Türkiýäniň nukdaý nazaryndan Ýakyn Gündogar 03

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama 2016-njy ýyldaky çykyşy

445086
Türkiýäniň nukdaý nazaryndan Ýakyn Gündogar 03


Amerikanyň Prezidentleri her ýyl adaty ýagdaýda Kongresiň umumy maslahatynda “Bileleşigiň şertleri” barada çykyş edýärler. Prezident şol çykyşynda ýurtdaky umumy şertler baradaky garaýyşlaryny beýan edýär. Şeýle-de özüniň kanun çykaryş gün tertibi we syýasy taýdan ileri tutýan ugurlary barada Kongrese maglumat berýär. ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama 2016-njy ýyldaky çykyşyny 12-nji ýanwarda etdi. Şol çykyşlarda esasan içeri syýasat barada durlup geçilýär. Emma Obama soňky çykyşynyň ýarysyna golaýyny daşary syýasat boýunça etdi. Şol çykyş durlup geçilen we geçilmedik ugurlar taýdan Ýakyn Gündogar sebiti üçin hem möhüm ähmiýete eýedi.

Obamanyň durup geçen ugurlarynyň arasynda Ýakyn Gündogar sebiti taýdan möhüm bolanlarynyň arasynda adyny agzamazdan Respublikan partiýadan prezidentlige dalaş edýän Donald Trumpyň musulmanlar baradaky alalaýjy sözlerini tankyt etmegi möhümdi. Şol tankydyň ABŞ-da ýaşaýan musulmanlar we musulman dünýäsi taýdan hem aýratyn uly ähmiýet bardyr. Barak Obama adamlary dini ynançlary we milli özboluşlyklary sebäpli tapawutlandyrýan syýasaty ret etdi we bularyň ABŞ-nyň howpsyzlygyna goşant goşmajakdygyny nygtady. Şeýle-de şol çemeleşmäniň ABŞ-ny dünýäniň gözünde kiçeldýändigini, hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryna zeper ýetirýändigini we hat-da Amerikanyň gymmatlyklaryna dönüklik bolandygyny aýtdy. Bu çykyş Obamanyň 2009-njy ýylda Kairde eden çykyşynda nygtap geçen musulman dünýäsi bilen ýakyn gatnaşyk etmek we ýalňyş düşünjeleriň ortadan aýrylmagy baradaky çykyşy bilen hem utgaşmagy taýdan üns çekijidir.

Şol çäkde Barak Obamanyň DAEŞ we Al Kaýda howplary baradaky sözleri hem möhümdi. İki guramanyň hem Amerikan halkynyň howpsyzlygy taýdan gönüden howp emele getirýändigini nygtady. Emma DAEŞ-iň 3-nji Jahan urşuna barýan ýoly açýandygy baradaky pikirlere goşulmady. Obama üçin bu gurama ýurdy taýdan uly howp emele getirýär. Obamanyň çykyşynda esasan möhüm bolan husus bolsa şol guramanyň dünýäniň esasy dinlerinden birine wekilçilik edýändigi baradaky toslama hakynda durup geçmegidir. Şol ýalanyň Amerikan syýasatçylary tarapyndan hakykat ýaly yzgiderli ýagdaýda gaýtalanmagy Obamanyň pikiriçe ABŞ bilen hyzmatdaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirýär.

Obamanyň bu meselede şeýle ünsli bolmagynyň sebäplerinden biri elbetde şol pikiriň yzgiderli beýan edilmegi musulmanlara bolan ýalňyş çemeleşmäni ýüze çykarmagy. Eger şeýle bolan halatynda-da guramalaryň täze agzalary özüne çekmegi ýeňilleşýär. Emma diňe çykyşlarda ünsli bolmak ýeterlik däl. Esasanda harby operasiýalaryň dowamynda asuda ilatyň zyýan çekmegi we günbatar howpsyzlyga esaslanýan syýasatlaryň durmuşa geçirilmeginde musulmanlara edilýän ýalňyş hem-de ýerliksiz çemeleşmeler ýerlikli we gowy pikirleriň täsirini ortadan aýyrýar.

Şeýlelikde gönüden göni Obamanyň çykyşynda aýdan başga bir sözlemi özüniň ýerlikli sözlerini hamala diýersiňiz täsirsiz ýagdaýa getirjek häsýete eýe boldy. Şu günki günde ýüze çykýan howplaryň şeýtan imperiýalaryndan däl, eýsem başarnyksyz döwletlerden gelýändigini nygtan Obama, başarnyksyz döwletleriň başdan geçirýän tapgryny şu sözler bilen beýan etdi: “Ýakyn Gündogar düýbi müň ýyllyk düşnüşmezliklere baryp ýetýän, bir nesil dowam etjek özgerlişikden geçýär.”

Bu sözler gynansagam ýalňyş taryhy düşünjäniň netijesi. Şol sanda aktual meseleleriň özeninde durýan hususlaryň ünsden düşürilmeginden gelip çykýar. “Müň ýyllyk düşnüşmezlik” diýilýäniň sünni-şaýy dartgynlygydygyna düşünmek kyn däl. Emma sebitde şu günki günde özüni messep çaknyşygy hökmünde görkezýän hususlary 1979-njy ýyldan ozal görmeýärdik diýsek ýalňyşmarys. 1979-njy ýyldan ozal ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar syýasatynyň esaslanan üç ýurdundan biri bolan Saud Arabystany bilen Eýran sowuk uruş şertlerinde anti-kommunizm ideýasynda ABŞ bilen utgaşykly hereket edipdi.

1979-njy ýyldaky ynkylapdan soň Eýrana goýulan çäklendiriji syýasatda ABŞ bilen SAud Arabystany bilelikde hereket etdiler. Hatda Saddam Yragynyň Eýran bilen eden uruşyna iki ýurt hem 1980-1988-nji ýyllaryň arasynda şertsiz goldaw beripdi. 1980-nji ýyllarda ABŞ bilen Saud Arabystany Owganystanda Sowet Soýuzyna garşy alynyp barylan göreşe goldaw bermek boýunça hem hyzmatdaşlyk edipdi. Şol hyzmatdaşlyklaryň dowamyndaky käbir ýalňyşlyklaryň netijesi 1990-njy ýyllarda sebitleýin we global derejede orta çykan radikal terror guramalarydyr. Beýleki tarapdan 2003-nji ýylda ABŞ-nyň öňbaşçylygynda Yraga edilen hüjüm hem Obamanyň düýbüniň müň ýyl ozala baryp ýetýändigini öňe süren düşnüşmezlikleri üçin diýseň netijeli şert döretdi.

Obamanyň durup geçmedik hususy hem uly ähmiýete eýe. Bir asyrlyk geçmişi bilen Palestin meselesi gönüden göni Ýewropa sebäpli ýüze çykan meseledir. Gönüden göni günbatar dünýäsiniň ünssiz çemeleşmegi sebäpli şu günki günde gangrene öwrüldi. Obama ýedi ýyl ozal Palestina meselesini hökmany suratda çözülmeli düşnüşmezlik hökmünde beýan edipdi we iki tarapyň arasynda töwellaçylyk edipdi. Emma iki gezek başladylan gepleşikler tapgyry nejesiz tamamlanypdy. Palestina meselesi döwrümizde Ýakyn Gündogardaky meseleleriň esasy böleginiň gözbaşyny emele getirýär. Bu meseläniň çözülmeginde jogapkärçilik alan, emma garaşýan netijesini alyp bilmedik lider sebitdäki düşnüşmezlikleriň sebäpleri barada söz sözleýärkä meseläniň özenini ünsden düşürmeli däl.



Degişli Habarlar