Gresiýanyň 4 aýry adasynda seýsmiki işjeňlik sebäpli mekdeplerde bilime arakesme berildi
Gresiýanyň 4 aýry adasynda soňky günlerde başdan geçirilen seýsmiki işjeňlik sebäpli mekdeplerde bilime arakesme berildi

Gresiýanyň ERT döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, Egeý deňzinde seýsmiki işjeňligiň artmagy sebäpli Howa krizisi we raýat goragy ministri Wasilis Kikilýasyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahatda, Santorini, Ýamurgi, Niýoz we Anafiýa adalaryndaky mekdeplerde şu hepdäniň anna gününe çenli bilime arakesme berilmek barada karara gelindi.
Nobatdaky maslahata çenli raýatlara ýapyk ýerlerde üýşmezlikleri, terk edilen binalara golaýlaşmazlyklary, Santorini adasyndaky ýer süýşgüni howpy sebäpli Ammudiou, Armenis, Korfu we Palaio Limena kenarýakalaryna gitmezlikleri we howuzdaky suwlaryň boşadylmaklary barada çagyryş berildi.
Santorini adasyndaky ähli gämiler we uçarlar ýer titremesi sebäpli adany terk etmek isleýän adamlar bilen doly.
Degişli Habarlar

Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
Filippinleriň günortasynda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy

Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki howa baza hüjüm gurady
Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki Primorsko-Ahtarsk howa bazasyna hüjüm gurady