Müsüriň Daşary işler ministri Bedr Abdulati şu gün Türkiyä sapar gurar
Diplomatik çeşmelerden alnan maglumata görä Müsüriň Daşary işler ministri Bedr Abdulati paýtagt Ankara şäherinde Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşyk geçirer

Duşuşykda Müsür-Türkiye gatnaşyklarynyň ähli taraplaýyn ele alynmagyna, 2026-njy ýylda meýilleşdirilýän Ýokary derejeli strategiki hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň we ýakyn döwür üçin meýilnamanyň düzülip taýýarlanmagy bilen bagly ugurlaryň maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Şoňa laýyklykda Gaza we Siriýa, şeýle hem Liwiýa, Afrika we Sahel ýaly sebit meseleleri boýunça geňeşmeler geçiriler.
Ministr Fidan 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda D-8 Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahaty mynasybetli Kair şäherinde saparda bolupdy.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar sebäpli ýygy-ýygydan duşuşyklar geçirýän ministr Fidan we müsürli kärdeşi Abdulati soňky gezek 12-nji ýanwarda Riýatda geçirilen Siriýa maslahatynyň çäginde duşuşyk geçiripdiler.
Degişli Habarlar

Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
Filippinleriň günortasynda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy

Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki howa baza hüjüm gurady
Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki Primorsko-Ahtarsk howa bazasyna hüjüm gurady