Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk Dünýäsinden gelip gowşan habarlar

650986
Türk Dünýäsinden Habarlar

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň ikinji bölümine başlaýarys. Gepleşigimiziň bu sanynda türk dünýäsiniň dürli sebitlerinden gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris.

Ilkinji habarymyz Türkiýeden, emma türki dilli döwletleriň üç sanysy bilen bagly.

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Anadoly” habarlar gullugynyň “Editoryň stoly” atly gepleşigine gatnaşdy we möhüm beýanatlar berdi.

Ministr Çawuşogly Türkiýe-Azerbaýjan-Gazagystan üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmegi üçin taýarlyklaryň başlandygyny aýtdy.

Balkan we Kawkaz sebitinde üç taraplaýyn mehanizmleriň dowam etjekdigini aýdan Çawuşogly, geljekki aýlarda Azerbaýjan-Türkmenistan-Türkiýe üç taraplaýyn maslahatynyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Çawuşogly Türkiýe-Azerbaýjan-Gazagystan mehanizminiň hem gysga möhletde iş ýüzüne geçjekdigini nygtap: “Şeýlelikde sebitleýin parahatçylygy we durnuklylygy goramak üçin tagallamyz dowam eder. Bize depginli daşary syýasat garaşýar. Biz egindeşlerimiz bilen muňa taýar” diýdi.

Çawuşogly 2017-nji ýyldan nämelere garaşýandygy baradaky soraga jogap hökmünde, geçen ýylyň ähli kynçylyklaryna garamazdan ykdysady çökgünlige ýol berilmändigini, Türkiýäniň ösmäge dowam edendigini aýtdy. FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny ýatladan Çawuşogly: “Türk milleti ýaňadandan aýaga galyp, jebisleşip, Prezidentimiz Erdoganyn başda durmagynda ählimiz milletimiziň we ýurdumyzyň geljegini ähli zatdan ýokarda görýäris. Meseleleriň hötdesinden bilelikde geleris. 2017-nji ýylyň has eşretli ýyl bolmagyny umyt edýärin” diýdi.

***Nobatda Gyrgyz Respublikasyndan bir habarymyz bar. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew 5-nji ýanwarda 2017-nji ýyly “Ahlak, bilim we medeniýet ýyly” hökmünde yglan edýän permana gol çekdi.

Permanda şeýle diýilýär: “Global ýönelişleriň we döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi Gyrgyz Respublikasy üçin uly pursatlary ýüze çykarmak bilen birlikde, täze kynçylyklary hem emele getirýär. Bu şertlerde ýurduň strategik ösüş maksatlaryna ýetmegi ilkinji nobatda döwletiň we halkymyzyň ahlaga, bilime we ruhy baýlyga gönüden ýönelme ukybyna baglydyr.

Taryh we medeniýet ýyly hökmünde yglan edilen 2016-njy ýyldaky çäreler jemgyýetimiziň ähli gatlaklaryndan uly goldaw tapdy we halkymyzyň taryhy hem-de medeni mirasyny goramaklygyň ähmiýetini görkezmek bilen birlikde şol ugurlarda uly potensialyň bardygyny, şol gymmatlyklaryň döwrebap gyrgyz jemgyýetiniň özenini emele getirjekdigini görkezdi.

Ýylyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň raýatlarynyň öz ýurdunyň hem-de halkynyň taryhyna bolan gyzyklanmasy artdy. Ýurtda medeni ösüşiň we ruhyýetiň janlanmagy üçin başlangyçlar edildi.

2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynda 1916-njy ýyldaky milli azat edijilik hereketiniň 100-nji ýylynda ýokary milli we halkara derejesinde çäreleri durmuşa geçirdik. Ýüz ýyllap garaşan halkymyzyň azatlygy üçin gurban bolanlaryň hatyrasyna mukaddes borjumyzy berjaý etdik.

Şol çäkde 2017-nji ýylyň: “Ahlak, bilim we medeniýet ýyly” hökmünde yglan edilmegi halkymyzyň we döwletimiziň ähli taraplaýyn ösmegi üçin möhüm başlangyç bolar.”

***Nobatdaky habarymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan gelip gowuşdy.

Tatartuk.jom internet sahypasynda berilen habara görä, 2016-njy ýyl Tatarystan üçin uly üstünlikler bilen tamamlandy. Maliýe çökgünlik şertlerine garamazdan Tatarystan maýa goýumlaryny çekmäge dowam edýär.

Russiýanyň dürli sebitleriniň maýa goýum çekişini kesgitleýän barlagda Tatarystan başy çekdi.

“Medialogiýa” firmasy bilen “Publisiti” atly PR gullugy Russiýada şu günki günde maýadarlar üçin amatly bolan ýerleri kesgitledi.

Sanawyň başynda Moskwa bilen Tatarystan durýar.

Maýa goýum üçin amatly bolan sanawda Tatarystandan soň Krym, Sankt Peterburg we Tümen welaýatlary durýar.

“Russiýa Federasiýasynyň sport paýtagty” derejesi bilen tanalýan Tatarystan Respublikasy Russiýanyň iň sportiw sebitleri reýtinginde birinji ýeri eýeledi.

Reýting kesgitlemesinde sebitlerdäki sport binalarynyň sany, sebitleýin federal we halkara derejede geçirilýän sport bäsleşikleriniň sany ýaly kriteriýalara üns berildi.

Bulardan daşgary milli çempionatlara gatnaşýan türgenler we komandalar hem reýtingde kesgitleýji boldy.

Şol reýting ilkinji gezek Russiýanyň meşhur sport gazeti “Sowetski Sport” gazeti tarapyndan taýarlandy.

***Soňky habarymyz Özbegistandan gelip gowuşdy.

Özbegistanly Sarwinoz Kurbanbaýewa Halkara küşt turnirinde kümüş medal almagyň hötdesinden geldi.

Özbegistanyn Küşt federasiýasynyn beren beýannamasynda 12-nji dekabr bilen 3-nji ýanwar aralygynda Hindistanyň Bombeý şäherinde 2-nji Halkara küşt turniriniň geçirilendigi habar berildi.

Küşt turnirine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 218 ussat ganaşdy. Turnire Özegistanyň adyndan gatnaşan Sarwinoz Kurbanbaýewa dokuz turniriň netijesine görä alty bal toplap, zenanlaryň arasynda ikinji ýeri eýeledi. Bäsleşikde ukrainaly Adam Tuhaýew birinji boldy.

Kurbanbaýewa 13-nji dekabrda Filippiniň Olongapo şäherinde geçirilen küşt turnirinde bürünç medal alypdy.



Degişli Habarlar