Yslamy öwreneliň

Ykbal, bir zady belli düzgüne görä etmeklik diýmekdir

617924
Yslamy öwreneliň

Dini adalga hökmünde bolsa “Allanyň ozaldan ebedîlige çenli boljak zatlaryn nirede, nähili we haçan boljakdygyny, baky ylmy arkaly bilip, şol görnüşde takdyr etmegine” diýilýär. Allanyň ylym we ygtyýar sypatlary bilen bagly adalga bolan ykbal, dünýädäki ähli zatlary we wakalary belli bir düzgüne hem-de ölçege görä guraýan mukaddes kanuny beýan edýär. Ähli zat wagt, ýer we görnüş taýdan öz islegine görä däl, eýsem allanyn üýtgewsiz ygtyýary bilen amala aşýar. Ol “Alla ähli zady ýaratdy we her birine belli nyzam berip, ykbalyny kesgitledi” we “Onuň ýanynda ähli zadyn çägi bardyr” manysyndaky aýatlarda aç-açan beýan edilýär.

Höküm we ýaratmaklyk manylaryny aňladýan kaza bolsa “Beýik allanyň ozal takdyr we ygtyýar eden zatlarynyň wagty gelende baky lyma, ygtyýara we takdyra laýyklykly  amala aşmagydyr. Kaza allanyň ýaratma sypaty bilen bagly adalgadyr. Şuňa laýyklykda ýaradylanlaryň ýaradylyşynda iki tapgyr bardyr. Birinjisi allanyň ýaradylanlar baradaky hökmi we ony kesgitlemegi, ikinjisi bolsa wagtyň geçmegi bilen zadyň şol takdyra laýyklykda ýaradylmagydyr.

İmanyň esaslaryndan biri bolan ykbala we kaza ynanmaklyk diýmek, haýyr-şer, gowy-erbet, ajy-süýji, janly-jansyz ähli zadyň allanyň bilmegi, islemegi, gudraty, takdyry we ýaratmagy arkaly bolandygyna, alladan başga ýaradyjynyň bolmandygyna ynanmak diýmekdir.

Yslam düşünjesine görä dünýäde başdan geçirilen we geçiriljek ähli zat allanyň ylmy, ygtyýary we ýaratmagy arkaly bolýar. Beýik biribar adamlaryn erkin ygtyýarlary bilen saýlap aljak zatlarynyň nirede we nähili saýlanjakdygyny wagt bilen çäklendirilmedik üýtgewsiz ylmy arkaly bilýär. Wagty gelede-de bendäniň islegine laýyklykda ony ýaradar. Allanyň ähli zady bilmeginiň, bendäniň ygryýaryna we islegine gönükdiriji täsiri ýokdur. Adamlar öz ygtyýarlaryna laýyklykda hereket ederler. Beýik alla bilýändigi üçin etmezler. Şeýlelikde jogapkärdirler. Adamlar ykbaly bahana edip, jogapkärçilikden halas bolup bilmezler.

Adam käte ygtyýaryndan daşgary käbir wakalara sezewar bolýar. Gurhanda “Ýer ýüzünde we öz nebisleriňizde biz ony ýaratmazdan ozal bir kitapda ýazylmadyk duçar bolunan hiç hili zat ýokdur. Şübhesiz ol alla görä ýeňildir” diýlip buýrulýar. Başga bir aýatda bolsa “Sen oňa: allanyň biziň üçin ýazanyndan başgasy bize asla ýetmez” diýilýär. Ygtyýary bolmadan ýüze çykan hadysalarda adamyň jogapkärçiligi ýok. emma görülmeli çärelerden jogapkärdir. Sebäpleriň aňyrsyna bukulmak we çäre görmezlik yslamyň ykbal düşünjesine bap gelmeýär. Hezreti pygamber degişli çäreleriň görülmegi barasynda musulmanlara duýduryşlar beripdir.

Yslam alymlary ykbaly içerki ýüzüni diňe allanyň bilip biljek syry hökmünde kabul edipdirler. Çünki wagt we ýer bilen çäkli bolan adamyň aňynyň çäksiz ylahy ylyma, ygtyýara we gudrada düşünip bilme ukyby ýokdyr. Ykbal meselesini doly çözmäge synanşmak, münmik bolmaýany islemeklik diýmekdir. Şol sebäpli Hezreti Pygamber ykbal meselesini seljeren ashabyna duýduryş berip, bu barasynda seljermäniň ýerlikli bolmajakdygyny nygtapdyr.

Yslam ykbala ynanmagy ynanjyň esasy hökmünde kesgitleýär. Emma amaly terk etmekligi, ýaltalyk etmegi gadagan edýär. Yslam däbi “her bir ýagşylygyň alladan, her bir ýamanlygyň nebisden” gelip çykýandygy düşünjesiniň üstüne bina edilendir. Şeýlelikde ykbala iman etmek musulmanlarda jogapkärçilik düşünjesiniň ösmegine goşant goşupdyr.

Ykbala iman etmek dünýäde ähli zadyň kadaly, meýilleşdirilen we maksada laýyk amala aşýandygyny ykrar etmeklikdir. Şol ynanç adamy yzgiderli häsýetde işlemäge gönükdirer, maksada we nyşana gönükdirer.

Ykbala iman etmek adamlaryn ygtyýarly we erkinligini kabul etmegi talap edýär. Şol esas dünýäde pikir we düşünje erkinliginin ösmegine möhüm goşant goşandyr.

Ykbala iman etmek ähli zadyň bir hikmede laýyklykda ýaradylandygyny we aňyrsynda gudratly elin bardygyny ündeýär. Musulman wakalarda hikmet gözlär. Kynçylyklaryň öňünde umytsyzlanmaz, üstünlikde kitiwlenmez. Ýagşylyga sebäpkär bolmagyň allanyň takdyrydygyny pikir eder.

Ähli zadyň alladan gelýändigine iman eden adam ondan gelen ajy we süýji ähli zada razy bolar. Durmuşyň agyr ýükünden halas bolar we ruhunda rahatlyk duýar.


Etiketkalar: #din , #many , #kaza , #takdyr , #dini , #Alla , #mukaddes , #beýik , #sypat , #iman

Degişli Habarlar