Dalaşgärler programa baradaky doly maglumaty şol saýtdan öwrenip bilerler.



Degişli Habarlar