Ýatlamalar we Atatürk 28

Atatürkiň iň gowy görýän zatlaryndan biri mekdeplere baryp, okuwçylar bilen söhbetdeş bolmakdy

123682
Ýatlamalar we Atatürk 28

Atatürkiň iň gowy görýän zatlaryndan biri mekdeplere baryp, okuwçylar bilen söhbetdeş bolmakdy. Munyň netijesinde berilýän bilimi analiz etmäge, Respublikany amanat etjek ýaşlarynyň pikirlerini öwrenmäge pursat tapýardy. Okuwylaryň arasynda mahaly hamala ýaşlyk ýyllaryna gaýdyp barýardy we özüni täzelän ýaly bolýardy.
1933-nji ýylyň iýun aýynda Ankara Oglanlar Liseýine guralan sapar hem olardan biridi. Ankara Oglanlar Liseýi, Numune Hassahanasynyň öň tarapyndaky depäniň üstünde , häzirki Dil we Taryh-Geografiýa fakultetiniň gaýra tarapyndaky Ankara ýokardan seredýän taryhy binady. Mekdebiň dynç alyşa çykmagy üçin sanaglyja gün galypdy. Liseýiň soňky synp okuwçylary bakaloriýa diýilýän gutardyş synaglarynyň tolgunşygyny başdan geçirýärdi.
İýun aýynyň yssy günlerinden birinde Atatürk, ýanyna Milli Bilim Ministri Reşit galibi, Nuri Jonkeri, Ali Kylyjy we gyzlygy Afet İnany hem alyp, günortana golaý Ankara Oglanlar liseýine gitdi. Bu taryhy bina ilkinji gelişi däldi. Geçen ýyllary ýatlady. 1919-njy ýylyň dekabr aýynyň 27-de Siwasdan Ankara gelen ilkinji günlerinde gaz çyrasynyň ýagtysynda halka ýüzlenipdi. Şol sebäpli bu binany diýseň halaýardy. Bilim ministrligi hem gysga wagtlygyna işlerini bu ýerde alyp barypdy.
Hemmeler uly tolgunma bilen Çankaýadan gelen myhmanlary garşy aldy. Atatürk, taryh synagynyň geçirilýän zalyna gitmek isledi. Taryh mugallymy Semih Nafyz Tansudy. Synagda taryh mugallymyndan başga dürli ýerlerden gelen adamlar hem bardy.

Topar, synagyň geçirilýän zalyndaky ýerine geçdi we synag başlady. Bu synag okuwçylar üçin adaty synag bolma aýratynlygynda çykypdy. İndi synagy geçirjek mugallymlary däl-de, ýurdyň taryhyny ýaňadandan ýazýan “öňbaşçydy”. Okuwçylar ellerinde taýarlan tezisleri bilen synag zalyndan ýeke-ýeke içeri girmäge başladylar. Atatürk tezislere seredýärdi soňam okuwçylara sorag berýärdi. Şol gün synaga giren okuwçylardan biriniň ady Aýdyndy. Tezisini berenden soň Atatürk sorady, Aýdyn jogap berdi. Karta seredip düşündiriş berdi. Atatürk alan jogaplaryndan diýseň hoşaldy. Ol taryha uly ähmiýet berýärdi. Respublika döwrüniň ýaşlarynyň hem taryhy gowy özleşdirmeginiň gerekdigine ynanýardy. İndi öňünde bu ynamy durmuşa geçiren liseý okuwçysy durdy. Soraglary gutarandan soň Aýdyn bilen gürleşmäge başlady:
-Sen näme bolmak isleýärsiň?
-Suw inženeri serkerdäm”
-Hemmeler suw inženeri bolyp biler, seni taryhçy edeli, näme diýýäň?”
-“Bu karara maşgla bolyp geldik. Muny üýtgetmek üçin ejem bilen kakamyň razyçylygyny almak gerek serkerdäm.”
-“Berekella Aýdyn. Onda sen olar bilen maslahatlaş, meniň teklibimi ýetir, soň gelip Bilim ministri Reşit Galip bege kararyňy aýt.”
Aýdyn tolgunmak bilen daşary çykandan soň Atatürk Bilim Ministri Reşit Galibe seredip “Berekella bu oglana, eýýam mugallym bolaýdypdyr. Oňa ynanyp orta mekdeplerden birine mugallym edip belläp bileris, bu oglan bilen gyzaklanalyň” diýdi.
Bilim ministri, Aýdyna ýokary başarnyk diplomynyň beriljekdigini aýtdy. Atatürk garşy çykdy: “diplomdan näme boljak, has başga zat etmeli, okamaga ýollamaly. Amerika goýberip oglanyň geljegine goşant goşalyñ” diýdi.

Beren jogaplary bilen Atatürkiň göwnünden turan we Türkiýänin geljegi taýdan umytlandyran Aýdyn, Atatürkiň islegi bilen okamak üçin Amerika iberildi. 1942-nji ýylda Amerikanyň Garward Uniwersitetinde doktorlyk derejesini aldy. Soň Türkiýä gaýdyp geldi.
Bilim taryhy ugrundan dünýäde ilkinji doktorlyk derejesini alan Aýdyn Saýyly, şol gün Atatürkiň soraglaryna bir kemsiz jogap beren Ankara Oglanlar liseýiniň okuwçysy bolan Aýdyndan başgasy däldi. Akademik Aýdyn Saýyly, Respublikanyň ösdürip ýetişdiren alymy hökmünde respublika üçin ýaşady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar