Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Belek Gazy

Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Doly ady Behram ogly Nuruddewle Belekdir. Emma ol Belek Gazy ady bilen tanalypdyr. Oguzlaryň Gaýa boýundan, Artykly hanlygynyň neslinden bolan begdir. Beýik söweşiji we serkerdedir. Adalaty bilen meşhur bolan hökümdardy.

Ýaşlyk ýyllary barada köp maglumat bolmadyk Belek Gazy Suruç, Harput we Halapda emir wezipesini ýerine ýetiripdir we haçly goşunyna garşy  söweşlerde şöhrat gazanypdyr. Seljuklu Soltany Mälik Şa ýogalanyndan soň, Tajüddewle Tutuş Suruju Artyk Gazynyň ogly Sökmen bege timar ýeri hökmünde beripdir, Sökmen beg bolsa Surujy ýegeni Belek Gaza beripdir.

1098-nji ýylda Seljukly begi Ýagsyýana degişli bolan Antakýany haçlylardan yzyna basyp almak üçin Beýik Seljukly goşunynyň serkerdesi Kürboganyň ýanynda Belek Gazy hem bardy. Belek 1100-nji ýylda türkmenleri daşyna üýşürip Surujy we töwereklerini basyp alan haçlylara tarap ýöredi. Ýeňişler we ýeňlişler bilen netijelenen birnäçe söweşler geçirdi. Söweşmekden ýadamaýan Belek Gazy agasy Sökmen Gazy bilen bilelikde 1104-nji ýylda haçly goşunyna garşy Harran söweşinde ýeňiş gazandy. Belek Gazy Beýik Seljuklu döwletiniň Mosul häkimi bolan Mewdudyň 1110-njy ýylda Urfa sebitine guran uly ýörişine Artykogly Ilgazi bilen bilelikde gatnaşdy. Mewdüd Harrany Belekiň agasy Ilgaza berdi.

Belek Gazy Harpudyň hökümdary Çubuk ogly Mehmet begiň 1112-nji ýylda ýogalanyndan soň ýanyna üýşüren türkmenler bilen birlikde Harpudy we onuň töweregindäki welaýatlary basyp aldy we Palu şäherini özüne paýtagt şäher edip täze beglik gurdy.

Şol wagtlar Türkiýe Seljukly Soltany I Kylyç Arslanyň ogly Togrul Arslan Malatýa Soltany hökmünde hökümdarlyk edýärdi. Togrul Arslan ýaş bolandygy sebäpli 1113-nji ýylda ejesi Äşe Hatyn, örän akylly we mert häsýetlerini takdyr eden Belek Gaza durmuşa çykdy. Malatýa gelen Belek Gazy Togrul Arslanyň mugallymy boldy. Şeýlelik bilen Belek Gazy öz begliginiň serhetleriniň çägine Malatýany, Elbistany we olaryň töweregini goşdy.

Belek Gazy 1115-nji ýylda Harputy öz häkimiýet astyna aldy. Şol wagtlar Mengüjekli begligi bilen arasy açylan Belek Gazy Mengüjekli Ishan bege jeza bermek maksady bilen Kemah we Erzinjan sebitilerine 1120-nji ýylda  ýöriş gurady. Mengüjük ogly Ishak bolsa Belek Gaza garşy Trabzon hökümdary Konstantin Gabras bilen öňüne çykdy. Emma Mengüjekli Ishagyň we Trabzonly Konstantin Gabrasyň bilelikdäki goşuny Belek Gazynyň goşuny tarapyndan Baýddurdyň golaýynda derbi-dagyn edildi.

Belek Gazy mundan soň Siriýada haçlylara garşy göreşini dowam etdirdi. Belek Gazy agasy Ilgazi bilen 1122-nji ýylda Siriýa saparyna çykdy we haçlylaryň elindäki Zerdana galasyny gabady. Ilgazi bu söweşde syrkawlady we 1122-nji ýylyň 19-njy noýabrynda ýogaldy. Belek Gazy bolsa Gaýa boýundan Artykly begi hökmünde söweşlerini dowam etdirdi. Iki sany haçly graflygyny derbi-dagyn edip Harput galasyndaky tussaghana atdyrdy.

1123-nji ýylyň 18-nji aprelinde Iýerusalimiň Şasy Badwin bilen bolan söweşde üstün çykan Belek Gazy şany hem ýesir aldy. Belek Gazynyň bu ýeňşi yslam äleminde we türkmenleriň arasynda onuň abraýynyň hasam beýgelmegine sebäp boldy.

Bu ýeňişden 1 ýyl soň Belek Gazy käbir galalary abatladanyndan soň Azaza esger ugradyp, Meşhaladaky haçlylary tozdurdy we Müjedded galasyny basyp aldy. Menbiç galasyny gaban wagty üstüne gelen haçlylara garşy söweşmeli boldy. Belek Gazy 1124-nji ýylyň 5-nji maýyndaky 3-nji we uly söweşde hem üstün çykdy. Söweşden soň Menbiç galasynyň gabawyny dowam etdirýän mahaly haçly goşunyň Sur şäherini gabaýandygy barada habar aldy. Aatbeg Tugtekin hem Belek Gazynyň kömek bermegi üçin haýyş edeninden soň ýola çykmak üçin taýarlyk görüp ugrady. Menbiçiň gabawyny agasynyň ogly Timurtaşa bereninden we ýaňy bir ýola çykmak islän wagty Menbiç galasyndan atylan ok bilen agyr ýagdaýda ýaralandy. Belek Gazy şol gün ýagny 1124-nji ýylyň 6-njy maýynda şehit boldy.

Haçlylara garşy ençeme ýeňiş gazanan Şehit Belek Gazy Halapda Ybraýym Pygamberiň guburynyň golaýynda jaýlandy. Belek Gazynyň şehit bolmagy bütin Anadoly türkmenlerini we yslam dünýäsini  örän gynandyrdy. Ýatan ýeri ýagty bolsun.



Degişli Habarlar