Ýewraziýa syn 20

Ýaponiýa-Russiýa gatnaşyklary

521331
Ýewraziýa syn 20

Ýaponiýa-Russiýa gatnaşyklary we onuň sebite täsiri.

6-njy maýda Russiýanyň Soçi şäherinde Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladmiri Putin bilen Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe duşuşdy. Duşuşyk 3 sagatdan gowrak wagt dowam etdi. Duşuşykda esasan hem Kuril adalary sebäpli ýüze çykan Russiýa-Ýaponiýa krizisi ara alynyp maslahatlaşyldy.

Soçi şäherinde geçirilen 13-nji Putin-Abe duşuşygynda iki ýurduň arasynda adalar sebäpli ýüze çykan parahatçylyk ylalaşygy ele alyndy. Duşuşykda Kuril adalary bilen baglanşykly täze pozisiýa orta atylandygy mälim edildi. Bundan ozal iki ýurduň Daşary işler ministrleri tarapyndan edilen işlere goldaw berildi. Daşary işler ministrlikleriniň parahatçylyk ylalaşygyny iýun aýynda ýaňadandan ele aljakdyklary, iki ýurduň Goranmak ministrlikleriň meseläniň çözgüdine goşant goşmak üçin iş alyp barjakdygy bellendi. Bundan başgada gepleşikleriň iki ýurduň howpsyzlyk geňeşleriniň üsti bilen dowam ediljekdigi barada ylalaşyldy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow duşuşykda Owganystan meselesiniň hem ele alynandygyny belläp, neşe maddalaryna garşy göreşde iki ýurduň umumy polisiýa ýetişdirmek taslamasyny durmuşa geçirmek isleýändiklerini mälim etdi. Şol bir wagtda Orta Aziýada käbir taslamalary ara alyp maslahatlaşylandygy habar berildi.

Russiýa we Ýaponiýa Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaragyndan saplanmagy bilen baglanşykly ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi barada ylalaşdylar. Şol bir wagtda Demirgazyk Koreýanyň ýadro statusyna eýe bolmagyna reaksiýa bildirildi.

Ýaponiýanyň Russiýa garşy goýýan sanksiýalar gün tertibe getirilmedi. Duşuşygyň barşynda şeýýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwadynyň artdyrylmagy we uly maýa goýum taslamalarynyň ele alynandygy bellendi. Russiýa we Ýaponiýa 8 maddadan ybarat ykdysady hyzmatdaşlyk taslamasyny durmuşa geçirmäge taýarlanýar.

Wladimir Putin Şinzo Abeni 2-3-nji sentýabr aralygynda Russiýanyň Wladiwastok şäherinde geçiriljek foruma gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşykda Putiniň Ýaponiýa sapary hem ara alynyp maslahatlaşyldy.

Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasynda eýýäm 70 ýyldan bäri Kuril adalary krizisi dowam edýär. 1945-nji ýylyň 8-nji awgustynda SSSR Ýaponiýa söweş yglan edip 56 adadan ybarat Kuril adalaryna esger ýerleşdirdi. SSSR 1945-nji ýylyň 23-nji awgustynda Şumşu adasyny basyp alyp, günorta tarap süýşüpdir, ýaponlar bolsa yza çekilmäge mejbur bolupdyr. Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasynda Iturup, Kunaşir, Şikotan we Habomaý adalary bilen baglanşykly dartgynlyklar hem entege çenli dowam edýär.

 Global syýasatdaky üýtgeşmeler käbir ýurtlaryň gatnaşyklaryny gözden geçirmelerini, ozalky meselelere çözgüt tapmaga sebäp bolýar. Soçi şäherindäki Putin-Abe duşuşygy şonuň aýdyň mysalydyr. Soçide iki ýurduň lideri gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerini aýdyň etdiler. Diýmek iki ýurduň pozisiýalary häzirki wagtda biri-birine deň gelýär. Russiýa Ýaponiýadan maýa goýum isleýär. Gepleşikleriň barşynda Ýaponiýanyň Russiýa garşy goýan sanksiýalary gün tertibe getirilmedi.

Beýleki tarapdan Ýaponiýanyň Orta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary barha özgerýär. Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe geçen ýyl Orta Aziýa ýurtlaryna sapara çykyp sebitdäki ýurtlar bilen wajyp ylalaşyklara gol çekdi. Şol ylalaşyklaryň ýola goýulmagy bilen Ýaponiýanyň Orta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary täze derejä ýeter. Russiýa bilen Ýaponiýanyň Owganystanda bilelikde taslama durmuşa geçirmekleri örän bellärlikli wakadyr.

Kuril adalary krizisi, günbataryň Russiýa garşy goýan sanksiýalary Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklara päsgelçilik berenok. Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar şolar ýaly hem bolmalydyr.



Degişli Habarlar