Hytaýly kosmonawtlar kosmosda kislorod öndürmek boýunça uly başlangyç etdiler
Hytaýly kosmonawtlar emeli fotosintez arkaly kislorod we raketa ýangyjynyň komponentlerini öndürdi.
2233090

Tiangong kosmos bekedindäki hytaýly kosmonawtlar emeli fotosintez arkaly kislorod we raketa ýangyjynyň komponentlerini öndürdi.
Şençžou-19-yň ekipažy ýarym geçiriji katalizatorlar bilen kömürturşy gazyny kisloroda we esasy ýangyç komponenti bolan etilene öwürdi.
Kosmosda uzak möhletli ýaşaýyş üçin uly ähmiýete eýe bolan bu synaglar Hytaýyň 2030-njy ýyla çenli meýilleşdirýän ekipažly aý uçuşy maksadynyň esasy tapgyrlarydan biri bolup durýar.