Belarussiýada geçirilen Prezident saýlawynyň resmi netijeleri aýan edildi
Belarussiýada 26-njy ýanwarda geçirilen Prezident saýlawynda Aleksandr Lukaşenko sesleriň 86,82 göterimini alyp ýeňiş gazandy

Belarussiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezident saýlawlarynyň gutarnykly resmi netijelerini yglan etdi.
Beýanata görä, 85,69 göterim gatnaşyk bolan saýlawda 6 million 903 müň 994 saýlawçy ses berdi.
Sesleriň sanynyň netijesinde häzirki prezident Lukaşenko saýlawda 5 million 136 müň 293 ses, 86,82 göterim bilen ýeňiş gazandy.
Belarussiýanyň Komunist partiýasynyň Merkezi komitetiniň Birinji sekretary Sergeý Syrankow 189 müň 740 ses bilen sesleriň 3,21 göterimini, Belarussiýanyň Liberal Demokrat partiýasynyň lideri Oleg Gaýdukewiç 119 müň 272 ses bilen sesleriň 2,02 göterimini, garaşsyz dalaşgär işewür zenan Anna Kanopatskaýa 109 müň 760 ses bilen sesleriň 1,86 göterimini, Respublikan Adalat we zähmet partiýasynyň lideri Aleksandr Hižnýak 102 müň 789 ses bilen sesleriň 1,74 göterimini aldy.
Belarussiýanyň kanunlaryna görä, ýurduň taryhynda 7 saýlawda ýeňiş gazanan Lukaşenko saýlawyň resmi netijeleriniň yglan edilmeginden başlap 2 aýyň içinde kasam etmeli.
Degişli Habarlar

Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
Filippinleriň günortasynda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy

Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki howa baza hüjüm gurady
Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki Primorsko-Ahtarsk howa bazasyna hüjüm gurady