Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Iordaniýa

585070
Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Ysraýyl, Siriýa we Yrak bilen goňşy bolan İordaniýa Ýakyn Gündogaryň esasy üç meselesinden agyr zyýan çekýär. İlatynyň ýarysyndan gowragy palestinalylardan ybarat bolan ýurt, Palestina meselesi bilen gönüden baglanşykly. 2003-nji ýylda basylyp alynandan soň Yrakda başlan çaknyşyklar ýüz müňlerçe yraklynyň İordaniýa sygynmagyna sebäp boldy. 2011-nji ýyldan soň Siriýada başdan geçirilenler bolsa 1 milliona golaý siriýaly bosgunyň İordaniýa barmagyna sebäp boldy.

Sebitleýin meseleleriň üssesine İordaniýa içerde-de düýpli kynçylyklary başdan geçirýär. 20-nji sentýabrda geçirilen ýerli saýlawlar 25-nji sentýabrda jurnalist Nahid Hattaryn öldürilmegi we başdan geçirilýän ykdysady kynçylyklar İordaniýaynň agyr synagdan geçýändigini konkret görkezijilerinden käbirleri.

Asly hristiýan bolan Nahid Hatter ynançsydygyny yglan eden çepçi we Asady goldaýan jurnalistdi. Birnäçe wagtdan bäri atylan haýbatlar sebäpli Liwanda ýaşaýardy. 25-nji sentýabrda Fajebookda goýan karrikaturasy sebäpli gozgalan jenaýat işi üçin Ammana bolýarka öldürildi. Jenaýatdan soň İordaniýada birnäçe protest aksiýalary geçirildi. Jenaýat we protestler İordaniýada bar bolan dartgynlygy möwjeden hem-de ýüze çykaran özboluşlyga eýe. Umuman paýtagt Ammanda ornaşan sekulýar elita gatlak Hattaryň janyna kast edilmegini öz ýaşaýyş giňişliklerine guralan hüjüm hökmünde kabul etdiler. Şol gatlaklaryň döreden Maan atly syýasy partiýasy soňky umumy saýlawlara gatnaşypdy. Dünýewi garaýyşly syýasy maksatnamasy bolan Maan, Ammanda birnäçe halk deputatynyň saýlanmagyny gazandy. Maanyň mejlisde wekilçilik edilmegi geljekde sekulýar-dindar dartgynlaşjakdygyny görkezýär.

Ýurdyň Şasy Abdullah 25-nji sentýabrda geçirilen Wekiller mejlisiniň saýlawlaryny ýurduň geljegi taýdan öwrülşik nokady hökmünde häsýetlendirdi. Saýlawlar käbir ýerlerde bökdençlikleriň ýüze çykandygyna garamazdan umuman asuda geçdi. Emma saýlawa bolan gyzyklanma, täze saýlaw kanunyna we geçmişe garalanda has aç-açan bolandygyna garamazdan pes boldy. Saýlawyň eýeleýän ähmiýeti barada raýatlaryň düşünjesi Şanyň garaýyşyna bap gelmedi. Musulman doganlaryň özenini emele getirýän Yslamy iş fronty partiýasynyň boýkodyna garamazdan mundan ozalky umumy saýlawlara bolan gatnaşyk 50 göterimden ýokarydy. 25-nji sentýabrda geçirilen saýlaw bolan gatnaşyk Yslamy iş fronty partiýasynyň gatnaşandygyna garamazdan 37 göterime deň boldy.

Ýurduň esasy şäherleri bolan Ammanda we Zarkada saýlawa bolan gatnaşyk 25 göterime golaý boldy. İordaniýada şäher ilatynyň üçden ikisine golaýyny palestinalylar emele getirýär. Emma İordaniýada syýasy ulgamda sözi ýöreýänler sebitiň ýerli taýpalaryndan emele gelýän ilat. İordan parlamenti konstitutsiýa tarapyndan täzelikçi pozisiýa eýelemäge amatly özboluşlyklara eýe däl. Şeýle-de Parlamentiň ikinji mejlisini emele getirýän Senat dolulygyna Şa tarapyndan bellenen agzalardan emele gelýär we Wekiller mejlisiniň ähli ygtýarlaryna eýe. Wekiller mejlisi esasan taýpalaryň wekilçilik mehanizmi, ýerli hyzmatlaryň üpjünçiligi we maşgala agzalary üçin iş üpjünçiligi maksady bilen peýdalanylýan serişde bolmakdan aňyry geçmeýär. 2015-nji ýylda çykarylan kanun bilen Wekiller mejlisiniň ulgamdaky pozisiýasynyň güýçlendirilmegi we syýasy partiýalaryň taýpalaryň öňünde güýçlendirilmegi nazarda tutulypdy. Emme özgerlişikler şeýle netije bermedi. Şeýlelikde ses berme mukdary taýpalaryň höküm sürýän ýerlerinde ýokary bolan bolsa, şäherlerde diýseň pes boldy.

Saýlawda Yslamy iş fronty partiýasy 25 göterim ses aldy. Emma Wekiller mejlisinde 12 göterimlik wekilçilik hukugyna eýe boldy. Wekiller mejlisiniň täze düzüminde 15 kürsi bilen iň uly syýasy partiýa bologyny Yslamy iş fronty partiýasy eýeme getirer. Ondan daşgary 8 partiýanyň halk deputaty sany 1 bilen 5 aralygynda üýtgeýär. Wekiller mejlisiniň esasy köplügini köşke ýakyn durýan taýpalaryň dalaşgärlerinden we işewür adamlardan düzülen sanawdan saýlananlar emele getirer. Şeýlelikde ne täze özgertme kanunlary ne-de soňky saýlawlar rejimiň legallygynyň berçinlenmegi taýdan netijeli bolmady.

Şa saýlawdan soň guruljak täze hökümetiň ykdysady özgerlişik, ösüş we plýuralizme gönükmegini isledi. Şalyk 2025-nji ýyla çenli bolan döwür Maksatnamasynyň çäginde iki sany ssenariden ybarat bolan giňgerimli ösüş meýilnamasyny taýarlatdy. Şolaryň umytsyzy geljek 10 ýylyň dowamynda iordan ykdysadyýetiniň 4,8 göterim ösmegini göz öňünde tutýan bolsa, beýlekisi 7,5 göterimlik ösüşiň üpjün edilmegini maksat edinýär.

Emma iki maksat hem İordaniýa üçin hakykata laýyk görünmeýär. Ýurduň esasy girdeji çeşmesi strategik ýerleşişi. Ol ýerleşiş sebäpli hem ýokary girdeji alýar. Emma İordaniýa üçin ol ýeterlik däl. Ýurduň esasy eksport harytlary kaliý, fosfat we el güýji. Ýurtdaky el güýjüniň 40 göterimini eksport edýär. Şeýlede ýurtda suw ýetmezçiligi bar we ol çykdajynyň ýokary bolmagy sebäpli ekerançylyk pudagynyň ösmegini kynlaşdyrýar. Ýurtda galan el güýji umuman döwlet eýeçiliginde işleýär. Döwlet eýeçiliginde-de aýlyklar diýseň pes. Ýurtda goýulan gönüden daşary ýurt maýasynyň mukdary 35 göterim azaldy. Syýahatçylyk ýurduň beýleki bir girdeji çeşmesi. Emma Yrakda we Siriýada dowam edýän wakalar sebäpli ýurda gelýänlärin sany we syýahatçylyk girdejisi diýseň azalady. 14,5 göterime barabar bolan umumy işsizlik 15-24 ýaş toparynda 30 göterime barabar. Şeýle-de bir bölegini ABŞ-dan alýan kömegi bilen töleýän ýurduň howpsyzlyk çykdajylary hem ýokarlady.

İordaniýa başdan geçirýän şertlerinden Halkara Pul Gaznasyndan aljak karzy bilen ilki ykdysadyýeti kadalaşdyrmak arkaly halas bolmagy meýilleşdirýär. Emma Ýakyn Gündogar sebitinde başdan geçirilýän her bir waka we her bir ýurduň başdan geçirýän kynçylyklarynyň sebitden garaşsyz çözülip bilinmejekdigi ýatdan çykarylmaly däl. Sebitde başdan geçirilýän meseleleriň çözülmegi üçin bolsa gönüden göni sebitde ýerleşýän ýurtlaryň daşarky güýçlerden garaşsyz çözgüt gözlemeli.



Degişli Habarlar